Saparyň maksady – ýaşaýyş jaý ulgamynda energonetijeliligi ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmak boldy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine BMGÖM-GEG taslamasynyň milli hyzmatdaşalarynyň: Jemagat hojalygy ministrliginiň, “Türkmendöwlettaslama” institutynyň, “Türkmengaz” Döwlet konserniniň wekilleri girdiler.
Belarus hünärmenleri türkmen kärdeşlerini BMGÖM-GEG “Belarus Respublikasynda ýaşaýyş jaýlarynda energonetijeliligi ýokarlandyrmak” taslamasynyň normatiw binýady, ýaşaýyş jaýlarynyň energoüpjünçilik ulgamlarynda ikinji we gaýtadan dikeldilýän energiýany peýdalanmak, köne ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýylylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda toplanan tejribeler bilen tanyşdyrdylar. Saparyň çäklerinde Belarus Respublikasynyň taslama guramalary, jaýgurluşyk kombinatlarynyň, jemagat hojalygy gulluklarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý gurluşygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hemme ýerlerde amala aşyrylýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamalaryň adamlaryň aňrybaş ýaşaýyş durmuşlaryny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurdaky işler häzirki zaman binagärligiň, bezegçilik we inženerçilik-tehniki pikirleriň öňdebaryjy gazananlaryny we şonuň bilen birlikde milli binagärligiň däplerini beýan etmek bilen, ähli babatda nusga bolup durmalydyr diýip, belleýär.
“Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý ulgamynda energonetijeliligi ýokarlandyrmak” taslamasy ýurduň hökümeti we BMGÖM bilen bilelikde Global ekologiki gaznasynyň (GEG) maliýe goldawy bilen amala aşyrylýar. Bu taslama Belarusyň BMGÖM-GEG taslamasyna meňzeş bolup, ol Durnukly ösüş maksatlaryna hyzmat edýär.