Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.Ö.NURMÄMMEDOW hakynda
Mämmetniýaz Öwezowiç Nurmämmedowy Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2016-njy ýylyň 15-nji iýuly.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
D.R.SABUROW hakynda
Döwran Reimbaýewiç Saburowy “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy wezipesine belläp, ony “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” howa ulaglary kärhanasynyň baş direktory wezipesinden boşatmaly.

A.T.GURDOW hakynda
Amanmyrat Tagandurdyýewiç Gurdowy Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

B.A.Ýaýlanow hakynda
Baýram Akmyradowiç Ýaýlanowy Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

G.A.Mezilow hakynda
Gurbanmyrat Amangulyýewiç Mezilowy Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory wezipesine bellemeli.

K.B.KÜRTOW hakynda
Kakamyrat Begençmyradowiç Kürtowy Ahal welaýatynyň Kaka şäheriniň häkimi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň işini bes etmek hakynda
Türkmenistanyň nebit we gaz pudagynyň işini hem-de onuň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň işini bes etmeli.
2. Işi bes edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň:
Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Permanyň 3-nji bölüminiň ikinji bendinde görkezilen şertnamalaryň şertlerine laýyklykda nebit we gaz işlerini ýerine ýetirmek boýunça Ygtyýarnamalary bermek, bu Ygtyýarnamalaryň möhletlerini uzaltmak;
şu Permanyň 3-nji bölüminiň ikinji bendinde görkezilen nebitgaz taslamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;
halkara nebitgaz geçirijileriniň taslamalary boýunça degişli işleri alyp barmak wezipelerini “Türkmengaz” döwlet konserniniň;
Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Permanyň 3-nji bölüminiň üçünji bendinde görkezilen şertnamalaryň we ylalaşyklaryň şertlerine laýyklykda, nebit işlerini ýerine ýetirmek boýunça Ygtyýarnamalary bermek, bu Ygtyýarnamalaryň möhletlerini uzaltmak;
Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlary boýunça nebit işlerini geçirmek babatynda gepleşikleri geçirmek, gepleşikleriň netijesi boýunça şertnamalary baglaşmak we ygtyýarnamalary bermek;
şu Permanyň 3-nji bölüminiň üçünji bendinde görkezilen nebitgaz taslamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek wezipelerini “Türkmennebit” döwlet konserniniň üstüne ýüklemeli.
3. “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerini degişlilikde işi bes edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, şol sanda:
“Türkmengaz” döwlet konsernini “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Hytaýyň “Internasional LTD” Milli nebitgaz korporasiýasy bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama, Malaýziýanyň “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd” kompaniýasy bilen “Toplum-1” şertnamalaýyn çägi boýunça baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama boýunça;
“Türkmennebit” döwlet konsernini “Çeleken” şertnamalaýyn çägi boýunça Birleşen Arap Emirlikleriniň “Dragon Oýl (Türkmenistan) LTD” kompaniýasy bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyk, “Nebitdag” şertnamalaýyn çägi boýunça Italiýa Respublikasynyň “Eni Turkmenistan Limited” kompaniýasy bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyk, “Hazar” şertnamalaýyn çägi boýunça Awstriýa Respublikasynyň “Maýtro Interneýşnl Limited” kompaniýasy bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama, “Toplum-III” şertnamalaýyn çägi boýunça Beýik Britaniýanyň “Berid Hill Serdar Limited” kompaniýasy bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama, “Toplum-21” şertnamalaýyn çägi boýunça Kipr Respublikasynyň “ARETI GRUP LIMITED” kompaniýasy bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama, “Toplum-23” şertnamalaýyn çägi boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “RWE Dea AG” kompaniýasy bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama boýunça hukuk oruntutarlary diýip kesgitlemeli.
4. Işi bes edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyndaky daşary ýurt puly hasabyndaky serişdeleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň Türkmenistanyň Merkezi bankyndaky ýörite hasabyna geçirmeli we bu serişdeleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ulanmaly.
5. “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri işi bes edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň emläginiň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, rejeli ulanylmagyny üpjün etmeli.
6. “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyndan” ugur alyp, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:
Býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň; pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň; talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmaly.
2. 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:
Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 1063 manat möçberde;
Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 312 manat möçberde; Pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 254 manat möçberde;
Döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 242 manat möçberde bellemeli.
3. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 650 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.
4. 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini şu Permana 1—7-nji goşundylara laýyklykda tassyklamaly.
5. Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini döretmek hakynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, bilim ulgamlary, ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin bäsleşige ukyply ýokary bilimli kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin:
1. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyna bermeli.
3. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini üýtgedilip guralan Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.