Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Fransua Ollanda Nissa şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmekde we ony ýok etmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.