Ï Türkmenistanyň Prezidenti Galla baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Galla baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi

view-icon 742
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her ýylyň iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýän Galla baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi.

Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri milli Liderimizi bereketli türkmen topragynda öndürilýän ak bugdaýyň sarpasyna bellenilýän ählihalk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza bagt, abadançylyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda tükeniksiz gujur-gaýrat arzuw etdiler.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hemmetaraplaýyn aladasy hem-de oba hojalygynyň ösdürilmegine, ekerançylaryň netijeli işlemegi we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler hem-de döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda döwletimiz dünýäniň iň gowy öndürijilerinden kuwwatly tehnikalary yzygiderli satyn alýar, ekerançylary ýeňillikli nyrhlarda mineral dökünler, tohum, ösümlikleri zyýan berijilerden goraýan himiki serişdeler bilen üpjün edýär, kärendeçiler bilen tabşyrylan hasyl üçin öz wagtynda hasaplaşyklary geçirýär.

Bularyň ählisi oba ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň doly herekete girizilmegine hem-de oba hojalyk toplumynyň ähli senagat düzümleriniň öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna, pudagyň milli ykdysadyýetimiziň strategik ugurlarynyň derejesine çykarylmagyna ýardam berdi. “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny 2012 — 2016-njy ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasynyň” çäklerinde, obasenagat önümçiliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Tutanýerli zähmet bilen ýetişdirilen bugdaýyň her bir dänesini aýawly saklamak üçin ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman elewatorlary we dänäni gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar, bugdaýyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Şunda ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli bugdaý hasylynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin şertler döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylda — Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzyň gallaçylary Galla baýramyny aýratyn ruhubelentlik ýagdaýynda garşylaýarlar. Olar Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna nobatdaky zähmet ýeňşini bagyşladylar hem-de Watanymyzyň harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaý tabşyryldy.

Milli Liderimiz tutuş halkymyzyň gallaçylaryň gazanan bu ajaýyp zähmet ýeňşine çäksiz buýsanýandyklaryny belläp, ata-babalarymyzyň şöhratly ekerançylyk däplerini mynasyp dowam etdirýän merdana daýhanlary tüýs ýürekden gutlady hem-de döwletimiziň geljekde hem oba ilatynyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek üçin ähli şertleri döretjekdigini aýtdy. Daýhanlar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň parahat hem-de abadan durmuşynyň üpjün edilmegine uly goşant goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin ýygnananlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmen topragynyň geljekde hem ak bugdaýyň bereketli we bol hasylyny eçilmegini arzuw etdi.