Mähriban halkym!
Edermen gallaçy babadaýhanlar!
Sizi ýurdumyzda her ýylyň iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde giňden we dabaraly bellenýän Galla baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Gallaçy babadaýhanlarymyzyň tutanýerli we irginsiz zähmeti netijesinde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň bellenýän Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem bereketli türkmen topragynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi hem-de 1 million 600 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý öndürilip, şertnamalaýyn borçnama üstünlikli berjaý edildi. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan bu uly zähmet üstünligi ähli halkymyzy çäksiz guwandyrýar we buýsandyrýar. Men ussat gallaçylarymyzyň geljekde hem ýokary sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynanýaryn.
Biz babadaýhanlarymyza öndünjilikli zähmet çekmek, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamak üçin ähli şertleri döredýäris. Munuň şeýledigine ekin meýdanlaryny işläp bejermekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan kämil, ýokary öndünjilikli oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan mineral dokünler, tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen daýhanlaryň ýeňillikli bahalardan doly üpjün edilmegi hem-de önüm öndürijiler bilen tabşyrylan önümler üçin öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçirilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Döwletimiz tarapyndan döredilýän bu ýeňillikler edermen daýhanlarymyzy ene topraga yhlas siňdirip, bol hasyl öndürmäge we täze zähmet üstünliklerini gazanmaga höweslendirýär.
Eziz watandaşlar!
Merdana babadaýhanlar!
Biz daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny zaýa etmän, bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap elewatorlary we un öndürýän kärhanalary yzygiderli gurýarys. Bu elewatorlar öndürilýän gallanyň möçberlerini artdyrmaga hem-de şonuň bilen birlikde döwletimizde azyk bolçulygyny has-da berkitmäge uly mümkinçilikleri döredýär.
Yurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berýäris. Çünki bu pudagy ösdürmek ata Watanymyzyň ykdysady binýadyny berkitmek bilen ayrylmaz baglanyşyklydyr. Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleri daşary ýurtlara ýerlemäge hem mümkinçilik berýär. Şoňa laýyklykda häzirki wagtda gallaçy babadaýhanlarymyzyň öndürýän ak bugdaýynyň ýurdumyzyň içerki sarp edijilerinden artýan möçberi daşarky bazarlara ýerlenýär.
Hormatly oba hojalyk işgärleri!
Edermen gallaçy babadaýhanlar!
Biziň baş maksadymyz yurdumyzda azyk bolçulygynyň berk binýadyny döretmekden, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Bu ugurda ata-babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk kärini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen baýlaşdyrmakda, dünýäniň ýokary öndürijilikli kämil tehnikalaryna başarnykly erk edip, öndürijilikli zähmet çekmekde, ene topraga gujur-gaýratyny, yhlasyny siňdirip, bereketli hasyl ýetişdirmekde nusgalyk is bitirýän, başarjaň daýhanlar sanardan köp.
Sahawatly türkmen topragynda ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we hasyly ýitgisiz ýygnap almakda ussat kärendeçiler ýokary netijeleri görkezýärler. Olardan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Köpetdag» daýhan birieşiginiň kärendeçisi Guwanç Geldiýew, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Pürnüwar» daýhan birieşiginiň kärendeçisi Habypýar Taňyrberdiýew, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birieşiginiň kärendeçisi Aşyrmuhammet Söýünow, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň «Lebap» daýhan birieşiginiň kärendeçisi Maral Gurbanowa, Mary welaýatynyň Yolöten etrabynyň «Rahat» daýhan birieşiginiň kärendeçisi Jumaguly Yakubow ýaly ussat gallaçylarymyzyň gazanan netijeleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Edermen babadaýhaniarymyzyň köp yhlas siňdirip, ýylboýy çeken zähmetiniň netijesinde öndürilýän bol bugdaý hasyly eşretli durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, bedew bady bilen öňe barýan Berkarar döwletimiziň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň berk binýadydyr, gadymy topragymyzyň hiç mahal egsilmejek rysgal çeşmesidir.
Eziz watandaşlar!
Edermen gallaçylar!
Sizi bereketli türkmen topragyndan öndürilýän ak bugdaýyň şanyna bellenýän Galla baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgaia abadançylygyny, ata-babalarymyzyň şöhratly daýhançylyk däplerini dowam etdirip, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmen topragynda guşgursak ak bugdaýyň berekedi hiç haçan egsilmesin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow