>Hormatly Halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar!
Sizi «Saglyk-2016» atly Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda dabaraly bellenýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän bu Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň saglygy goraýyş babatda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge hem-de giňeltmäge oňyn täsir etjekdigine berk ynanýaryn!
Her bir döwletiň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi jemgyýetiň sagdynlygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan döwletimizde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy saglygy dikeldiş merkezlerini hem-de şypahanalary gurmak boýunça örän uly işler durmuşa geçirilýär. Milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň gurluşy we düzümi innowasion işläp taýýarlamalary, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini, elýeterliligini, hilini ýokarlandyrmak arkaly kämilleşdirilýär. «Saglyk» döwlet maksatnamasyna we kabul edilen beýleki maksatnamalara laýyklykda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini, şypahanalary, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän täze kärhanalary gurmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýewropanyň lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde hem hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň durky täzelenýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidilýär. Häzirki döwürde Aşgabat şäherindäki Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkezleriniň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Köpugurly hassahananyň, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki çagalar hassahanasynyň gurluşygy yokary depginler bilen alnyp barylýar. Ýakynda bolsa biz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde gojaman Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» şypahanasynyň hem-de Köpugurly hassahananyň düýbüni tutduk.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň hem-de Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň açylmagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ägirt uly üstünlikleriň gazanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Halkara borçnamalaryna hem-de halkara hukugynyň ýörelgelerine berk we gyşarnyksyz eýerýän Turkmenistan saglygy goraýşyň milli nusgasyny döretmek bilen, dünýä bileleşigindäki ornuny has-da pugtralandyrýar. Turkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleri bolan Butindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Hat gaznasy bilen ykdysady, medeni ugurlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk alyp barýar.
Saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramaga, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we olaryň garşysyna göreşmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize ornaşdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň, lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça milli Maksatnamalaryň, bilelikdäki taslamalaryň tutuş toplumynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem-de bu ugurda gazanylýan üstünliklerde halkara hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidir.
Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy netijesinde birnäçe keselleriň öňüni almak hem-de olara garşy göreşmek, häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak babatda uly ösüşler gazanyldy. Biziň döwletimize drakunkulýoz keseliniň we poliomiýelit keseliniň ýok edilendigi hakyndaky halkara güwänamalar, şeýle hem gyzamyk we gyzylja keselleriň hasaba alynmaýandygy barada tassyknamalar gowşuryldy.
Adamlaryň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak biziň esasy maksadymyzdyr. Şoňa görä-de, biz geljekde hem parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmadaşlygyny has-da pugtalandyrmagy göz öňünde tutýarys.
Hormatly Halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar!
Sizi «Saglyk-2016» atly Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, ynsan saglygyny goramak boýunça alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow