Ï Türkmenistanyň Prezidenti Karary we Buýruga gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Karary we Buýruga gol çekdi

view-icon 2119
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Ataguly Çarygulyýewiç Tatow “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar üçin sowgatlyk harytlary degişli ministrlikderden we pudak edaralaryndan bellenen möçberlerde kabul edip almak hem-de sowgatlary taýýarlamak tabşyryldy.

Awtomobil ulaglary ministrligi, Demir ýol ulaglary ministrligi we “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylary Aşgabat şäherine getirmegi we yzyna äkitmegi üpjün etmäge borçly edildi.