Ï Türkmenistan—BMG: adam hukuklary babatda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan—BMG: adam hukuklary babatda hyzmatdaşlyk

view-icon 797
Daşary işler ministrliginde geçirilen ýörite duşuşykda “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Hereketleriň 2016-2020-nji ýyllar üçin milli meýilnamasyny” amala aşyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde guralan maslahata BMG-niň Türkmenistanda işleýän iri agentlikleriniň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara toparynyň agzalary, aýry-aýry ministrlikleriň hem-de edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagyryldy.

Duşuşygyň çäklerinde köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Şol hyzmatdaşlygyň esasynda bolsa ösüşe we rowaçlyga, adamlaryň howpsuz we bagtly durmuşy üçin has amatly şertleri döretmäge bolan umumy isleg durýar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Hereketleriň 2016-2020-nji ýyllar üçin milli meýilnamasyny” amala aşyrmagyň barşyna esasy üns berildi. Bu meýilnama adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek boýunça döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işini has-da kämilleşdirmäge, halkara ynsanperwer hukugyny ýurdumyzyň kanunçylygyna hem-de hukuk ulanyş tejribesine ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşyga gatnaşyjylar ähmiýetli çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýan bu möhüm resminamanyň döwlet özygtyýarlylygynyň 25 ýyllyk şanly bellenilýän hem-de ýurdumyzda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyeda kabul edilmeginiň çuňňur manysynyň bardygyny bellediler. Çünki gadymdan gözbaş alýan, nesilden-nesle geçip gelýän demokratik däplerine eýeleýän Türkmenistan bu meýilnama işlenip taýýarlananda adamy döwletiň we jemgyýetiň baş baýlygy diýip yglan eden Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerinden ugur aldy.

Duşuşygyň barşynda umumylykda kabul edilen ölçegleri hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen, milli kanunçylygyň berkidilmeginiň we kämilleşdirilmeginiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan içeri hem-de daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna doly derejede laýyk gelýändigi bellenildi. Şol syýasatyň esasyny milletiň belent ynsanperwer maksatlary we umumadamzat gymmatlyklary düzýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar soňky ýyllarda Türkmenistanyň BMG-niň adam hukuklary baradaky esasy konwensiýalaryny tassyklandygyny hem-de kabul edilen halkara hukugynyň resminamalarynyň we namalarynyň esasy düzgünlerini birkemsiz amala aşyrmak boýunça öz üstüne alan halkara hukuk borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň ýolunda möhüm, yzygiderli ädimleri ädendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Birnäçe düzümleriň, şol sanda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara toparynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga, kuwwatly hukuk döwletini gurmaga tarap saýlap alan ynamly ugrunyň aýdyň subutnamasydyr.

BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri giň demokratik özgertmeleriň hem-de hukuk ulgamynda halkara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň äden ädimlerine ýokary baha berlip, ýurdumyzyň geçirýän özgertmelerine hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardyklaryny aýtdylar.

Şeýle hem geçirilýän giň gerimli bilelikdäki işlere berýän goldawy üçin ýurdumyzyň hökümetine çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi. Bu goldaw Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamanyň esasy wezipelerine hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçen ýylyň sentýabrynda kabul edilen geljek 15 ýyl üçin durnukly ösüşiň Maksatlaryna doly laýyk gelýär. Mälim bolşy ýaly, durnukly ösüşiň meseleleri boýunça duşuşykda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow strategiki hyzmatdaşlar bolan Türkmenistan we BMG-niň öz gatnaşyklaryny häzirki döwrüň ählumumy wezipelerini hem-de milli bähbitleri nazara almak bilen gurýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar umumy bähbitlere hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özygtyýarly Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ugurlaryna doly kybap gelýän gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.