Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Margret Mariýa Ýubberi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Ýoahim Gaukyň hem-de Federal-kansleri Angela Merkeliň salamyny ýetirdi. Doly ygtyýarly wekil GFR-iň Türkmenistan bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Margret Mariýa Ýubberi GFR-iň ýurdumyzdaky doly ygtyýarly wekili wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly döwletiň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Milli Liderimiz Ýewropa Bileleşigi, şol sanda Germaniýa bilen uzakmöhletli we doly möçberli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň milli daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, ýurdumyzyň netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de işjeň ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda ähli ugurlar boýunça türkmen-german hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz we diplomat soňky ýyllarda ýola goýlan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösüşini kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň syýasy erk-isleginiň hem-de ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatynyň üstünlikli ösüşiň girewi bolup durýandygyny nygtadylar.
Ýangyç-energetika, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar, senagat, ulag-aragatnaşyk ulgamlary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda hem-de oba hojalygynda özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy.
Ilçi GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmaga çalyşýandyklaryny aýtdy. Nemes kompaniýalarynyň onlarçasynyň ýurdumyzda özleriniň şahamçalaryny we wekilhanalaryny açandygy, milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlarynda bilelikdäki maksatnamalaryň üstünde üstünlikli işleýändigi german işewürleriniň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanmasynyň barha artýandygyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanda geçirilýän german ykdysadyýetiniň günlerine aýratyn üns berildi. Şeýle forumlaryň türkmen-german ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga gönükdirilen netijeli binýat bolup durýandygy hem-de iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň arasynda täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýändigi nygtaldy.
Türkmen Lideri häzirki wagtda netijeli döwletara gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Germaniýanyň Doly ygtyýarly wekili ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, medeniýet we bilim, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň we çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny nygtadylar.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglylykda häzirki wagtda ýurdumyzda nemes dilini öwrenmäge gyzyklanmanyň barha artýandygyny aýtdy. Söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem-de Türkmenistanyň we GFR-iň işewür düzümleriniň arasynda işjeň gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen baglylykda, daşary ýurt dillerini, şol sanda nemes dilini bilýän hünärmenler zerur bolup durýar.
Duşuşygyň ahyrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Margret Mariýa Ýubber hormatly Prezidentimize mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, german-türkmen hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.