Ï Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine

view-icon 1119
Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri!
Gadyrly lukmanlar!


Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda döwlet derejesinde giňden bellenýän ajaýyp hünär baýramyňyzyň şanyna geçirilýän dabaralaryň jemgyýetçilik durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna berk ynanýaryn.

Adam saglygyna gymmatly baýlyk hökmünde belent sarpa goýmak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan beýik we şöhratly taryhynyň bütin dowamynda kämilleşdirip gelen ajaýyp ýörelgesidir. Halkymyzyň saglygy abadan we bagtyýar durmuşymyzyň ygtybarly esasy bolup durýar. Şoňa görä-de, biz berkarar döwletimizde ynsan saglygy ugrunda alyp barýan işlerimizi, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmagy, saglygy goraýyş we derman senagatyny düýpli kämilleşdirmegi maksat edinýäris. Döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bu ulgamda uzak geljege gönükdirilen tutumly işleri amala aşyrýarys.

Häzirki döwürde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek, saglygy goraýşy yzygiderli kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine gözel paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şeýle hem derman senagaty kärhanalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.

Ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärlerini hem-de lukmançylyk barlag işlerini alyp barýan alymlar neslini taýýarlamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýän döwlet hökmünde eziz Diýarymyzyň dünýädäki abraýyny we ornuny has-da berkitmäge oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklaryna we ulgamlaryna, şol sanda milli lukmançylyga ýokary tehnologiýalar, ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi hem-de ösdürilmegi üçin hem zerur şertler döredilýär. Şoňa görä-de, enäniň we çaganyň saglygyny goramagy kämilleşdirmek, keselleriň öňüni alyş çärelerini doly geçirmek we iýmit önümleriniň hiline hem-de howpsuzlygyna, howply ýokanç kesellere, sanjym arkaly öňi alynýan kesellere gözegçiligi güýçlendirmek, hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy ýaly abraýly halkara guramalary, dünýäniň iri ylmy-lukmançylyk merkezleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

Biziň ýurdumyzda drakunkulýoz, poliomiýelit, gyzzyrma keselleriniň ýokdugyny, şeýle hem unuň demir bilen we foliý turşusy bilen, duzuň ýod bilen baýlaşdyrylandygyny tassyklaýan möhüm halkara resminamalarynyň berilmegi Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly ösüşleriň gazanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri!
Gadyrly lukmanlar!


Sizi hünär baýramyňyz — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, adamlaryň saglygyny goramak, saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow