>Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda açylan sergä we ylmy maslahata germaniýaly lukman-professorlaryň birnäçesi myhman boldular. Olaryň ýurdumyza ýygy-ýygydan gelmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýewropa lukmançylygynda öňdebaryjy hökmünde ykrar edilen GFR-iň ylmy-kliniki merkezleriniň bilermenleri we hünärmenleri türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşmak we Ýewropanyň anyklaýyş hem-de bejeriş işini öwrenmek maksady bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýärler. Gatnaşyklarda öňe sürülýän meseleleriň biri bolan ýokary tehnologiýaly täzeçil usullar milli Liderimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini çözmegiň möhüm ugurlarynyň birini emele getirýär.
Professor Hans Peter Rihter:
- Men 2012-nji ýylda Türkmenistana bolan saparymy we Aşgabatda kelle-boýun kesellerini bejeriş Halkara merkezine baryp gören pursadymy ýatlaýaryn. Şonda neýrohirurgiýa ulgamyndaky lukmanlar bilen ilkinji gatnaşyklarymyz ýola goýuldy. Hyzmatdaşlygyň ilkinji pursatlaryndan başlap rowaçlyklara beslenendigini, bilelikdäki işiň geriminiň artandygyny bellemek isleýärin. Şol döwürden bäri Siziň ýurduňyza guran saparymyň altysy hem bir aýa golaý dowam etdi. Biz türkmen kärdeşlerimiz bilen köpsanly näsaglary diňe bir barlagdan geçirmek, olaryň kesellerini anyklamak bilen çäklenmän, eýsem operasiýanyň täze görnüşlerini geçirdik we täze usullary ornaşdyrdyk. Munuň özi burun boşlugynyň üsti bilen mikroadel nomy aýyrmakdan, beýniniň damarlaryny bejermekden, beýniniň arterio-wenoz damarynyň çişini aýyrmakdan we newralogiýa pursatynda üç gatly nerwi mikrowaskulýar dekompres etmekden ybarat boldy.
Şunlukda, biz Aşgabatda täze ugurdaş desganyň açylyşy mynasybetli guralan şanly waka şaýat bolduk. Halkara newrologiýa merkeziniň bejeriş-anyklaýyş taýdan enjamlaşdyrylyşy onuň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýändigini we diňe bir Türkmenistan da däl, eýsem sebitde öňdebaryjy bolup durýandygyny alamatlandyrýar. Şeýle hem bu merkezde Germaniýadan gelen kärdeşleri bilen bilelikdäki hyzmatdaşlykdan başga-da, beýnä gan inme keseli bilen näsaglanlara Ýewropanyň fizioterapiýa usulyny ornaşdyrmak we olary dikeltmek boýunça netijeli işler ýola goýuldy. Şeýle fizioterapiýanyň maksady şunuň ýaly näsaglaryň saglyk derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň tiz dikeldilmegini we doly derejeli durmuşa gaýdyp gelmegini nazarlaýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde ösdürilýän türkmen we german lukmanlarynyň hyzmatdaşlygynyň örän uly geljeginiň bardygyna ynanýaryn. Munuň özi milli lukmançylygyň dünýä derejesindäki abraýynyň ýokary galmagyna, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň kämilleşdirilmegine ýardam berer. Bu bolsa esasy ýagdaýdyr.
Doktor Suig Un Pek:
- “Saglyk-2016” Halkara ylmy-amaly maslahatyna we sergä gatnaşmak meniň üçin öz ugruma degişli möhüm meseleler boýunça kärdeşlerim bilen pkir alyşmakda ajaýyp mümkinçilik boldy. Türkmen kardiohirurglary bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýäris. Biz bilelikde oňyn netijeleri gazandyk. Olary ähli ýerde we islendik derejede görkezmek mümkindir. Biz ylmyň soňky gazananlaryny nazara almak bilen, gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygymyzy mälim etdik.
Çagalaryň kardiohirurgiýasy, aýratyn-da, doga ýürek kesellerini anyklamak maksady bilen irki kardiohirurgiýa lukmançylygyň möhüm, şeýle hem täze ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda nemes we türkmen hünärmenleri Halkara kardiologiýa merkeziniň binýadynda yzygiderli tejribe alyşýarlar. Türkmen lukmanlary bilen hyzmatdaşlykda geňeşler we çylşyrymly operasiýalar geçirilýär. Doga çylşyrymly ýürek keselliniň, şol sanda agramy ýeňil bolan çagalaryň keseliniň aýratynlyklary, ýüregiň ganazlylyk keselleri, ýürek ýetmezçiliginiň agyr görnüşleri, olary bejermegiň usullary öwrenildi.
Men bu ugurda ägirt uly ösüşleriň, üstünlikleriň gazanyljakdygyna ynanýaryn. Türkmenistanda bar bolan we öňdebaryjy lukmançylyk tehnikalary, kämil hünärli, şeýle hem ähli ýaşdaky çagalara ýokary derejeli bejerişi ýola goýmaga ukyply lukmanlar bilen üpjün edilen kardiomerkezleri bu işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.
Türkmen lukmanlarynyň nazary we amaly taýdan ýokary taýýarlygy, nemes hünürmenleriniň tejribesi we siziň ýurduňyzyň lukmançylyk merkezleriniň aňrybaş tehniki binýady häzirki döwürde näsaglary bejermekde iň gowy netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
Professor, doktor Gýunter Dom, “Praхis Prof. Dr. Dhom & Partner” (Lýudwigshafen) klinikasynyň direktory:
- Ilkinji nobatda men hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa nemes we türkmen lukman-hünärmenleriniň hyzmatdaşlygyna uzak ýyllaryň dowamynda goldaw berýändigi hem-de “Saglyk-2016” Halkara ylmy-amaly maslahatyna we sergisine gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin.
Siziň ýurduňyzyň lukmançylyk işgärleri üçin şanly günde bu ýerde guralan dabaralara gatnaşmak hormatynyň miýesser edendigine örän şatdyryn. Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ýyllary üçinde Türkmenistanda täze kaşaň lukmançylyk edaralary we ýokary derejede enjamlaşdyrylan hassahanalar, şol sanda Stomatologiýa merkezi, Halkara lukmançylyk merkezleriniň müdirligi gurlup, ulanmaga berildi. Bu merkeziň häzirkizaman talaplaryna we ýokary halkara ülňülerine gabat gelýändigini bellemek meniň üçin has ýakymly. Onuň binýadynda nemes we türkmen lukmanlarynyň arasynda yzygiderli tejribeler alşylýar. Şeýle hem diş bejermekde täze ugurlar, bilelikdäki geňeşmeler, operasiýalar, ýygnaklar we okuw-sagatlary alnyp barylýar. Häzirki döwürde Aşgabatdaky Stomatologiýa merkezinde dişleri implantasiýa boýunça operasiýalar üstünlikli amala aşyrylýar. Öňdebaryjy tehnologiýalar we tejribeler özleşdirilýär. Biz mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýäris.
Doktor Frits Şpelsberg, Fýupstenfeldbrukk şäherindäki keselhana,
- Lukmançylyk ulgamynda ylmyň, ylmy, maglumat tehnologiýalarynyň, robot önümçiliginiň we beýleki ugurlaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Lukmançylygyň fizika we kibernetika ulgamlarynyň sazlaşygynda endoskopiýa we endohirurgiýa ýaly täze ugurlar döredi. Siziň ýurduňyzda häzirkizaman lukmançylyk usullarynyň ornaşdyrylmagy bilen endoskopiýa ýoly bilen amala aşyrylýan operasiýalaryň sany artdy. Bu bolsa näsaglara ýokary hilli we netijeli bejerişi, operasiýalan soňky döwrüň wagtynyň kemelmegini, näsaglaryň tiz dikelmegini, deride uly ýara yzlarynyň aýrylmagyny şertlendirýär.
Meniň işleýän hassahanamda umumy we wisseral hirurgiýa bölüminde operasiýanyň dürli görnüşleri, şol sanda proktologiýa, onkologiýa we beýleki görnüşdäki operasiýalar geçirilýär. Halkara lukmançylyk merkezleri müdirliginiň Iç keselleriniň halkara merkeziniň hünärmenleri bilen bilelikde berk açyk we iç keselleriniň endoskopiýa operasiýalaryny geçirýäris. Men Germaniýanyň we Türkmenistanyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleriniň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň berkidilmegine goşant goşýandygyma has şatdyryn.
Men siziň owadan we myhmansöýer, Saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleriniň gününi giňden belleýän ýurduňyza nobatdaky gezek gelip görmäge iberilen çakylyk, şeýle hem halkara pudaklaýyn sergä hem-de maslahata gatnaşmaga, Aşgabatda lukmançylyk edaralarynyň açylyş dabarasynyň şaýady bolmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoaşllyk bildirmek isleýärin.
Folker Wagner, “Wagner—Zahnteсhnik GmbH & Сo. KG”, Ebsdorfergrund diş tehniki laboratoriýasynyň direktory, Gessen
- Şu gün siziň ýurduňyzda bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň saglygy goraýyş ulgamyndaky bitiren işleriniň netijesi bolan baýramçylyk çäreleriniň dabaralaryna gatnaşmak meniň üçin uly hormatdyr. Häzirki döwürde Türkmenistanda lukmançylyk ulgamynyň dörebaplaşdyrylmagy möhüm ugur hökmünde görkezildi we ol örän sazlaşykly alnyp barylýar. Ýurduňyzda täze lukmançylyk desgalary açylýar. Olara ýokary tehnologiýaly täzeçil usullar ornaşdyrylýar. Olaryň hemmesi ilatyň ýokary hilli hem-de ylmy esasda ykrar edilen lukmançylyk hyzmatlarynyň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Biz hemişe türkmen kärdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlyk etmäge şatdyrys. Men köp ýyllaryň dowamynda ortaped-lukmanlary we diş tehnikleri bilen tejribe we oňyn işläp taýýarlamalary alyşýaryn. Aşgabatdaky Stomatologiýa merkeziniň hünärmenleriniň ygtyýarynda ýokary derejeli tehnikalar täze gurallar bar. Munuň özi siziň ýurduňyzyň häzirkizaman lukmançylyk edaralary üçin baş ýörelgä öwrülipdir.
Men siziň milli Leriňi Gurbanguly Berdimuhamedowy, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini we tutuş türkmen halkyny bu şany sene bilen gutlaýaryn. Size abadançylyk, parahatçylyk we hoşniýetlilik baradaky arzuwlarymy kabul ediň.
Gerhard Klian Muns, Ulm şäheriniň Uniwersitet keselhanasynyň fizioterapiýa mugallymy
- Jemgyýetçilik saglygy goraýşyň—islendik ýurtdaky ilatyň ýaşaýyş derejesiniň, onuň döwlet gurluşynyň we durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň esasy görkezijileriniň biridir. Türkmenistanyň ykdysadyýetde, halkara gatnaşyklaryndaky, jemgyýetçilik ösüşinde gazanýan üstünlikleriniň merkezinde adamyň, onuň abadançylygynyň we mynasyp durmuşynyň üpjün edilmegi bolup durýandygy saglygy goraýyş ylgamynyň ösüşini tassyk edýär.
Kämil döwrebap tehnologiýalar we enjamlar adamlara netijeli bejerişi üpjün etmäge, olara şatlykly durmuşy we saglygy gaýdyp bermäge kömek edýän serişdeleridir. Hünär ussatlygynyň binýadynda her gün diýen ýaly täze maglumatlar, yzygiderli tejribeler we öz-özüňi kämilleşdirmek ýaly ýörelgeler bar. Hut şonuň üçinem Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, dünýä ylmynyň gazananlary bilen aýakdaş bolmak ýaly ýörelgeleriň ösdürilmegine daýanýan türkmen lukmançylygynyň artykmaç tarapy bolup durýar.
Lukmançylygyň ähli ugurlary boýunça Germaniýada toplanan tejribäniň türkmen kärdeşlerimiz üçin netijeli bolandygyna ynanýaryn. Biziň hyzmatdaşlygymyzyň ýene-de örän köp mümkinçiliklere, şol sanda bilelikdäki ylmy-barlag taslamalary üçin oňyn şertlere baýdygyny, mugallymlaryň we talyplaryň arasynda tejribe alşylmagynyň netije berýändigini bellemek islýeärin.
Priwat-dosent, doktor Ulrih Şaller, Gersog Karl Teodoryň (Mýunhen) göz keselhanasy:
- Türkmen lukmanlaryny häzirki baýramçylyk bilen gutlaýaryn. Täze “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ähmiýetini bellemek isleýärin.Onuň kabul edilmegi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Bu bolsa ugurdaş halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegini şertlendirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa oftalmologiýa babatda türkmen hünärmenleri bilen Aşgabatdaky Göz kesellerini bejeriş merkeziniň binýadynda hyzmatdaşlyk etmäge döredilen mümkinçilik, şeýle hem meniň zähmetime ýokary berip, maňa Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “at gazanan doktory” diýen derejäniň berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Bu meniň üçin uly buýsanç we hormatdyr.
Men keselhanada okuloplastik we kataraktal hirurgiýasy boýunça iş alyp barýaryn. On ýyldan gowrak wagt bäri türkmen lukmanlary bilen hyzmatdaşlyk edýärin. Biziň bilelikdäki tejribämizde geňeş we bilermenlik işinden başga-da, gözýaş ýollarynda we gözde plastiki operasiýalary geçirmek işleri bar. Munuň özi oftalmologiýa ulgamynda örän uly isleg bildirilýän ugur bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde plastiki hirurgiýa hirurg-okuloplastiklerden örän inçeligi we ýokary derejedäki hünär ussatlygyny talap edýär. Bu ýerde hirurgyň hünär ussatlygyndan başga-da, gözde operasiýa geçirmek üçin şikesleriň öňüni alýan we operasiýany anyk ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän ýörite tehnologiýa zerur.
Häzirki döwürde pudagy ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaryň netijesinde siziň ýurduňyzda şeýle tehnologiýalar bar. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowy lukmançylyk işgärleriniň hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we oňa berk jan saglyk, Türkmenistanyň lukmançylygynyň ynamly gadam urmagyny şertlendrýän ýeňil bolmadyk işinde üstünlik arzuw edýärin.
Kalin Wikol, professor, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory, Lýudwiga—Maksimiliýana Uniwersitetiniň Grossharden keselhanasy:
- Aşgabatda işlemek üçin çakylygy kabul etmek meniň üçin uly hormatdyr. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Halkara lukmançylyk merkezleri müdirliginiň Halkara kardiologiýa merkeziniň we Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň lukmanlary bilen örän netijeli we ýygjam gatnaşyklar ýola goýuldy.
Siziň ýurduňyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi bilen tanşyp, men türkmen Lideriniň işläp taýýarlan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň bu ulgamda möhüm tapgyry emele getirendigine göz ýetirdim. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ägirt uly we köptaraply işiň amala aşyrylandygy gürrüňsizdir. Ýurtda öňüni alyş, anyklaýyş we terapiýa işini ösdürmek üçin täze hassahanalar peýda boldy. Olarda iň häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyryldy. Lukmançylyk ulgamynyň işgärleriniň bilim we taýýarlyk derejesi ýokarlandyryldy. Bu bolsa kesellere garşy göreşmek babatda täze işläp taýýarlamalara netijeli ornaşdyryldy.
Soňky ýylyň dowamynda öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen merkezleriň binýadynda dünýä tejribesinde kabul edilen kardiologiýa operasiýalarynyň ähli görnüşleri ýerine ýetirilýär. Men bu işlere soňky iki ýylyň dowamynda işjeň gatnaşmak arkaly göz ýetirdim. Saglygy goraýyş ulgamynda üstünlige ýetmek üçin örän yhlasly zähmet zerur bolup durýar we ol yzygiderli dowam edýän ýagdaýdyr. Öňde täze wezipeder dur. Olar şeýle hem dünýäniň köp döwletlerinden birnäçe wekilleriň gatnaşmagynda geçirilýän “Saglyk-2016” Halkara maslahatynyň gün tertibine hem girizilendir. Bu forumyň diňe bir türkmen saglygy goraýyş ulgamynyň soňky ýigrimi ýylyň dowamynda ýeten derejesini äşgär etmek bilen çäklenmän, eýsem ulgamy kämilleşdirmekde täze ýörelgeleri ösdürmek üçin kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirýärin.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa kardiologiýa ulgamynda nemes we türkmen hünärmenleriniň hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berýändigi, şeýle hem tehnologiýa derejesi boýunça Ýewropanyň meşhur lukmançylyk merkezlerinden öňe geçýän keselhanalarda işlemek ugrunda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin.
Prfessor, doktor Werner Lang, Erlangen şäheriniň Uniwersitet keselhanasynyň damar hirurgiýasy bölüminiň direktory:
- Men 24 keselhanany we alty ýöriteleşdirilen ylmy institutlary özünde jemleýän, Ýewropada tehnologik taýdan iň ýokary derejede üpjün edilen merkezleriň biri bolan we Germaniýanyň iri lukmançylyk merkezinde işleýärin. Men dürli genezi bolan damar patologiýasy meseleleri bilen meşgullanýaryn. Bu bolsa biziň şäherlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şert döretdi.
Ýakyn wagtda Aşgabat şäheriniň keselhanalarynda dürli derejesi bolan damarlary dopplerografiýa boýunça türkmen lukmanlary üçin okuw sapaklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda irki döwürdäki dürli näsazlyklaryň öňüni almak we olary ýüze çykarmak türkmen lukmançylygynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nazara almak bilen, bu usulyň anyklaýşy ýola goýmakda giňden ýaýrandygy, onuň howpsuz we agyrsyzdygy örän möhümdir. Şeýle hem türkmen kärdeşlerimizi Germaniýada ýörite ugurlar boýunça okatmagy guramak meýilleşdirildi. Bu işleriň uzakmöhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygyň başlangyjy boljakdygyna ynam bildirýärin.
Özara guralýan saparlar we olaryň çäklerinde guralýan çäreler türkmen we nemes lukmanlaryna agyr keselleri diňe bir nazaryýetde däl, eýsem tejribede hem bejermekde öz tagallaryny birleşdirmäge mümkinçilik berer.
Men türkmen lukmanlaryny hünär baýramçylygy we Aşgabatda nobatdaky ajaýyp lukmançylyk merkezleriniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlamak isleýärin. Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowy bu baýramçylyk bilen aýratyn gutlaýaryn we oňa ilkinji nobatda berk jan saglyk, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edýärin.
* * *
Germaniýadan gelen professorlardan başga-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine başga-da köp sanly nemes hünärmenleri öz gutlaglaryny iberdiler. Olar ýurdumyzyň lukmançylyk merkezleriniň binýadynda bilelikde birnäçe işleri amala aşyrmakda oňyn tejribeleri topladylar. Gutlaglarda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň oňyn ösüş ýoluna düşendigine, ulgamyň ýokary dünýä derejesine çykandygyna ynam bildirilýär.
Professor, doktor Andreas Flemmer, Mýunheniň Lýudiwiga-Maksimilýana uniwersitetiniň Grosshadern keselhanasynyň prinatal merkezi:
- Men hünär baýramçylygyny belleýän türkmen lukmanlaryny gutlalýaryn. Olara buýsanmaga esas bar. Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Onuň netijesinde türkmenistanlylar lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän görnüşlerine ýetdiler.
Halkara lukmançylyk merkezleriniň müdirliginiň “Ene mähri” merkeziniň işgärleri bilen meni köpýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bir ýyl mundan ozal Aşgabatda eneligi we çagalygy goramak Ylmy-kliniki merkezi açyldy. Onda üpjün edilen täzeçil lukmançylyk enjamlary döwletiň ýurduň körpe raýatlary hakynda aýratyn alada edýändigini alamatlandyrdy. Munuň özi halkyň saglygyna we bagtyýar geljegine gönükdirilýän uly maýa goýum serişdeleridir. Türkmenistanyň keselhanalarynda ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar we häzirkizaman lukmançylyk enjamlary lukmançylyk hyzmatynyň hiliniň ýokarlanmagyny we lukmanlaryň örän jogapkärçilikli işiniň ýokary netijelerini şertlendirýär.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen we german lukmanlarynyň hünär taýdan işjeň hyzmatdaşlyk etmegi ugrunda goldaw berýändigi, milli saglygy goraýyş ulgamynyň ähli görkezijiler boýunça oňyn we nusgalyk derejesiniň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin.
Prfessor, doktor Klaus Parhofer, Lýudwiga-Maksimilýana uniwersitetiniň II- Grosshadern Lukmançylyk keselhanasy:
- Türkmen lukmanlarynyň her ýylda geçirilýän hünär baýramçylygy saglygy goraýyş ulgamynda täze desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen utgaşdyrylýar. Olar ýurtda häzirki döwürde bar bolan döwrebap derejedäki lukmançylyk edaralarynyň sanawynyň üstüni ýetirýär. GFR-iň iri kliniki merkezleriniň biriniň ýolbaşçysy hökmünde soňky ýyllarda siziň ýurduňyzda lukmançylyk tejribesiniň örän ösendigini bellemelidirin. Ylmy taýdan esaslandyrylan, onuň ösüşine bolan maksatnamalaýyn çemeleşmeler ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we dünýäniň täze lukmançylyk tehnologiýalaryndan baş çykarýan lukmanlary ýetişdirmek bilen berk baglanyşyklydyr.
Germaniýanyň lukmanlarynyň siziň ýurduňyza bolan saparlary dowam edýär. Şeýle hem türkmen lukmanlary daşary ýurtlarda kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler. Toplanylan tejribäni we döwrebap gazanylanlary özünde birleşdirýän saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmeginde öňdebaryjy usullaryň özleşdirilmegi esasy orunda durýar. Halkara lukmançylyk merkezleri müdirliginiň “Ene mähri” halkara merkezi bilen 2008-nji ýyldan bäri Türkmenistanda gestasion diabet keseliniň wajyplygyny kesgitlemek, onuň öňüni almak we bejermek boýunça bilelikdäki taslama amala aşyrylýar. “Ene mähri” sebitleýin merkezleriň binýadynda şu ugur boýunça barlaglary dowam etmek meýilleşýär.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky täzeçil ýörelgeler—munuň özi diňe bir häzirkizaman we kämil enjamlar däl-de, ol öňi bilen olary netijeli ulanmaga ukyply lukmanlardyr, näsaglara ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň dünýä tejribesinde bolan ähli görnüşleriniň ýetirilmegidir. Pudagyň işgärler binýadynyň hiliniň pugtalanýandygy äşgär duýulýar. Türkmen lukmanlarynyň işiniň gün tertibine halkara gatnaşyklary işjeň girizilýär.
Şunuň bilen birlikde siziň ýurduňyzyň Prezidentiniň tagallasy bilen, ýaýbaňlandyrylan sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň möçberli çäreler, spotuň we bedenterbiýäniň işjeň ornaşdyrylmagy jemgyýetde ynsan saglygynyň düýpli berkidilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Professor, doktor Klaus Çaýkowskiý, Erlangen şäheriniň Uniwersitetiniň Anesteziologiýa klinikasy:
- Men türkmen lukmanlaryny diňe bir ýurduň lukmanlary üçin däl, eýsem tutuş türkmen halky üçin ähmiýetli bolan şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şeýle hem nemes lukmanlary üçin hem bu baýramçylygyň ähmiýetini bardygyny bellemek isleýärin. Çünki lukmançylygyň hiç hili serhedi ýok. Medeniýetiň, taryhyň, sungatyň milli aýratynlygynyň, özboluşlylygynyň bardygyny bellemeli. Lukmançylyk ylmy bejerýär we ol ynsana saglygyny gaýdyp berýär. Munuň özi ähli halklar üçin durmuş gymmatlygy bolan umumy ýörelgedir.
Men on ýyldan gowrak wagt bäri türkmen lukmanlary bilen hyzmatdaşlyk edýärin. Türkmenistanda guralýan çärelere, maslahatlara, näsaglyk bilen baglanyşykly beýleki çärelere işjeň gatnaşýaryn. ХХI asyrda anesteziýa bolmazdan lukmançlygyyň köp ugurlaryny göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Anesteziýanyň häzirkizaman usullary we näsaglaryň operasiýa wagtynda we ondan soň gözegçiligi ýola goýmak uzaga çekýän hem-de çylşyrymly toplumlaýyn operasiýalary üstünlikli geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle usullar täze doglan çagalara, ýaşululara we ugurdaş keselleri bolan näsaglara operasiýa geçirilende has-da ähmiýetlidir.
Halkara lukmançylyk merkezleri müdirliginiň keselhanalarynda işleýän türkmen lukmanlary bilen bilelikde biz anesteziýanyň täze häzirkizaman usullaryny ornaşdyrdyk. Ýörite programma bilen dolandyrylýan sprisleri ulanmak arkaly infuziýa bilen doly damariçi anesteziýany geçirmäge mümkinçilik berýär we plazmda ýa-da beýnide hereket edýän serişdeleriň utgaşmagyna goldaw berýär. Bu usulyň örän uly artykmaçlyklary bardyr. Onda narkozyň çuňlugyna gözegçilik etmek mümkinçiligi ýüze çykýar we ol näsaglaryň narkozdan tiz açylmagyny we onuň ýagdaýynyň gowulanmagyny üpjün edýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanda ilkinji gezek burun we burun töweregi, burun we gulak keselleriniň ähli operasiýalary ýörite bölümlerde häzirkizaman dermanlyk serişdeleri ulanmak arkaly hut şu usulda geçirilýär. Mundan başga-da, biz türkmen lukmanlary bilen dem alyş ýollarynda kynçylygy bolan näsaglar üçin bronhoskopyň we wideolarengoskopyň kömegi bilen ulanylýan täze usullary girizdik.
Türkmenistana her gezek gelenimde anesteziologiýa we intensiw terapiýa lukmanlaryň hünär derejesiniň ýokarlanýandygyny duýýaryn. Ýurtda döwrebap lukmançylyk enjamlary we dünýä ülňülerine laýyk gelýän gurallar bilen üpjün edilen täze merkezleri açylýar. Munuň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde amal bolýandygy bellärliklidir. Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine bolan çemeleşmeler baý tejribesi bolan alymlaryň işi özgertmeler ýörelgesini esasy ugur edinýän öňdengörüjilikli syýasat we döwlet işiniň maksada okgunlylygy bilen utgaşyp oňyn netijeleri üpjün edýär.