Ï Gender syýasaty boýunça halkara hyzmatdaşlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gender syýasaty boýunça halkara hyzmatdaşlygy

view-icon 892
Türkmenistanyň Daşary işler minitsrliginde BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldaw bermeginde adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça ýörite iş toparynyň mejlisi boldy.

Milli parlamentiň deputatlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serşdeleriniň weiklleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň baş maksady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň başynda tassyklan “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” durmuşa geçirmek babatda nobatdaky çäreler ara alnyp maslahatlaşmakdan we olary işläp taýýarlamakdan ybarat boddy.

Mejlisiň barşynda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Jassinta Barrins ýurdumyzyň iri halkara guramalary, hususan-da, BMG-niň Ilat gaznasy bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygynyň barşynda dürli maksatnamalaryň, taslamalaryň, şol sanda gender deňligi, sagdynlyk, ýaşlar syýasaty we beýlekiler babatda netijeli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Zenanlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak, döwlet ýeňilliklerini bermek, oňaýly ýaşaýyş we döredijilikli zähmet üçin zerur şertleri üpjün etmek, olaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyndaky ornuny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň barşynda jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertini kemala getirýär.

Duşuşygyň barşynda ilatyň gender meseleleri boýunça habarlylygyny ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň bu ugurdaky kanunçylygyny kämilleşdirmek, maşgala edaralaryny pugtalandyrmak, nika hem-de maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny, şol sanda eneligi we çagalygy goramak işlerini dünýä ölçegleriniň ýokary derejesine çykarmak boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýeti bellenildi.