Ï Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen baştutanyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen baştutanyny kabul etdi

view-icon 729
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen baştutany hanym Natalýa Drozdy kabul etdi.

Ilçi ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň arasyndaky oňyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zanýeriň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ol okgunly ösýän we özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyk dörediji merkezi bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegiň Ýewropada Hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk guramasynyň bähbitlerine doly kybap gelýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halkara guramasynyň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn meýdançasy bolan bu iri halkara guramasynyň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän hem-de açyk gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Milli Liderimiz ÝHHG-niň wekilini Türkmenistanda jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa täze işinde uly üstünlikler arzuw etdi we hyzmatdaşlygyň giň ugry boýunça köpýyllyk gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigine ýnam bildirdi, şunda syýasy, ykdysady, ekologiýa hem-de ynsanperwer gatnaşyklara ilkinji derejeli ähmiýet berilýär.

Wekili hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy barada aýdyp, türkmen Lideriniň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde bu gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin oňyn şertleriň döredilýändigini aýtdy, Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýär hem-de ählumumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk hyzmatdaşlyk guramasynyň arasynda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman soňky ýyllarda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalaryň netijeli häsiýete eýedigine ýokary baha berdiler. Sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň umumy maksatlarynyň we wezipeleriniň nukdaýnazaryndan taraplaryň yzygiderli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygy tassyklandy. Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ynsanperwer gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň döwleti we jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak, raýat hukuklary babatynda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek boýunça alyp barýan ugry nazarda tutulyp, milli kanunçylyga hem-de hukuk tejribesine umymy ykrar edilen halkara kadalarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen täze taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Şeýle hem sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, hususan-da, goňşy Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, halkara terrorçylygyna hem-de serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreş ýaly möhüm ugurlarda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi bellenildi, bu wehimler bütin adamzada çynlakaý howp salýar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde dürli ugurlarda taslamalaryň 27-si üstünlikli amala aşyrylýar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze baştutany mähirli kabul edilendigi hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, güneşli we hakykatdan-da, Merkezi Aziýanyň ak mermerli merjeni bolan türkmen paýtagtynyň gözelligine haýran galýandygyny aýtdy we özüniň Türkmenistanda – durmuş-ykdysady ösüşiň ýolunda gazanan üstünlikleri bilen giňden tanalýan hem-de diňe bir sebitiň döwletleri üçin däl-de, eýsem, tutuş dünýä üçin nusgalyk ýurtda diplomatik wezipä bellenilmegine buýsanýandygyny aýtdy.

Hanym Natalýa Drozd hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak üçin tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.