Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde gyzzyrma keseliniň gaýtadan ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýokary derejede geňeşmek” atly halkara maslahat öz işine başlady.
Aşgabatda geçirilen maslahata BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekilleri, hyzmatdaşlyk edýän guramalar, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hünärmenleri gatnaşýarlar.
Maslahatyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky edaralarynyň, Bütindünýä bankynyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek döwlet gullugynyň Aşgabat şäher we welaýat bölümleriniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Hökümeti we BSGG-niň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan guralan Aşgabatda geçirilýän duşuşygyň esasy maksady sebitde gyzzyrma keseliniň ýaýramak mümkinçiliginiň öňüni almak, tejribe alyşmak hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen umumy tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmak üçin möhüm ugurlary kesgitlemekden ybaratdyr.
BSGG-niň şunuň ýaly wekilçilikli maslahatynyň Aşgabatda guralmagy Türkmenistanyň halkara derejedäki belent abraýynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler syýasatynyň ählumumy goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr, bu syýasatyň esasy ugry halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladadyr.
Ýokary derejeli duşuşygyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygyna gabatlanmagy-da dünýä bileleşiginiň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitleriniň hem-de üstünlikleriniň, türkmen Liderine bu ileri tutulýan ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek işine goşýan uly goşandynyň ykrarnamasydyr. Muňa şu gün döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda açylan häzirki zaman lukmançylyk merkezlerine Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň halkara şahadatnamalarynyň hem-de Türkmenistanda gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigini tassyklaýan güwänamalaryň gowşurylmagy-da şaýatlyk edýär. Türkmen lukmançylygynyň belent sepgitlere ýetmegi yzygiderli alnyp barylýan giň möçberli işleriň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň örän möhüm durmuş ähmiýetli bu ugry ösdürmäge goşýan şahsy goşandynyň miwesidir.
Mälim bolşy ýaly, biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanalary, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hereket edýän düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Olaryň hatarynda BSGG, BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ilat gaznasy we beýleki halkara guramalary bar, olaryň işlemegi üçin ýurdumyzda aňrybaş amatly şertler döredildi. Bu hyzmatdaşlyk köpugurly hem-de yzygiderli häsiýete eýedir. Köp ýyllaryň dowamynda saglygy goraýyş guramalarynyň işgärleriniň gatnaşyklary türkmen we halkara lukman hünärmenleriniň bilelikdäki gündelik işleri bilen ösdürilýär, olar adamlara ýardam bermek ýaly umumy maksat bilen jebisleşendirler.
Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde ýokanç kesellere hem-de ýokanç däl kesellere garşy göreş çärelerine aýratyn üns berilýär, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak hem-de töwekgelçilikli ýagdaýlary aradan aýyrmak arkaly keselleriň öňüni almak boýunça möhüm çäreler yzygiderli geçirilýär.
2010-njy ýylda Türkmenistan gyzzyrma keselinden azat döwlet hökmünde ykrar edildi. Bu Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýörite güwänamasy bilen resmi taýdan tassyklanyldy. BSGG-niň bu çözgüdi kabul edilmezinden ozal bu iri halkara guramanyň bilermenleri tarapyndan birnäçe barlaglar geçirildi. Türkmenistanyň bu ugurda gazananlarynyň ykrar edilmegi ýurdumyzyň gyzzyrma keseliniň ýaýramagyna garşy dünýä bileleşiginiň umumy tagallalaryna goşýan ägirt uly goşandynyň hem subutnamasydyr, bu kesel häzirki döwrüň ählumumy howplarynyň biri hasap edilýär.
Biziň ýurdumyzyň bu wezipäni çözmek meselesine döwlet derejesinde çemeleşýändigini bellemek gerek. 2005-nji ýylda “Türkmenistanda 2005—2010-njy ýyllarda gyzzyrma keseliniň öňüni almagyň” Milli maksatnamasynyň, 2008-nji ýylyň mart aýynda bolsa “Türkmenistanda 2008—2010-njy ýyllarda gyzzyrma keselini ýok etmek boýunça Milli strategik meýilnamanyň” durmuşa geçirilmegine badalga berildi, şol ýylyň noýabr aýynda bolsa bu çäreleri resmileşdirmek işine girişildi. “2005—2015-nji ýyllarda ýurdumyzda gyzzyrma keseliniň döremeginiň öňüni almak boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny” durmuşa geçirmek, hem-de BSGG-niň maslahaty boýunça ähli çäreleriň utgaşykly geçirilmeginiň meýilleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen Pudagara utgaşdyryjy komitet döredildi, onuň düzümine ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, döwlet, jemgyýetçilik hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary girýär. Ýokanç keselleriň, şol sanda gyzzyrma keseliniň ýurdumyza aralaşmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almakda serhetýaka gümrük bölümlerinde döredilen arassaçylyk-gözegçilik düzümleri möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýlelikde, hereketleriň tapgyrlaýyn hem-de maksada okgunly häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda gyzzyrma keseliniň doly ýok edilmegine hem-de ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen iri möçberli çäreleriň birnäçesini meýilleşdirmäge hem-de geçirmäge mümkinçilik berdi. Bu ugurda degişli gulluklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýörite barlaghanalary gurnamak işlerini hem öz içine alýan çäreler, berk arassaçylyk-epidemiologiýa gözegçiligi, keselleri geçirijilere garşy ekologiýa taýdan howpsuz biologiki usullaryň ulanylmagy arkaly çäreleriň kadaly meýilleşdirilmegi, esasy halkara guramalar bilen ýygjam hyzmatdaşlyk, ilatyň arasynda giň möçberli arassaçylyk-düşündiriş işleriniň geçirilmegi bu howply ýokanç keseliň ýaýramak howpuny doly aradan aýyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki zaman barlaghanalary bolsa 2009-nji ýylda BSGG-niň ýokary hiline laýyk gelýän güwänamasyna mynasyp boldy.
Türkmenistan gyzzyrma keselini ýok etmek boýunça oňyn netijeleri gazanmak bilen, BSGG-niň bilermenleriniň tassyklamagyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin nusgalykdyr. Biziň ýurdumyzyň tejribesini BSGG-niň Ýewropa sebitiniň döwletlerinde ýaýratmak maslahat berildi.
Türkmenistan bu kesele garşy göreşde, serhetýaka ýurtlary bilen tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini nazara alyp, goňşy ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Aşgabatda birnäçe gezek daşary ýurt hünärmenleriniň—entomologlaryň we epidemiologlaryň duşuşyklary geçirildi, bu çäreler türkmen tarapy hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit býurosy bilen bilelikde guraldy.
Gyzzyrma keseli bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegi ýurdumyzda ilatyň saglygyny gowulandyrmak, kesellemegiň derejesini peseltmek, ömrüň dowamlylygyny uzaltmak boýunça geçirilýän yzygiderli işleriň netijesidir. Geçen ýyl “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy giňden bellenildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilen bu strategik maksatnama ulgamy özgertmek boýunça geçirilen çäreleriň dogrudygyny subut etdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň täze “Saglyk” Döwlet maksatnamasy kabul edildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda “2012—2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasy”, “Türkmenistanyň şypahana-sagaldyş toplumyny ösdürmegiň Milli maksatnamasy”, “2013—2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi Milli maksatnamasy”, 2014—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreş boýunça Aşgabat Jarnamasyny ornaşdyrmagyň Milli stategiýasy”, “2014—2018-nji ýyllarda Türkmenistanda eneleriň, täze doglan çagalaryň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagyň Milli strategiýasy we hereketleriň meýilnamasy”, “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda temmäkä garşy göreş boýunça hereketleriň Milli meýilnamasy” hem-de beýlekiler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Biziň ýurdumyz halkara işlere işjeň gatnaşmak bilen häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürýär hem-de olary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görýär. Şu günki maslahat hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şu ýylyň aprel aýynda gyzzyrma keseline garşy göreş boýunça bütindünýä gününiň öň ýanynda BSGG gyzzyrma keselini ýok etmek babatda 2015-nji ýyla çenli öňde goýlan wezipäniň dünýäde ilkinji bolup Ýewropa sebitinde ýerine ýetirilendigini yglan etdi, şeýlelikde, munuň özi “Gyzzyrma keselinden doly dynmaly” atly ählumumy maksatnamanyň berjaý edilmegine ýardam berdi.
Aşgabatda geçirilýän bu gezekki maslahatyň esasy wezipesi sebitde gyzzyrma keselini ýok etmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmak boýunça gazanylan üstünlikleri mälim etmekden hem-de tejribe alyşmakdan, bu keseliň gaýtadan döremeginiň öňüni almak boýunça bar bolan oňyn çemeleşmelere seljerme bermekden hem-de bu maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýüze çykýan meseleleri çözmekden, gyzzyrma keselinden azat ýurt we tutuş sebit diýen derejäni saklamak üçin mundan beýläkki çäreleri kesgitlemekden ybaratdyr.
BSGG-niň Ýewropa sebit býurosynyň ýörite wekili doktor Haýk Nikogosýan öz çykyşynda ýygnananlary Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň adyndan mähirli gutlady hem-de Türkmenistanyň Prezidentine ýurdumyzda şu gezekki “Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde gyzzyrma keseliniň gaýtadan ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýokary derejede geňeşmek” atly halkara maslahatyny geçirmäge döredilen mümkinçilik we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Ol duşuşygyň Türkmenistanda geçirilýändiginiň tötänden däldigini, ýurdumyzyň Ýewropa sebitinde gyzzyrma keseliniň ýok edilendigi baradaky güwänama mynasyp bolan ilkinji ýurtdugyny nygtady. BSGG-niň ýörite wekili türkmen lukmanlaryny hünär baýramy bilen gutlap, ynsan saglygyny berkitmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Umumy mejlisde çykyş edenler sebitde gyzzyrma keseliniň ýok edilmeginiň Ýewropanyň jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň taryhynda hem-de gyzzyrma keseliniň ýok edilmegini gazanmak boýunça ählumumy tagallalaryň barşynda möhüm tapgyrdygyny bellediler. Bu netijäni gyzzyrma keseliniň gaýtadan ýaýramagynyň öňüni almak boýunça netijeli işleri dowam etdirmek arkaly berkitmek zerurdyr.
Gyzzyrma keseline garşy göreşmek boýunça Global maksatnamasynyň potensialy döretmek we tehniki taýdan goldamak toparynyň ýolbaşçysy doktor Leonard Orteganyň aýdyşy ýaly, bu kesele garşy üns birjik-de gowşadylmaly däldir. Gyzzyrma keseliniň örän tiz ýaýraýandygyny tejribämiz görkezýär, eger-de Ýewropa sebitiniň ýurtlary hüşgärligi saklamasalar hem-de ýagdaýlara dessin baha bermeseler, gyzzyrma keseliniň geçirilmeginiň ýekeje hadysasy hem bu keseliň gaýtadan ýaýramagyna getirip biler. Leonard Orteganyň nygtaýşy ýaly, döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň wekilleriniň, bilermenleriň we hünärmenleriň gatnaşýan şu gezekki duşuşygy BSGG-niň Ýewropa sebitinde gyzzyrma keseliniň gaýtadan ýaýramagynyň mümkinçilikleriniň öňüni almak boýunça wezipeleriň oňyn çözüljekdigine esas döredýär.
Mejlisiň barşynda dünýäde we BSGG-niň Ýewropa sebitinde gyzzyrma keselini ýok etmek we oňa garşy göreşiň häzirki ýagdaýy, ýetilen sepgitler hem-de bu işde ylmy barlaglaryň orny seljerildi. Bu maksatlara ýetmek üçin durnukly syýasy erkiň, gyzzyrma keseliniň ýüze çykmagynyň ähli halatlaryna öz wagtynda baha bermek hem-de olary bejermek işlerine berk gözegçilik etmegiň, bu ýokanç keseliň gaýtadan ýaýramagynyň hem-de munuň bilen baglanyşykly töwekgelçilige göz ýetirmegiň, ýerlerde gyzzyrma keseliniň ýüze çykan ýagdaýynda tizden-tiz çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygy nygtaldy.
Ertir ýokary derejeli maslahat öz işini dowam eder.