Ï Aşgabatda gyzamyk we gyzylja keselleriň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalaryny gowşurmak dabarasy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda gyzamyk we gyzylja keselleriň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalaryny gowşurmak dabarasy boldy

view-icon 1489
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda ýurdumyza Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalaryny hem-de şu gün türkmen paýtagtynda açylan täze saglygy goraýyş desgalaryna berlen binagärlik babatda gozgalmaýan mülk baýraklaryny gowşurmak, nemes lukmanlaryna şu ýokary okuw mekdebiniň Hormatly doktory we Hormatly professory diýen alymlyk atlaryny dakmak dabarasy boldy.

Dabaranyň barşynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde şu gün ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň senenamasyna nobatdaky ajaýyp waka ýazyldy—Türkmenistan gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi barada Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň halkara güwänamasyna eýe boldy.


Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň ýokary derejesiniň, bu ulgamda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýediginiň, sanjymy geçirmek boýunça ýokary hilli goşmaça çäreleriň üstünlikli geçirilmeginiň ykrarnamasyna öwrüldi. Şunuň netijesinde 2012-nji ýylyň ýanwaryndan bäri geçen döwürde Türkmenistanda ýekeje gezek hem gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýüze çykandygy hasaba alynmady.

Häzirki wagtda milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertmekde keselleriň öňüni almak möhüm orun eýeleýär.


Türkmenistan öz raýatlarynyň abadançylygyna, saglygy goraýyşda halkara ölçeglerini üpjün etmäge hem-de epidemiologiýa gözegçiligini güýçlendirmäge jogapkärli çemeleşip, meýilleşdirilen sanjym çärelerini yzygiderli geçirýär we sebitde ilatyň sanjymlar bilen üpjünçiligi hem-de sanjym edilmeginiň derejesi boýunça öňdäki hatarda durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda BSGG-niň maslahatlary we döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp işlenip taýýarlanylan “2003-2020-nji ýyla çenli döwür üçin immunoöňüni alyş Milli maksatnamasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy tarapyndan görülýän meýilnamalaýyn çäreler köp keselleriň öňüni almak babatda ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berdi. Munuň özi kesellemegiň derejesini ep-esli peseltmäge ýardam etdi. Ýurdumyzda poliomeliýetiň doly ýok edilmegi çagalara köpçülikleýin sanjym etmegiň uly üstünlikleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan eýýäm köpden bäri halkara güwänamasynyň eýesidir, munuň özi ýurdumyzyň “poliomeliýetden azat çäk” hökmündäki derejesini tassyklaýar. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Türkmenistany gyzdyrma keseliniň doly ýok edilen ýurtlarynyň sanawyna hem goşdy.


Şu günki dabaranyň barşynda Türkmenistanyň bu ulgamda gazanan üstünlikleriniň ýokanç kesellere garşy netijeli göreşmegiň aýdyň mysaly bolup hyzmat etmelidigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň lukmanlarynyň tejribesi GDA döwletlerinde, BMG-niň Ýewropa sebitinde ýaýradylmagy babatda maslahat berildi. Munuň özi saglygy goramak boýunça wezipeleri çözmekde ýurdumyzyň üstünlikleriniň halkara ykrarnamasynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Dabaranyň çäklerinde hünärmenler ýene-de bir üstünligiň gazanylandygyny bellediler -- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara newrologiýa merkezi, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi, Morfologiýa merkezi, Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi gozgalmaýan mülk babatda (International Property Awards) abraýly baýraga mynasyp boldy. 1995-nji ýylda döredilen we birnäçe ugurlary, şol sanda “Binagärlik”, “Interýer”, “Gozgalmaýan mülk ulgamyndaky kompaniýa” we beýleki ugurlary birleşdirýän bu baýrak häzirki wagtda ýaşaýyş we edara gozgalmaýan mülki ulgamynda abraýly halkara baýraklarynyň biri bolup durýar.


Baýraklara dalaşgärlere uly talaplar bildirilýär. Şu gün türkmen paýtagtynda açylan täze saglygy goraýyş desgalaryna abraýly baýragyň berilmegi hem tötänden däldir, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýändiginiň aýdyň netijesidir. Biziň saglygy goraýyş edaralarymyzyň işine halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilmegi, şol bir wagtyň özünde milletiň saglygy goramak ulgamynda döwlet syýasatynyň netijeliliginiň ykrarnamasy bolup durýar.

Dabaranyň barşynda nemes lukmanlaryna – GFR-iň Augsburg şäheriniň Gulak, bokurdak, burun klinikasynyň baş lukmany Ýohannes Senke hem-de GFR-iň Augsburg şäheriniň Oftalmologiýa klinikasynyň direktory Artur Jozef Fridrih Mýullere ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny hem-de lukmançylyk ylmyny ösdürmäge goşan mynasyp goşandy we bu ulgamda netijeli türkmen-german gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde uly hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly doktory we Hormatly professory diýen atlary dakmak hakynda degişli çözgütler okalýar.


Ýohannes Senk degişli diplomy hem-de döşe dakylýan nyşany kabul edip, Türkmenistanyň Baştutanyna özüniň zähmetine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Myhman Türkmenistana her gezek gelende ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň netijesini görýändigini belledi. Ýohannes Senk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu möhüm ulgamy ösdürmäge ägirt uly goşant goşýandygyny nygtap, häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere gatnaşmagyň uly hormatdygyny aýtdy.

Soňra Artur Jozef Fridrih Mýullere söz berildi. Myhman türkmen Liderine nobatdaky gezek Aşgabada gelip görmek mümkinçiligi hem-de Hormatly doktor adynyň dakylmagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge hemişe uly üns berýändigini nygtady. Şu günki dabara hem munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, myhman aýtdy we soňky döwürde şeýle wakalaryň Türkmenistanda ýygy-ýygydan bolup geçýändigini belledi.


Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn özgertmek boýunça geçirýän giň möçberli işleriniň milletiň saglygyny, onuň genofonduny pugtalandyrmak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak boýunça umumy öňüni alyş çärelerinden başlap, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga we giňeltmäge, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga çenli tutuş ulgamyň okgunly ösmegini şertlendirdi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa adamyň saglygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de derman senagatynyň derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin bilimini, güýç-gaýratyny hem-de tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna, bu ugurda uzakmöhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.