Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň belli “Kotam Enterpraýzis LTD” kompaniýasynyň wise-prezidenti hanym Seda Gengörüni kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna we täze desgalaryň açylyşyna hormatly myhman hökmünde gatnaşýar.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden döwlet Baştutanymyzy lukmanlaryň hünär baýramçylygy bilen gutlady we “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde hem-de onuň çäklerinde amala aşyrylýan we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň halkara ölçegleriň derejesine çykarylmagyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, aýratyn-da, dokma senagatynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň we obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna önjeýli goşant goşýan Türkiýäniň belli kompaniýasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi.
Seda Gengörü saglygy goraýyş ulgamyna degişli nobatdaky döwrebap desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli guralýan dabaralaryň Garaşsyz Türkmenistanda ynsan saglygyny goramakda uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň subutnamasydygyny belläp, milli Liderimize amala aşyrýan we durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynda täze üstünlikler arzuw etdi. Adamlar, olaryň bagtyýarlygy, sagdynlygy we abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada şol syýasatyň esasyny düzýär.
Duşuşygyň barşynda myhman döwlet Baştutanymyza bilelikdäki taslamalary, şol sanda durmuş we önümçilik ähmiýetli möhüm desgalaryň gurluşygyny ilerletmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça täze teklipleri öňe sürdi. Myhmanyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy soňky ýyllarda giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlik gazanýan Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk gatnaşyklara buýsanýar.
Seda Gengörü özüne bildirilen ynam üçin ýene bir ýola sagbolsun aýdyp, “Kotam Enterpraýzis LTD” kompaniýasynyň mundan beýläk-de Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyna işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini we öz üstüne alan borçnamalaryny ýokary hilli ýerine ýetirjekdigini belledi.