Ï Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 838
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlady. Bu sene Aşgabatda lukmançylyk ulgamyna degişli täze desgalaryň açylyş dabaralaryna utgaşdy. Işewüriň belleýşi ýaly, durmuş-ykdysady ösüşinde ägirt uly üstünlikler gazanýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek özüniň ýolbaşçylyk edýän holdingi üçin uly hormatdyr.

Gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz Türkmenistanyň dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň täzeçil düzümini döretmek bilen baglanyşykly meseleler üçin hemişe açykdygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman dürli pudaklarda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilişi, şol sanda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherçesinde karbamid önümçiligi boýunça zawodyň, Marynyň döwlet elektrik bekediniň çäginde bina edilýän bug-gaz elektrik bekediniň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz maglumatlary diňläp, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň türkmen tarapynyň möhüm şerti bolup durýandygyna ýene bir gezek ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkiýeli işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp, kabul edendigi üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirdi we özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän çynlakaý we jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.