Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her ýyl 21-nji iýulda bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Mejlisiň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi.
Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 21 ýyllygy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de täze taryhy eýýamyň strategik wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegini arzuw etdiler.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan bu maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanda döwrebap sagaldyş, keselleriň öňüni alyş merkezleriniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar, öňden bar bolan desgalar döwrebaplaşdyrylýar, sahawatly türkmen topragynda ösýän melhemlik ösümlikleriň esasynda derman serişdeleriniň öndürilişi ýola goýuldy. Mähriban Diýarymyzyň ähli ýerlerinde — paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde enäniň we çaganyň saglygyny goramak üçin ähli zerur şertler bilen üpjün edilen “Ene mähri” merkezleri açyldy.
Döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça toplan tejribesi abraýly halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralary — Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy we beýlekiler tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan şol guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Dünýäniň esasy saglygy goraýyş merkezleri we ylmy-barlag edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly üns berilýär. Ýurdumyzda howply ýokanç keselleriň birnäçesiniň doly ýok edilendigi hakyndaky köp sanly halkara güwänamalar milli saglygy goraýyş ulgamynyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
Ýygnananlar türkmen lukmançylygynyň gazananlarynyň ählisiniň uzak wagtlap saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden hem-de ony hil taýdan täze derejä çykaran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtap, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de işjeň wagyzçysy bolan milli Liderimiziň şahsy tejribesiniň ösüp gelýän nesil üçin ajaýyp göreldedigini bellediler. Tutuş ýurdumyz boýunça stadionlar, sport meýdançalary, sebitde iri bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary gurulýar. Olar ilatymyzyň köpçülikleýin sport bilen meşgullanmagyna ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýygnananlary hem-de olaryň üsti bilen tutuş türkmen halkyny, ilkinji nobatda bolsa, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine tutanýerli zähmet çekýän saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini bu ajaýyp baýramçylyk bilen mähirli gutlady.
Şu şanly senä gabatlanylyp uly baýramçylyk maksatnamasy taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, täze desgalar ulanylmaga berilýär. Möhüm forumlar, şol sanda halkara sergi we ylmy maslahat hem-de dürli hünär bäsleşikleri, duşuşyklar we konsertler geçirilýär. Milli Liderimiz bu çäreleriň ählisiniň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazanýan üstünliklerini mundan beýläk-de wagyz etmäge, keselleri anyklamak we bejermek, lukmançylyk tejribesine öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de tejribe alyşmaga ýardam etmelidigini nygtady.
Adamy jemgyýetiň we döwletiň baş gymmatlygy hökmünde yglan eden Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet tarapyndan ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklarynyň goralmagyny, şol sanda saglygynyň goralmagyny üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adam hakdaky aladanyň hemişe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry boljakdygyny belledi. Döwletimiz mundan beýläk hem saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga uly üns berer.