Ï Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary II gurultaýyna gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary II gurultaýyna gatnaşyjylara

view-icon 1095
Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!
Hormatly partiýa agzalary!


Sizi Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary II gurultaýynyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe obasenagat toplumynda amala aşyrýan özgertmelerimizi we maksatnamalarymyzy giňden goldaýan hem-de durmuşa geçirmäge uly goşant goşýan Agrar partiýasynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orun aljak gurultaýynyň örän ähmiýetli we netijeli boljakdygyna ynanýaryn!

Zähmetsöýer, gujur-gaýratly, mähriban halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň, ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň ykdysady binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy döwletimiziň ykdysady ösüşi oba hojalyk pudagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelerimiz bilen hem aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, biz eziz Watanymyzy ykdysady ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga gönükdirilen syýasatymyza laýyklykda, oba hojalygyny ýokary girdejili pudaga öwürmäge ýardam berýän giň gerimli özgertmeleri ynamly amala aşyrýarys. Oba hojalygyny düzümleýin üýtgedip gurmak, pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, ýer-suw serişdelerini aýawly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny ösdürmek, innowasiýalary, in täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, oba ýerlerinde durmuş meselelerini çözmek biziň bu ugurda amala aşyrýan özgertmelerimiziň esasy maksadydyr.

Şu wezipeden ugur alyp, obasenagat toplumyna köp möçberde maýa goýum serişdeleri goýberilýär, ýurdumyzyň sebitleri senagat taýdan sazlaşykly ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, in gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly obasenagat toplumynyň önümçilik düzümleri gaýtadan enjamlaşdyrylýar hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we hususy telekeçiler zerur bolan tehnikalar, dökünler, tohumlar bilen üpjün edilýär hem-de ýerlerde täze iş orunlary açylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, eksport mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümçilikleri döretmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Agrosenagat toplumynyň däneçilik, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, miweçilik, maldarçylyk we guşçulyk ugurlarynda, hyzmat ediş düzümlerinde hususyýetçiligiň orny pugtalandyrylýar. Şeýle hem, hususy telekeçiler tarapyndan ýurdumyzda döwrebap maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhana hojalyklary we dürli azyk önümlerini öndürýän kärhanalar yzygiderli gurulýar.

Edermen babadaýhanlarymyzyň Watan harmanyna ýokary hilli galla we pagta tabşyrmak ugrunda gazanýan üstünlikleri, maldarlarymyzyň gara mallaryň we dowarlaryň, düýeleriň hem-de guşlaryň sanyny, et we süýt önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça ýeten belent sepgitleri — içerki bazarlarymyzyň ýokary hilli we dürli görnüşli azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmegi bu ugurdaky döwlet syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Agrar partiýasynyň işjeň agzalary!

Berkarar döwletimiziň bütindünýä ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has düýpli we ynamly aralaşmagyny gazanmagyna — milli ykdysadyýetimiziň esasy düzüm bölekleriniň biri bolan oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürmäge ýardam bermekde, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi berkitmekde, şeýle hem daýhanlarymyzy we maldarlarymyzy täze zähmet üstünliklerine galkyndyrmakda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň uly hyzmaty bardyr.

Gysga döwrüň içinde Agrar partiýasynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalary, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek, sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny we endiklerini, ruhy hem-de ahlak gymmatlyklaryny kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleri örän guwandyrýar.

Biziň jemgyýetimiziň we döwletimiziň in gymmatly hazynasy adamdyr. Biz bu hakykaty Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edýäris. Şonuň üçin hem, oba hojalyk işgärleriniň we babadaýhanlarymyzyň raýat hukuklaryny goramak hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr.

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!
Hormatly partiýa agzalary!


Sizi Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenýän Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary II gurultaýynyň geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi we obasenagat toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.