Ï Türkmenistanda wekilçilikli lukmançylyk maslahatlary öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda wekilçilikli lukmançylyk maslahatlary öz işini tamamlady

view-icon 2501
Türkmen paýtagtynda “Saglyk — 2016” atly halkara sergi we ylmy maslahat hem-de “Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde gyzzyrma keseliniň gaýtadan ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýokary derejede geňeşmek” atly halkara maslahat öz işini tamamlady. Bu çäreler ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze iri lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabaralaryny, Türkmenistana gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalaryň gowşurylmagyny hem-de täze merkezlere abraýly sylaglaryň berilmegi, halkara derejeli forumlaryň geçirilmegini hem öz içine alýan iri göwrümli baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýändigini ýene-de tassyklady.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guran “Saglyk — 2016” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty ýokary derejesi bilen tapawutlanyp, işjeň maglumatlar alyşmasyny hem-de lukmançylyk ulgamynda ylmy gazanylanlar, lukmançylyk enjamlaryny öndürijileriň iň täze işläp taýýarlamalary we derman senagaty bilen tanyşmaga ýardam berdi. Şonuň bilen bir wagtda, halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçirilen çäreler olara gatnaşyjylara Türkmenistanyň saglygy goraýşynyň mümkinçilikleri hem-de ösüşiniň geljegi barada has doly düşünje almaga mümkinçilik berdi.


Sergi lukmançylyk maksatly enjamlary we serişdeleri öndürijiler, alymlar we lukmanlar, şeýle hem türkmen bazaryna dünýä belli derman öndürýän kompaniýalaryň önümlerini, lukmançylyk enjamlaryny getirýän, maslahat-anyklaýyş hyzmatlaryny edýän, lukmançylyk enjamlaryna tehniki hyzmatlary amala aşyrýan hususy telekeçiler üçin duşuşyk meýdançasyna öwrüldi. Bir söz bilen aýdylanda, ilata lukmançylyk hyzmatynyň hiliniň gowulandyrylmagyna hem-de saglygy goraýyş ulgamynda ileri tutulýan milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýänleriň ählisi üçin bu sergi giň mümkinçilikleri açdy.

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýyl Aşgabatda geçirilýän “Saglyk — 2016” abraýly sergä gatnaşmak üçin dünýäniň 42 ýurdundan lukmançylyk ulgamynyň dürli ugurlarynda işleýän hünärmenler ýygnandylar, 240 kompaniýa öz gazananlaryny görkezdi. Olaryň hatarynda lukmançylyk enjamlaryny öndüriji kompaniýalaryň 63-si hem-de derman serişdelerini öndürijileriň 177-si bar.

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde üç günläp dowam eden sergä ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gelip gördüler. Sergä gatnaşyjylar iň täze lukmançylyk enjamlarynyň önümçiligi hem-de olary ibermek boýunça öz mümkinçiliklerini görkezdiler, derman serişdeleriniň köp görnüşlerini, iň täze anyklaýyş, barlaghana we bejeriş enjamlaryny, ýörite tehnikany hem-de mebelleri, dürli görnüşli gurallary, hyzmatlary, lukmançylyk ulgamynyň dürli ugurlarynda ulanylýan innowasiýa işläp taýýarlamalary we köp sanly beýleki serişdeleri hödürlediler.


Innowasiýa tehnologiýalary, ýörite edebiýat, enjamlar ýerleşdirilen sergi bölümleri hünärmenleriň aýratyn üns bermegine eýe boldy. Türkmen bazarynda üstünlikli işleýänler hem, Türkmenistanyň geljekki hyzmatdaşlary hem öz mümkinçiliklerini we hyzmatdaşlyk boýunça tekliplerini hödürlediler, olar uzakmöhletleýin esasda işewür gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. 22 kompaniýanyň sergä ilkinji gezek gatnaşýandyklaryny bellemek gerek.

Türkmenistanyň okgunly ösdürilýän şypahana-sagaldyş ulgamynyň mümkinçilikleri sergä gelip görenlerde hem-de daşary ýurtlularda uly gyzyklanma döretdi. Dürli görnüşli täsin tebigy şertler, mineral çeşmeler, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler şypahana-dynç alyş ulgamynyň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilik döredýär.

Dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenleri, şol sanda ylmy-kliniki merkezleriň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny, bilermenleri, lukmançylyk ylmynyň dürli ugurlary boýunça alymlary bir ýere jemlän ylmy maslahat lukmançylyk ulgamynda we derman senagatynda netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem-de geljegi barada pikir alyşmak üçin açyk meýdança hökmünde hyzmat etdi.

Ýurdumyzyň iri ylmy-kliniki merkezlerinde, paýtagtymyzyň lukmançylyk edaralarynda we Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bölümlerde geçirilen birnäçe mejlisiň barşynda saglygy goraýşyň häzirki meýilleri, ulgamyň öňünde goýlan wezipeleri çözmekde türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň tejribeleri barada pikir alşyldy. Maslahata gatnaşyjylar dürli keselleriň öňüni almak we bejermek ugrunda geçirilen täze barlaglara degişli meseleleri, arassaçylyk hem-de keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, lukmançylykda innowasiýa tehnologiýalary ornaşdyrmak we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bölümler boýunça geçirilen mejlisler enäniň we çaganyň saglygyny goramak, saglygyň tebigy çeşmeleri, lukmançylyk bilimi, sport lukmançylygy we beýleki ugurlara bagyşlandy.


Alymlaryň we hünärmenleriň duşuşyklarynda wezipeleriň giň toplumy maslahatlaşyldy. Çykyşlarda häzirki zaman düýpli, amaly ylmy barlaglarynyň netijeleri beýan edildi. Sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek meselelerine aýratyn üns berildi, sebäbi ozallar lukmanlar näsaglaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagyň üstünde işlän bolsalar, häzirki wagtda durmuşyň hili hem-de zähmete ukyplylygy saklamak örän möhüm hasap edilýär. Çykyşlaryň aglaba bölegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylan anyk sepgitler barada boldy, bu syýasat pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny ilata berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyny hem-de Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerinden bejeriş serişdelerini öndürýän derman senagatynyň täze kärhanalarynyň bina edilmegini üpjün edýär.

Daşary ýurtly alymlara ýurdumyzyň saglygy goraýşynda toplanylan tejribeler, paýtagtymyzyň iri ylmy merkezleriniň işleri bilen tanyşmaga, bu örän möhüm ulgamda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigine şaýat bolmaga mümkinçilik döredildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerdilmegi netijesinde türkmen lukmançylygynyň berilýän hyzmatlaryň gerimini ep-esli giňeldendigi, okgunly ösüşe eýe bolandygy, munuň bolsa kesellemek derejesiniň peselmegine hem-de ilatyň ömrüniň dowamlylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berendigi bellenildi. Türkmenistanda ylmy barlaglaryň derejesiniň üzül-kesil ýokarlanmagy, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, birnäçe keselleriň ýok edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan lukmançylygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän syýasatyň oňyn netije berýändigine şaýatlyk edýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň paýtagtymyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda tanyşdyryş dabarasy geçirilen täze — sekizinji jildi bilen tanyşdyrylmagy foruma gatnaşyjylar üçin ylmy we jemgyýetçilik ähmiýetli möhüm waka öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, bu neşiriň girişinde milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesine umumy syn berýär. Şunlukda, milli Liderimiz türkmen lukmançylygynda we lukmançylyk senagatynda bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda giň möçberli özgertmeleriň bolandygyny, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň taryhynda möhüm yz goýan wakalaryň onuň ösüşinde möhüm tapgyra öwrülendigini belleýär. Täze okuw mekdepleriniň döredilmegi, iri ylmy-kliniki merkezleriň we şypahanalaryň, lukmançylyk ähmiýetli beýleki desgalaryň açylmagy, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan gatnaşygynyň işjeňleşdirilmegini üpjün edýän çäreler döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy we goldawy netijesinde amala aşyryldy. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ugurlaryny, häzirki döwürde bu pudagyň öňünde durýan maksatlary we strategik wezipeleri kesgitledi.

“Saglyk — 2016” atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylaryň köpüsi paýtagtymyzda Halkara newrologiýa merkeziniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Morfologiýa merkeziniň we Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar. Halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara paýtagtymyzyň täze sport desgalary we Aziada — 2017-ä taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan köpugurly işler bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.


Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň soňky ýyllarda ilatyň saglygyny goramak ugrunda ýeten derejesini we gazanan üstünliklerini biragyzdan nygtadylar. Olaryň aýdyşy ýaly, saglygy goraýyş düzümleriniň jikme-jik oýlanyşykly guralmagy haýran galdyrýar. Häzirki döwürde türkmenistanlylar döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşlerinden peýdalanýarlar. Şeýle hyzmatlar tutuş ýurdumyzda bina edilen döwrebap keselhanalarda we bejeriş-anyklaýyş merkezlerinde ýola goýulýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek işi yzygiderli alnyp barylýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi we sport batly depginlerde ösdürilýär. Türkmen lukmanlarynyň ygtyýarynda bar bolan täzeçil tehnologiýalar, telemedisina, saglygy goraýyş edaralarynyň doly kompýuterleşdirilmegi adamlaryň saglygyny goramak üçin, hakykatdan-da, ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Şunlukda, daşary ýurtly hünärmenler biziň ýurdumyzda ýokary döwlet derejesinde amala aşyrylýan saglyk maksatnamalarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy netijesinde amal bolýandygyny bellediler.

Halkara sergi we ylmy maslahat öz işini tamamlady. Ýöne lukmançylyk ulgamynda hünärmenleriň arasyndaky gatnaşyklar we tejribe alyşmak işi jemlenmeýär. Bu forum täze hyzmatdaşlary, geljekki ösüşiň ugurlaryny ýüze çykardy we mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek, nobatdaky bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze ýollary üpjün etdi.

Geçirilen duşuşyklar we ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň wekilleriniň, hususy telekeçileriň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpsanly gepleşikleri we olaryň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän gepleşikleriň, hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlarynyň kesgitlenmegi serginiň we ylmy maslahatyň işiniň esasy netijesidir.


“Saglyk — 2016” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň ýapylyş dabarasynda olaryň işleriniň jemleri jemlendi we foruma gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşuryldy. Maslahata gatnaşyjylar lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegini, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda giň tejribe alşylmagyny, saglygy goraýyş ulgamyna täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny şertlendiren netijeli gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi barada bir pikire geldiler. Olaryň aýtmagyna görä, bu gezekki forum hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini we saglygy goraýyş ulgamyndaky bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini şertlendirdi.

“Saglyk — 2016” atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olar milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda ýadawsyz tagalla edýändigi, halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň oňyn özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşjakdyklaryny ynandyrdylar.

***

Şol gün Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň geňeş maslahatynyň jemleri jemlendi. Ol Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde gyzzyrma keseliniň gaýtadan ýaýramagynyň öňüni almak üçin esas bolup hyzmat eder. Duşuşyga gatnaşyjylar we şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ştab-kwartirasynyň, Ýewropa sebitleýin býurosynyň wekilleri, bilermenleri, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň döwletleriniň sekizisinden hünärmenler gyzzyrma keseliniň gaýtadan ýaýramagy boýunça tejribe alyşdylar we öz ýurtlarynyň bu çärä işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassykladylar.


Serhetüsti hyzmatdaşlyk, gyzzyrma keseliniň öňüni almagyň güwänamalaşdyrylmagy, entomologiýa we bu ýokanç keseliň ýaýramagyny duýdurmak esaslaryna gözegçilik ýaly meseleler duşuşygyň üns merkezinde boldy. Şeýle hem gyzzyrma keseliniň gaýtadan ýaýramagynyň öňüni almak we ony sertifikasiýalaşdyrmak boýunça sebitleýin çarçuwaly maksatnamany durmuşa geçirmek meselelerine seredildi.

Forumyň çäklerinde gyzzyrma keseliniň öňüni almak boýunça sebitleýin jarnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.