Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Ýoahim Gauga hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele Mýunhen şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.