Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

view-icon 1756
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly meseleleriň ençemesine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, eziz Diýarymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmagyň, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň esasy maksatlaryň biri bolup durýandygyny nygtady. Şu belent wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça häzirki döwürde Türkmenistanda tutumly işler amala aşyrylýar, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ozal Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisleriniň barşynda ýurdumyzyň dört welaýatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi düýpli seljerildi. Şu gün bolsa şol maksatnamalaryň Mary welaýatynda durmuşa geçirilişiniň ýagdaýyna serederis diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we welaýaty mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm wezipeleriň kesgitleniljekdigini, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň, dowam edýän kemçilikleri düzetmegiň ýollarynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu gün welaýatyň we onuň şäherleriniň hem-de etraplarynyň häkimleriniň geçiren we geçirýän işleri baradaky hasabatlary diňleniler, olaryň işine gazanan netijeleri boýunça baha berler. Biziň halkymyz il-ýurt üçin derwaýys meseleleri giň köpçülik bolup, tejribeli, at-abraýly ildeşlerimiz bilen geňeşip, aç-açanlykda maslahatlaşyp çözýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we ata-babalarymyzdan gelýän bu däbe eýerip, Mary welaýatynyň şäherleridir etraplarynyň hem-de obalarynyň wekilleriniň şu göçme mejlise çagyrylandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, şu ýyl Garaşsyzlygyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiljekdigini nygtady. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyz Türkmen döwleti geçen ýyllaryň dowamynda ähli ugurlar boýunça ýokary netijeleri gazandy we belent sepgitlere ýetdi. Berkarar Watanymyzda tutumly, beýik işler amala aşyryldy. Garaşsyz Türkmenistan ýokary netijeleri gazanýan, ajaýyp üstünlikleri bilen tanalýan dünýäniň abraýly döwletleriniň birine öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.

Çärýek asyryň dowamynda eziz Diýarymyzda täze obadyr şäherçeler döredi. Müňlerçe döwrebap kärhanalar we medeni-durmuş maksatly desgalar, ähli şertleri bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şäherdir etraplarynda hem-de obalarynda öňdebaryjy tehnologiýalar, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan täze mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, dynç alyş we sagaldyş merkezleri giň gerim bilen guruldy we gurulýar. Demir we awtomobil ýollarynyň, möhüm ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygy hem güýçli depginler bilen alnyp baryldy. Ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlary ýokary depginler bilen ösdürildi. Paýtagtymyz Aşgabat bolsa Zeminiň iň gözel hem-de ajaýyp şäherleri bilen bäsleşýär.

Mähriban halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda 25 ýylyň dowamynda başga-da köp özgertmeler bolup geçdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we häzirki wagtda bu özgertmeleri döwletimiziň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýasynda beýan etmek, beýleki kanunlarymyzy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça zerur işleriň geçirilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy barada aýtmak bilen, Ýer ýüzüniň ähli döwletleri we halklary bilen dostlukly, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny barha giňeldýän, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýän we «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli ýöredýän, sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda hem netijeli işleri alyp barýar diýip nygtady. 2016-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň komissiýalarynyň 3-sine agzalyga hem-de şol Guramanyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň Wise-başlyklygyna bäşinji gezek saýlanmagy Bitarap döwletimiziň halkara işlerinde hem uly üstünlikleri gazanýandygyny, dünýädäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesine geçmek bilen, geçen çärýek asyryň dowamynda ýurdumyzyň iri sebitleriniň biri bolan Mary welaýatynda hem oňat netijeleriň gazanylandygyny aýtdy. Welaýaty yzygiderli ösdürmek boýunça Hökümetiň birnäçe kararlary kabul edildi. Şonuň netijesinde, welaýatda durmuş-ykdysady ösüşde gowy netijeler gazanyldy. Şunuň bilen birlikde, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we söwda pudaklarynda işlere toplumlaýyn çemeleşilýändigi bellenildi. Medeniýet, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda täze sepgitlere ýetilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, diňe Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 2008—2016-njy ýyllarda welaýatda jemi 215 sany medeni-durmuş maksatly desganyň, şol sanda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň 39-synyň, orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 116-synyň gurlandygyny, medeniýet öýleriniň 17-siniň, sport mekdepleriniň we desgalarynyň 43-siniň, umumy meýdany 1 million 320 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanmaga berlendigini aýtdy. Mundan başga-da, şol döwürde uzynlygy 3 müň 60 kilometr bolan suw geçirijileri, 965 kilometr bolan awtomobil ýollary, 2647 kilometr elektrik geçiriji we 2616 kilometr gaz geçiriji ulgamlar işe girizildi.

Häzirki döwürde hem diňe Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda 9 sany medeni-durmuş maksatly desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Mary etrabynda döwrebap şäherçäniň gurluşygy tamamlandy. Altyn sähra etrabynda 460-a golaý hojalyga niýetlenen täze obany ulanmaga bermek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Bulardan başga-da, welaýatda häzirki döwürde umumy bahasy 14 milliard 700 million amerikan dollaryndan hem köp bolan iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň 11 sanysynyň gurluşygy dowam edýär. Şol desgalaryň arasynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryndaky işler, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän bölegi, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň önümçilik kuwwatyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler we beýleki desgalar görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň hem 380 müň tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaý taýýarlap, şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirendigini belledi. Milli Liderimiz welaýatyň gallaçy daýhanlaryny, oba hojalyk işgärlerini we ähli ilatyny ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň öňýanynda gazanan bu ajaýyp üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, welaýatyň zähmetkeşlerine berk jan saglyk, bolelin we abadan durmuş, täze zähmet ýeňişlerini arzuw etdi.

Döwletimiz raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli işler şu belent maksada gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günüň ikinji ýarymynda Mary şäherinde täze seýilgähiň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny belledi. Ertir bolsa Jemgyýet geňeşliginde 284 hojalyga, ýagny 1420 adama niýetlenip gurlan döwrebap täze şäherçe ulanmaga berler.

Ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde Mary welaýatynda köp işler edildi we edilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, diňe 2008-nji ýyldan häzire çenli welaýatda 6 milliard manatlyk düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini aýtdy. Oba ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaş maşgalalary goldamak maksady bilen, Hökümetiň çykaran karary esasynda Mary welaýatynda hem 13 müň 789 gektara barabar bolan mellek ýer gaznasy döredildi. Bu gaznadan häzire çenli 52 müň 200-e golaý maşgala täze mellek ýerleri berildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen birlikde, biz Mary welaýatynyň gazanýan oňat netijelerine, eýeleýän sepgitlerine guwanýarys. Muňa garamazdan, welaýaty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde heniz köp kemçilikleriň bardygyny hem bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu kemçilikleri düzetmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň, nobatdaky edilmeli işleri, öňde duran wezipeleri kesgitlemegiň şu mejlisiň esasy wezipesi bolup durýandygyny belläp, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde Mary welaýatynda alnyp barylýan işlere geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat bermek üçin Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjowa söz berdi.

Habar berlişi ýaly, geçirilen seljermäniň netijeleri boýunça birnäçe kemçilikler, şol sanda durmuş-ykdysady ösüş boýunça wezipeleri çözmekde, etraplary dolandyrmak meselelerinde säwlikler ýüze çykaryldy.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew Mary welaýatynda alnyp barylýan işlere geçirilen barlagyň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, welaýatda ýyladyşhanalary gurmak, döwlet eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berlendigi bellenildi. Şeýle hem Baş prokuror Oba milli maksatnamasy ýerine ýetirilende, ilaty elektrik togy, gaz bilen üpjün etmekde kanun bozmalara ýol berlendigi barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, bar bolan kemçilikleri gyssagly düzetmelidigine ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan seljerme çärelerini yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, Baýramaly etrabynda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde, durmuş ulgamyna degişli desgalary gurmakda köp kemçiliklere ýol berlendigini belledi.

Etrapda alnyp barylýan işleriň guralyşyny, kabul edilen maksatnamalaryň we meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine hem-de garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Baýramaly etrabynyň häkimi A.Ýagmurowa käýinç yglan edildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň Baýramaly şäherinde alnyp barylýan işleriň netijelerine ünsi çekip, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek bilen bagly kemçiliklere ýol berilýändigini aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiz gürrüňi dowam edip, şäherde alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, Baýramaly şäheriniň häkimi B.Atadurdyýewe käýinç yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin P.Durdyýewi Baýramaly şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu wezipä A.Abdyllaýew bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň Garagum etrabynda alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, bu etrapda ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmakda haýal-ýagallyga ýol berlendigini, desgalaryň gurluşygynda, hyzmatlaryň ýola goýluşynda, etrabyň arassaçylyk derejesinde köp kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Garagum etrabynyň häkimi A.Salyhowy eýeleýän wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä M.Gurbanmuhammedowy belläp, ony Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Garagum etrabynyň häkiminiň orunbasary Ş.Berdiýew eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Garagum etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine M.Orazberdiýew bellenildi.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Mary etrabynyň ilatyny elektrik energiýasy, simli aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmekde köp kemçiliklere ýol berlendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz etrapda gurluşygy göz öňünde tutulan binalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň gijikdirilip alnyp barylýandygyny aýdyp, şeýle ýagdaýlary düzetmegiň aladasyny etmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, A.Durdyýewi Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Mary etrabynyň häkimi wezipesine ozal Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän A.Allamyradow bellenildi.

Soňra milli Liderimiz Mary şäherinde alnyp barylýan işlere ünsi çekip, şäher ýollarynyň birnäçesiniň ýaramaz ýagdaýdadygyny, şäheriň arassaçylyk derejesiniň talabalaýyk gelmeýän ýerleriniň bardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şäherde alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, Mary şäheriniň häkimi K.Amanmyradowa käýinç yglan etdi.

Milli Liderimiz Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine T. Kakajanowy belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Murgap etrabynda suw ulgamyny çekmek, elektrik geçirijileri gurmak meselelerine ünsi çekip, ilata simli aragatnaşyk hyzmatlaryny etmekde hem kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, etrapda alnyp barylýan işleriň guralyşyna, kabul edilen maksatnamalaryň we meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine hem-de garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkimi Ç.Mylkyýewe berk käýinç yglan etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Oguzhan etrabynda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, sürümli ýerleriň şorlaşmasynyň öňüni almakda kemçiliklere ýol berlendigini belledi. Milli Liderimiz etrapda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, Oguzhan etrabynyň häkimi S.Suleýmanowa käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Sakarçäge etrabynyň durmuş-ykdysady ösüşi meselelerine degip geçip, köp sanly kemçiliklere ýol berlendigini aýtdy.

Ilkinji nobatda, durmuş üpjünçiligini gowulandyrmakda kemçiliklere ýol berilýär, ekerançylygyň, maldarçylygyň ösdürilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilmeýär, ýollaryň, köprüleriň gurluşygynda haýal-ýagallyga ýol berilýär. Hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, B.Hommakowy Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz bu wezipä M.Gulamowy belläp, ony Altyn sähra etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra Hökümetiň göçme mejlisiniň barşynda Tagtabazar etrabynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy. Döwlet Baştutanymyz etrapda durmuş ulgamyna degişli döwrebap desgalaryň ýetmezçilik edýändigine ünsi çekdi. Mekdepleriň köpüsinde abatlaýyş işleriniň geçirilmändigini, ekerançylyk meýdanlaryndaky zeýkeşleriň, akabalaryň arassalanylmandygyny, ekerançylygyň we maldarçylygyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça degişli tagallalaryň edilmeýändigini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, B.Baýramowy Tagtabazar etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä B.Gökçeýewi belledi.

Milli Liderimiz Serhetabat etrabyny ösdürmegiň meseleleri barada durup geçip, bar bolan ýollaryň, köprüleriň abatlanmandygyny, elektrik geçirijileri, olaryň sütünlerini döwrebaplaşdyrmak işleriniň haýal alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, Serhetabat etrabynyň häkimi S.Seýitmyradowa käýinç yglan etdi.

Milli Liderimiz Wekilbazar etrabynda alnyp barylýan işleriň netijelerine ünsi çekip, etrapda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, hyzmatlaryň guralyşy babatda kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde kemçiliklere ýol berildi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Wekilbazar etrabynyň häkimi O.Annaberdiýewe berk käýinç yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýolöten etrabynda köp sanly durmuş maksatly desgalaryň durkuny täzelemäge, ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmaga ýeterlik derejede üns berilmeýändigini, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmeýändigini, ýerleriň şorlaşmagyna ýol berilýändigini aýtdy. Işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, A.Hojakow Ýolöten etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Milli Liderimiz Ýolöten etrabynyň häkimi wezipesine M.Goşaýewi belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmengala etrabynda hem Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde köp kemçilikleriň dowam edýändigini, ekerançylyk ýerleriniň ýagdaýynyň ýaramazdygyny, şor basan ýerleriň köpdügini belledi. Milli Liderimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, etrapda alnyp barylýan işleriň guralyşyna, kabul edilen maksatnamalaryň we meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine hem-de garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, etrabyň häkimi M.Saryýewe käýinç yglan edip, bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin zerur bolan çäreleri görmegi talap etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, A.Bekmyradow Türkmengala etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa ýüzlenip, Oba milli maksatnamasyny we beýleki maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça welaýatda alnyp barylýan işlerde heniz köp kemçilikleriň bardygyny, olary düzetmek boýunça işleriň haýal alnyp barylýandygyny hem-de wagtynda zerur çäreleriň görülmeýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin welaýatyň 5 etrabynyň we bir şäheriniň häkimleri hem-de bir etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy, welaýat, etrap hem-de şäher häkimleriniň we olaryň orunbasarlarynyň köpüsine käýinç we berk käýinç yglan edildi.

Döwlet Baştutanymyz ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek, zeýkeşleri arassalamak babatda degişli çäreleri geçirmek boýunça düýpli kemçilikleriň bardygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda alnyp barylýan işleriň guralyşyna, kabul edilen maksatnamalaryň we meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine, oba hojalygynda alnyp barylýan işlere hem-de garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Mary welaýatynyň häkimi B. Annagurbanowa käýinç yglan etdi.

Welaýat häkiminiň orunbasary J. Annaýewe berk käýinç yglan edildi. Işde goýberen kemçilikleri üçin Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Ý.Hommadow eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine A. Atalyýew bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, Garaşsyz ýurdumyzda adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýandygyny aýtdy. Şoňa görä-de, biz «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasaty alyp barýarys. Berkarar Watanymyzda ähli zady adamyň hatyrasyna, onuň bähbitleriniň, abadançylygynyň hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna gönükdirýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu syýasatyň hemişe yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, şu belent wezipäni üstünlikli amala aşyrmak, kabul edilen maksatnamalary doly durmuşa geçirmek üçin döwletimiz tarapyndan giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin köp möçberlerde maliýe serişdeleri goýberilýär, zerur bolan beýleki kömekler berilýär. Emma, gynansak-da, goýberilýän serişdeler ýerlerde aýawly we netijeli peýdalanylmaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bolelin we eşretli durmuşda ýaşamagyna niýetlenip kabul edilen maksatnamalar Mary welaýatynda hem talabalaýyk ýerine ýetirilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu sebitde senagat hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepdir çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, ýollaryň, köprüleriň gurluşygynyň bellenen möhletlerden yza galýandygyny belledi. Bu bolsa halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça amala aşyrýan giň gerimli özgertmelerimizde belli bir bökdençlikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen maksatnamalaryň talabalaýyk we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin, ilkinji nobatda, welaýat, şäher we etrap ýolbaşçylarynyň jogapkärçilik çekýändigine ünsi çekip, Mary welaýatynda oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasyly artdyrmak üçin ähli zerur şertleriň bardygyny belledi. Munuň üçin, ilki bilen, ýerleriň melioratiw ýagdaýyna ünsi güýçlendirmek, ýer we suw serişdelerini aýawly peýdalanmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynyň şorlaşmagyna garşy yzygiderli we netijeli göreşmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek boýunça zerur işleri geçirmek, zeýkeşleri wagtynda arassalap durmak wajypdyr.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz welaýatda mekdepleri, çagalar baglaryny, hassahanalary we saglyk öýlerini, ýollary, köprüleri giň gerim bilen gurmagyň, bar bolanlaryny wagtynda abatlamagyň möhümdigini belledi.

Ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen doly we bökdençsiz üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýaşaýyş jaýyny gurmak, kömekçi hojalygy alyp barmak üçin raýatlara gerek bolan bank karzlaryny we mellek ýerlerini bermek meselesine ünsi çekdi.

Mary welaýatynda bar bolan kemçilikler üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem jogapkärçilik çekýärler. Ýöne welaýatyň hem-de onuň şäherleriniň we etraplarynyň häkimleri bilen arkalaşykly işlemeýärler diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Hut şunuň netijesinde ilatyň durmuşynda ýüze çykýan wezipeler öz wagtynda çözülmeýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bularyň ählisiniň welaýatyň ösüşine, onuň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýaramaz täsir edýändigini belledi.

Biz halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak üçin serişde gaýgyrmaýarys, geljekde hem bu ugurda alyp barýan işlerimizi yzygiderli dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu möhüm işleri berk gözegçilikde saklamagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna tabşyrdy.

Soňra Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol welaýat häkimligi bilen bilelikde Mary welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ministrler Kabinetiniň teklipnamasy nazara alnyp hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasy esasynda işlenip taýýarlanylan degişli kararyň taslamasy hödürlenildi.

Resminama laýyklykda, bu welaýatyň düzüminde 11 etrap, 2 etrap hukukly şäher, 6 etrapdaky şäher, 14 şäherçe, 143 geňeşlik hem-de 330 oba bar.

Mundan başga-da, Baýramaly etrabynyň ýerleriniň bir bölegini Garagum etrabynyň dolandyryş çägine; Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly etraplarynyň ýerleriniň bir bölegini Türkmengala etrabynyň dolandyryş çägine; Mary, Wekilbazar, Baýramaly, Sakarçäge, Serhetabat, Türkmengala etraplarynyň ýerleriniň bir bölegini Tagtabazar etrabynyň dolandyryş çägine; Wekilbazar etrabynyň ýerleriniň bir bölegini Mary etrabynyň dolandyryş çägine; Mary etrabynyň ýerleriniň bir bölegini Wekilbazar etrabynyň dolandyryş çägine; Mary, Wekilbazar, Murgap hem-de Altyn sähra etraplarynyň ýerleriniň bir bölegini Oguzhan etrabynyň dolandyryş çägine; Serhetabat etrabynyň ýerleriniň bir bölegini Ýolöten etrabynyň dolandyryş çägine; Mary we Wekilbazar etraplarynyň ýerleriniň bir bölegini Mary şäheriniň dolandyryş çägine; Baýramaly etrabynyň ýerleriniň bir bölegini Baýramaly şäheriniň dolandyryş çägine geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň karary bilen bu sebitiň dolandyryş-çäk gurluşyna birnäçe üýtgetmeler girizilýär.

Altyn sähra etraby boýunça: Altyn sähra, Lälezar, Ruhnama we Türkmenistan geňeşliklerini ýatyrmak we degişlilikde şol obalary Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi. Altyn sähra etrabyny dolandyrmaklygyň ykdysady taýdan döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini, şeýle hem ilatyň sanynyň azdygyny göz öňünde tutup, bu etraby ýapmak bellenildi. Şunuň bilen birlikde, etrabyň dolandyryş çäginiň ýerlerini we dolandyryş çäk birliklerini, Parahat şäherçesini, Altyn asyr, Bitaraplyk, Garaşsyzlyk, Ýaşlyk geňeşliklerini we adybir obalaryny Oguzhan etrabyna geçirmek bellenildi.

Baýramaly etraby boýunça: Balçylyk geňeşliginiň Balçylyk, Nahalçy obalaryny Baýramaly şäherine birikdirmek; Mekan geňeşliginiň adybir obasyna şäherçe derejesini bermek; Baýramaly etrabynyň edara-ediş merkezini Mekan şäherçesine geçirmek; Rawnina şäherçesine Berkarar adyny dakmak; ýokarda agzalan obalary Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak; Balçylyk we Mekan geňeşliklerini ýatyrmak; Agaýusup adyndaky geňeşliginiň Harsaňly, Mekan geňeşliginiň Garaja obalaryny Mekan şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Agaýusup adyndaky geňeşligiň Göksuw obasyny Erkana geňeşliginiň; Azat geňeşliginiň Ýylgynly obasyny Ýalkym geňeşliginiň; Azat geňeşliginiň Gutlamgala, Bagt geňeşliginiň Gurbangala, Ýalkym geňeşliginiň Çöpli obalaryny Guşlyoba geňeşliginiň; Mekan geňeşliginiň Depgin, Merw geňeşliginiň Kanal, Şapak geňeşliginiň Odunçy obalaryny Beýikköpri geňeşliginiň düzümine geçirmek; Mekan şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Harsaňly obasyna Kaklyoba, Azat geňeşliginiň Pagtasaraý obasyna Pagtaçy, Bagt geňeşliginiň Çöplioba-1 obasyna Kenar, Çöplioba-2 obasyna Ýekeper, Gatakar geňeşliginiň Türkmenpolk obasyna Türkmen goşun adyny dakmak bellenildi.

Garagum etraby boýunça: Ýagtyýol geňeşliginiň Ýagtyýol obasyna şäherçe derejesini bermek; Ýagtyýol geňeşliginiň Munan, Garajadepe we Guýruklydepe obalaryny Ýagtyýol şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Ýagtyýol geňeşligini ýatyrmak; Şatlyk geňeşliginiň Atlyýatan obasyny Durnalyýap geňeşliginiň düzümine geçirmek; Akmeýdan geňeşliginiň Abaýtöş obasyna Soltan Sanjar, Kişman obasyna Garagum, Durnalyýap geňeşliginiň Atlyýatan obasyna Marguş, Ýagtyýol şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Munan obasyna Alp Arslan adyny dakmak bellenildi.

Mary etraby boýunça: Mary şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şäherçesini etrabyň düzümine geçirmek, onuň edara ediş merkezini Saparmyrat Türkmenbaşy şäherçesine geçirmek; Muhadow adyndaky geňeşligiň Muhadow adyndaky, Mülkbagşy geňeşliginiň Mülkbagşy, Garagum, Jykyrýer, Kerpiçli, Merjenliperreň obalaryny Mary şäherine birikdirmek; Muhadow adyndaky, Mülkbagşy geňeşliklerini ýatyrmak; Ak altyn geňeşliginiň Jar obasyny Peşanaly geňeşliginiň Peşenaly obasyna, Milli goşun geňeşliginiň Massur obasyny Mawyteber obasyna birikdirmek; Gaýgysyz Atabaýew adyndaky geňeşligiň Körsagyr obasyna Döwletli, Diýar geňeşliginiň Keleteler obasyna Türkmenistan, Garainjik obasyna Miras, Jemgyýet geňeşliginiň Hanutamyş obasyna Bagtyýar zaman, Mukgy Lorsy adyndaky geňeşligiň Arykkörhaşyrdyk obasyna Mukgy Lorsy, Ruhubelent geňeşliginiň Mülksyçmaz obasyna Bereketli, Täzegüýç geňeşliginiň Alasakgal obasyna Täzeoba adyny dakmak; Ak altyn geňeşliginiň Jar, Milli goşun geňeşliginiň Massur, Muhadow adyndaky geňeşligiň Muhadow adyndaky, Mülkbagşy geňeşliginiň Mülkbagşy, Garagum, Jykyrýer, Kerpiçli, Merjenliperreň obalaryny Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Murgap etraby boýunça: Murgap şäherçesine etrapdaky şäher derejesini bermek; Azatlyk geňeşliginiň Turatoba obasyny Murgap şäherine birikdirmek; Gökdepe geňeşliginiň Garaşsyzlyk obasyny Gowşutbent geňeşliginiň düzümine geçirmek; Çöňür geňeşligine we bu geňeşligiň adybir obasyna Gökýaýla, Rowaçlyk geňeşliginiň Garantgalygökje obasyna Rowaçlyk adyny dakmak; Azatlyk geňeşliginiň Turatoba, Gatyýap geňeşliginiň Amanýap, Gazagoba obalaryny Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Oguzhan etraby boýunça: Altyn asyr geňeşligini we Altyn asyr obasyny Aýhan, Bitaraplyk geňeşligini we adybir obasyny Günhan, Ýaşlyk geňeşligini we adybir obasyny Daghan, Garaşsyzlyk geňeşligini we obasyny Gökhan adyna üýtgetmek; etrabyň edara-ediş merkezini Parahat şäherçesine geçirmek bellenildi. Mundan başga-da Karara laýyklykda, şu etrabyň çäginde täze gurlan ilatly ýere şäherçe derejesini bermek we bu şäherçä Döwletli zaman adyny dakmak teklip edilýär.

Sakarçäge etraby boýunça: Sakarçäge şäherçesine etrapdaky şäher derejesini bermek; Akýap geňeşliginiň Hajysopy obasyny Sakarçäge şäherine birikdirmek; Gorgangala geňeşliginiň Ýasman obasyny Çeltek obasyna, Gumgüzer geňeşliginiň Gumgüzer obasyny Garybata obasyna, Görelde geňeşliginiň Pürmetýap obasyny Agar obasyna, Hojadepe geňeşliginiň Zäkir obasyny Çöňür obasyna birikdirmek; Agzybir geňeşliginiň Agzyýoluk obasyna Arkadag, Gorgangala geňeşliginiň Çeltek obasyna Bagşy, Görelde geňeşliginiň Agar obasyna Görelde, Gülüstan geňeşliginiň Çuňňul obasyna Gülüstan, Hojadepe geňeşliginiň Çöňür obasyna Hojadepe adyny dakmak; ýanaşyk ilatly ýerler bilen birleşdirilen, ýokarda sanalyp geçilen obalaryň ählisini, şeýle hem Sakarçäge geňeşliginiň Külli obasyny Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Serhetabat etraby boýunça: Serhetçi geňeşliginiň Serhetli obasyny Serhetçi obasyna, Daşköpri geňeşliginiň Daşköpri bekedi obasyny Daşköpri obasyna birikdirmek; Daşköpri geňeşligini we Daşköpri obasyny Tagtabazar etrabynyň, Garaköl, Döwletli geňeşliklerini we Garaköl, Gazyklybent, Döwletli obalaryny Ýolöten etrabynyň düzümine geçirmek; Galaýmor geňeşligine we bu geňeşligiň Galaýmor obasyna Türkmenistan adyny dakmak; Çemenabat geňeşliginiň Täzeguýy, Türkmenistan geňeşliginiň Hopbuk, Goýunly, Garaköl geňeşliginiň Jürre obalaryny Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Tagtabazar etraby boýunça: Erden geňeşligine we adybir obasyna Mirap, Gulja geňeşligine we obasyna Akýol, Sandykgaçy geňeşliginiň 9-njy Maý obasyna Ýeňiş, Oktýabr obasyna 27-nji oktýabr adyny dakmak bellenildi.

Türkmengala etraby boýunça: Türkmengala şäherçesine etrapdaky şäher derejesini bermek; Berkarar geňeşliginiň Daýhan, Jarly, Gatlaly geňeşliginiň Şaýlydepe obalaryny Türkmengala şäherine birikdirmek; Berkarar geňeşligini ýatyrmak; Hasyl geňeşliginiň Imrik obasyny Hasyl obasyna, Seýitnazar Seýdi adyndaky geňeşligiň Işeňňir obasyny Ärsary obasyna, Täzedünýä geňeşliginiň Ärsaryoba obasyny Kyrkişik obasyna, Zähmet geňeşliginiň Galkynyş obasyny Zähmet şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Zähmet bekedi obasyna birikdirmek; Täzeýol geňeşliginiň Haryn obasyna Bereketli, Zähmet geňeşliginiň Kälçe obasyna Lälezar, Kiçikälçe obasyna Kölli adyny dakmak; Ýanaşyk ilatly ýerler bilen birleşdirilen, ýokarda agzalyp geçilen obalary Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Wekilbazar etraby boýunça: Gökje geňeşliginiň Gökje, Perreňçäge, Pökgen obalaryny Mary şäherine birikdirmek; Gökje geňeşliginiň dolandyryş merkezini Arzuw obasyna geçirmek; Akgoňur geňeşliginiň Golak obasyna Bagtyýarlyk, Gyzylgurama obasyna Ýagtylyk, Goňur geňeşliginiň Ýagyp obasyna Nurana, Täzedurmuş geňeşliginiň Mülkdäli obasyna Döwletli adyny dakmak; Mollanepes geňeşliginiň Çotan obasyny Gara obasyna birikdirmek bellenildi.

Ýolöten etraby boýunça: Agzybirlik geňeşliginiň Bäşýyllyk obasyny Gulja obasyna birikdirmek; Agzybirlik geňeşliginiň Gulja obasyna Agzybirlik, Ahunbaba geňeşliginiň Şyhoba obasyna Bagtyýarlyk, Akgüzer geňeşliginiň Ýapagy obasyna Lälezar, Gammarbaba geňeşliginiň Ganlybaş obasyna Gammarýap, Ýokary Suhty geňeşliginiň Gyzylmes obasyna Altyn toprak adyny dakmak; Agzybirlik geňeşliginiň Bäşýyllyk obasyny Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Mary şäheri boýunça: Mary etrabynyň Muhadow adyndaky geňeşliginiň Muhadow adyndaky, Mülkbagşy geňeşliginiň Mülkbagşy, Garagum, Jykyrýer, Kerpiçli, Merjenliperreň obalaryny hem-de Wekilbazar etrabynyň Gökje geňeşliginiň Gökje, Perreňçäge, Pökgen obalaryny Mary şäherine birikdirmek; Mary şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şäherçesini Mary etrabynyň düzümine geçirmek bellenildi.

Şeýlelikde, Mejlisiň Mary welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri hakyndaky kararyna laýyklykda, bu sebitde Altyn sähra etrabyny, 11 geňeşligi ýapmak; üç şäherçä etrapdaky şäher derejesini bermek, iki oba şäherçe derejesini bermek; 1 şäherçe döretmek; 16 obany şähere birikdirmek, 5 obany şäherçäniň dolandyryş tabynlygyna, 14 obany bir geňeşlikden beýleki geňeşligiň düzümine geçirmek, 2 şäherçäni etrabyň düzümine, 7 geňeşligi we 8 obany beýleki etrabyň düzümine geçirmek, 3 etrabyň edara ediş merkezini bellemek, 13 obany bir-birine birikdirmek, 43 obany Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak, 1 şäherçäniň, 8 geňeşligiň, 44 obanyň adyny üýtgetmek bellenildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy bu kararyň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ähli welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan has çalt depginler bilen ösdürilmegine mümkinçilik berjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, wise-premýer Ş.Durdylyýewe milli parlament hem-de Mary welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekillerinden düzülen topary döretmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu toparyň agzalary bilen degişli meselelere garamagyň möhümdigini belläp, resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagy hem-de olary Ministrler Kabinetiniň garamagyna tassyklamak üçin hödürlemegi tabşyrdy.

Bitarap Watanymyzy dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen döwletleriniň birine öwürmek boýunça biziň öňümizde jogapkärli wezipeler durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň, berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny zähmet ýeňişlerine beslemegiň, täze sepgitlere ýetmegiň biziň hemmämiz üçin mukaddes borç bolmalydygyny nygtady. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň her bir raýaty öz belent borjuna düşünip, bu wezipeleri abraý bilen durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallalary etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we Mary welaýatynyň agzybir hem-de zähmetsöýer adamlarynyň bu wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ähli gujur-gaýratyny gaýgyrman, yhlas bilen, tutanýerli işlejekdiklerine berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini tamamlap, ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.