Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Sizi Halkara lukmançylyk-sanitar düzgünnamasyny (HLSD) ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly mümkinçiliklere we borçlara bilelikde daşyndan baha bermegiň üstünlikli geçirilenligi bilen gutlaýaryn. Bu Ýewropa sebitindäki ýurtlar üçin görelde alarlyk nusgadyr.
Size jemgyýetiň saglygynyň ählumumy howpsuzlygynyň maýa goýumlaryny we jogapkärçiligi talap edýändigini ykrar etmek bilen, HLSD-a wajyp ähmiýet beýändigiňiz üçin aýratyn hoşallyk bildirýärin.
Bu baha bermegiň jemi boýunça gelnen netijeleriň hem-de teklipleriň Halkara lukmançylyk-sanitar düzgünnamasynyň talap edişi ýaly, ähli howplary nazara almak ýörelgelerine doly laýylykda, Siziň ýurduňyzyň adatdan daşary ýagdaýlara umumy taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän işlerde ugur almaga hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna taýýarlygy göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanyň aç-açan daşary bahalary goldamagy Siziň ýurduňyzyň saglygy goraýyş ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orny eýeleýändiginiň subutnamasydyr.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň ýurduňyz bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit býurosynyň arasynda soňky ýyllaryň dowamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy mälim edýärin.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda geljegi uly başlangyçlaryňyzy durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw edýärin.
Sizi çuňňur hormatlaýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.
Žužanna Ýakab,
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň
Ýewropa sebit býurosynyň direktory