Eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümi döretmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan toplumlaýyn işleriniň depginleri günsaýyn ýokarlanýar, bu bolsa welaýatlary has-da ösdürmek, olaryň baý, köp ugurly kuwwatyny amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy”, beýleki giň gerimli meýilnamalar hut şoňa gönükdirilip, olar türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin ähli şertleri, täze durmuş ülňülerini döretmelidir.
Halkyň saglygy we abadançylygy barada alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda goýlan wezipeleri çözmek maksadynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň täze, netijeli nusgasy döredildi. Ol degişli ugurda dünýäniň iň gowy gazananlaryna esaslanandyr. Geçen hepdede ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenildi hem-de bu senä gabatlanyp, saglygy goraýyş ulgamynyň iri binalary ulanmaga berildi. Täze edaralaryň açylyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyp, onuň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar.
Ulanylmaga berlen binalaryň – Halkara newrologiýa merkeziniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň hem-de Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkeziniň Halkara güwänamalaryna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Olar Türkmenistanda binagärlik babatda ilata hyzmat ediş ulgamynda ösüşiň ýokary derejesini tassyklaýar.
Bu merkezler Germaniýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň, Belgiýanyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy kärhanalarynyň lukmançylyk enjamlarydyr serişdeleri bilen üpjün edildi. Özi-de, täsin enjamlaryň birnäçesi entek dünýäniň lukmançylyk tehnikalarynyň sanawyna girip ýetişmese-de, eýýäm biziň ýurdumyzda ulanyp başlandy. Munuň özi ilata döwrebap ylmy gazanylanlara we toplanan tejribä esaslanan ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu edaralaryň açylmagy bilen ýüzlerçe täze iş orunlary döredildi.
Halkara Newrologiýa merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Sýuý Anluny kabul etdi. Milli Liderimiz hem-de myhman saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Sýuý Anlun ýurdumyzda hytaý lukmançylygynyň merkezini açmak baradaky teklibi beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiziň Türkiýäniň belli “Kotam Enterpraýzis LTD” kompaniýasynyň wise-prezidenti hanym Seda Gengörü bilen geçiren duşuşygynyň barşynda myhman döwlet Baştutanymyza durmuş we önümçilik ähmiýetli möhüm desgalaryň gurluşygyny ilerletmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem işewür ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça täze teklipleri bilen tanyşdyrdy.
Milli Liderimiziň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen geçiren duşuşygynyň barşynda dürli pudaklarda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gürrüň, hususan-da, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherçesinde karbamid öndürýän zawodyň, Marynyň döwlet elektrik bekediniň çäginde bina edilýän bug-gaz elektrik bekediniň gurluşygynyň barşy barada boldy.
Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen baştutany hanym Natalýa Drozd hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Margret Mariýa Ýubber bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda hem özara gatnaşyklaryň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ynsanperwer gatnaşyklary, saglygy goraýyş we derman senagaty, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek “Saglyk” döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň ähmiýetli ugry bolup durýar. Ynha, geçen hepdede hem Aşgabatda “Saglyk - 2016” halkara sergisi we ylmy maslahaty, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde gyzzyrmanyň ýaýramagynyň öňüni almak meseleleri boýunça maslahat beriji forumy geçirildi. Ol Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyldy.
Ýurdumyzyň gazananlary bilen tanyşdyrýan “Saglyk - 2016” sergisine dünýäniň 42 ýurdundan firmalar we kompaniýalar gatnaşdylar. Türkmen lukmançylyk kärhanalarynyň we edaralarynyň diwarlyklary bilen bir hatarda, bu ýerde derman önümlerini, iň täze lukmançylyk-anyklaýyş, barlaghana we bejeriş enjamlaryny, ýörite tehnikalary we mebelleri, dürli görnüşli gurallary öndürýän we getirýän, hyzmatlary, lukmançylygyň köp ugurlarynda, tebigy kosmetiki serişdeleri we beýlekileri öndürmekde ulanylýan innowasiýa işläp taýýarlamalary hödürleýän kompaniýalaryň 240-sy sergi bölümlerini görkezdiler.
Dünýäniň ençeme ýurtlaryndan degişli hünärmenleri, şol sanda ylmy-kliniki merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylaryny, bilermenleri, alymlary birleşdiren ylmy maslahat lukmançylyk we derman senagaty babatda netijeli gatnaşyklaryň geljegi we ugurlary barada pikir alyşmak üçin açyk meýdança öwrüldi. Daşary ýurtly alymlara ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň tejribesi, paýtagtymyzyň esasy ylmy merkezleriniň işleri bilen tanyşmaga, bu möhüm ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere göz ýetirmäge mümkinçilik döredildi.
Foruma gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professeor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň 8-nji jildi bilen tanyşdyrylmagy uly ylmy we jemgyýetçilik ähmiýetli waka boldy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň ylmy taýdan beýan edilmeginiň dowamy bolan döwlet Baştutanymyzyň ylmy işiniň sekizinji jildinde dermanlyk ösümlikleriň 108-si, olaryň biologik we himiki aýratynlyklarynyň beýany, ösümlikleri ylmy we halk lukmançylygy esasynda peýdalanmagyň aýratynlyklary baradaky maglumatlar elipbiý tertibinde ýerleşdirildi.
Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýurdumyza Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalaryny hem-de türkmen paýtagtynda açylan täze saglygy goraýyş desgalaryna berlen binagärlik babatda gozgalmaýan mülk baýraklaryny gowşurmak dabarasy boldy. Onuň barşynda nemes lukmanlaryna – GFR-iň Augsburg şäheriniň Gulak, bokurdak, burun klinikasynyň baş lukmany Ýohannes Senke hem-de GFR-iň Augsburg şäheriniň Oftalmologiýa klinikasynyň direktory Artur Jozef Fridrih Mýullere Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny hem-de lukmançylyk ylmyny ösdürmäge goşan mynasyp goşandy we bu ulgamda netijeli türkmen-german gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde uly hyzmatlary üçin Hormatly doktory we Hormatly professory diýen atlary dakmak hakynda degişli çözgütler okaldy.
Geçen hepdäniň aýratyn möhüm wakalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary bolup, onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirildi, durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyş dabarasy boldy.
Hökümetiň mejlisinde Mary welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toparyna seredildi. Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň iri sebitleriniň biri bolan Mary welaýatynda hem oňat netijeler gazanyldy. Mysal üçin, diňe Oba Milli maksatnamasynyň çäklerinde 2008–2016-njy ýyllarda welaýatda jemi 215 sany medeni-durmuş maksatly desga, şol sanda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň 39-sy, orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 116-sy guruldy, medeniýet öýleriniň 17-si, sport mekdepleriniň we desgalarynyň 43-si, umumy meýdany 1 million 320 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berildi. Mundan başga-da, şol döwürde uzynlygy 3 müň 60 kilometr suw geçirijileri, 965 kilometr gara ýollar, 2 müň 647 kilometr elektrik geçiriji we 2 müň 616 kilometr gaz geçiriji ulgamlar işe girizildi.
Önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň arasynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryndaky işler, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän bölegi, Mary döwlet elektrik bekediniň önümçilik kuwwatyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler we beýleki desgalar görkezildi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda diňe 2008-nji ýyldan häzire çenli welaýatda 6 milliard manatlyk düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini aýtdy. Oba ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaş maşgalalary goldamak maksady bilen, Hökümetiň çykaran karary esasynda Mary welaýatynda hem meýdany 13 müň 789 gektara barabar bolan mellek ýer gaznasy döredildi. Bu gaznadan häzire çenli 52 müň 200-e golaý maşgala täze mellek ýerleri berildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Muňa garamazdan, welaýaty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde heniz köp kemçilikler bar. Ýokary gözegçilik edarasynyň hem-de Baş prokuraturanyň işgärleri tarapyndan geçirilen seljermeleriň barşynda düýpli kemçilikleriň, şol sanda welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirmekde, etraplary dolandyrmak meselelerinde kemçilikleriň birnäçesi ýüze çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň 5 etrabynyň häkimi we bir şäheriň häkiminiň hem-de bir etrabyň häkiminiň orunbasarlary wezipesinden boşadyldy, welaýat, etrap hem-de şäher häkimleriniň we olaryň orunbasarlarynyň köpüsine käýinç we berk käýinç yglan edildi. Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa käýinç, welaýat häkiminiň orunbasary J.Annaýewe berk käýinç yglan edildi. Işde goýberen kemçilikleri üçin Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Ý.Hommadow eýeleýän wezipesinden boşadyldy.
Biz halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak üçin serişde gaýgyrmaýarys, geljekde hem bu ugurda alyp barýan işlerimizi yzygiderli dowam ederis diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu möhüm işleri berk gözegçilikde saklamagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna tabşyrdy.
Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyny, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara almak bilen, taýýarlanan “Mary welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary hakynda habar berildi.
Resminama laýyklykda, bu welaýatyň düzümine 11 etrap, 2 etrap hukukly şäher, 6 etrapdaky şäher, 14 şäherçe, 143 geňeşlik hem-de 330 oba girýär. Welaýatda Altyn sähra etrabyny, 11 geňeşligi ýapmak; üç şäherçä etrapdaky şäher derejesini bermek, iki oba şäherçe derejesini bermek; 1 şäherçe döretmek; 16 obany şähere birikdirmek, 5 obany şäherçäniň dolandyryş tabynlygyna, 14 obany 1 geňeşlikden beýleki geňeşligiň düzümine geçirmek, 2 şäherçäni etrabyň düzümine, 7 geňeşligi we 8 obany beýleki etrabyň düzümine geçirmek, 3 etrabyň edara ediş merkezini bellemek, 13 obany bir-birine birikdirmek, 43 obany Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak, 1 şäherçäniň, 8 geňeşligiň, 44 obanyň adyny üýtgetmek bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer Ş.Durdylyýewe Mary welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekillerinden düzülen topary döretmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu toparyň agzalary bilen degişli meselelere garamagyň möhümdigini belläp, resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagy hem-de olary Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.
Adamlar barada alada, türkmenistanlylara ýaşamak, zähmet çekmek we dynç almak üçin döwrebap düzümli şäher gurşawynyň, amatly şertleriň döredilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan şäher gurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Täze nusgalyk obalaryň döredilmegi, ene topragymyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmelere beslenen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň alamaty bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen obasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Tomsuň başynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky erabynda gurlan Bagtyýar zaman obasynyň açylyş dabarasy boldy. Şol wakadan bir aý geçensoň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Garabekewül etrabynda döredilen şäher görnüşli Berkarar zaman obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ynha, indi bolsa, nobatdaky binagärlik-gurluşyk dabarasy boldy, Mary etrabynyň “Jemgyýet” geňeşliginiň çäginde täze döwrebap Döwletli zaman şäherçesi bina edildi.
Watanymyzyň dürli künjeklerindäki täze obalar milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň anyk netijeleridir. Ýakynda bu mynasybetli Daşoguz we Lebap welaýatlarynda hem dabaralar guraldy. Bu gün bolsa nobatdaky binagärlik-gurluşyk taslamasy amala aşyrylýar, ol halkymyzyň abadançylygy, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň parahat hem asuda durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülýändiginiň subutnamasydyr.
Taslama laýyklykda, bu ýerde köpsanly dürli maksatly desgalary gurmak göz öňünde tutuldy, onuň düzümine ähli amatlyklary bolan, her biri aýratyn maşgala niýetlenilen bir gatly jaýlaryň 284-si girýär. Olaryň her birine 0,12 gektar mellek ýeri bölünip berildi. Täze jaý eýeleri kömekçi hojalyk jaýlaryny gurup ýa-da bag-bakja ekip biler. Şeýlelikde, täze ýaşaýjylar ter gök önümleri we miweleri öz melleginde ýetişdirip bilerler.
Täze şäherçäniň açylmagynyň hormatyna bu ýerde türkmen toýy uludan tutulyp, halkymyzyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny özünde jemlän döredijilik çykyşlary dabara gaýtalanmajak özboluşly äheň berdi.
Hormatly Prezidentimiz täze öýe göçüp gelen rus maşgalasynda, şeýle hem ýakynda goşa gelin edinen maşgalanyň öýünde myhmançylykda boldy. Bagtly öý eýeleri döwlet Baştutanymyza şunuň ýaly ajaýyp jaýlarda ýaşamak we çagalary ösdürip ýetişdirmek mümkinçiligine eýe bolan oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak meselesine berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Döwrebap Döwletli zaman şäherçesi milli Liderimiziň döredijilikli syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Halkymyzyň abadançylygy, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň parahat hem asuda durmuşy hakynda alada şol syýasatyň esasy ugry bolup durýar.
Mary welaýatynda iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary şäherinde “Oguz ýoly” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen umumy meýdany 12 gektara deň bolan “Bagtyýarlyk” seýilgähiniň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy. Bu ýerde öwreniş-dynç alyş hyzmatlarynyň dürli görnüşleri jemlenip, baýramçylyk we medeni, okuw çärelerini, bäsleşikleri we sport ýaryşlaryny we beýlekileri geçirmek üçin mümkinçilikler döredildi.
Şeýle hem Mary şäherinde Aga Hanjaýew köçesiniň ugrunda öýleriň 472-sini öz içine alan dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si ulanmaga berildi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhammedow adyndaky 1001 harby bölüminiň Mary şäherinde ýerleşen binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde harby gullukçylaryň gulluk etmegi we oňaýly ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet ähmiýetli giň gerimli işlere ýaşululary işjeň çekmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleri pähim-parasatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý tejribesini netijeli peýdalanmak maksady bilen, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny geçirmek bellenildi.
Daşary işler ministrliginde geçirilen ýörite duşuşykda “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Hereketleriň 2016-2020-nji ýyllar üçin milli meýilnamasyny” amala aşyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde guralan maslahata BMG-niň Türkmenistanda işleýän iri agentlikleriniň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara toparynyň agzalary, aýry-aýry ministrlikleriň hem-de edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagyryldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldaw bermeginde adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça ýörite iş toparynyň mejlisi boldy. Milli parlamentiň deputatlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serşdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň baş maksady “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” durmuşa geçirmek babatda nobatdaky çäreler ara alnyp maslahatlaşmakdan we olary işläp taýýarlamakdan ybarat boldy.
Aşgabatda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary II gurultaýy geçirildi, oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden 600-den gowrak wekil gatnaşdy. Şeýle hem onuň işine jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Gurultaýa gatnaşyjylar öz çykyşlarynda döwlet tarapyndan berilýän goldawyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar, munuň özi obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna gönükdirilen iri maýa goýumlarynda öz beýanyny tapýar diýip bellediler. Gurultaýda guramaçylyk meselelerine garalyp, Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Öwezmyrat Enermyradow saýlanyldy. Şeýle hem partiýanyň Merkezi geňeşiniň hem-de Merkezi gözegçilik – derňew toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Geçen hepdede ýurdumyzda şu ýylyň 21-nji awgustynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň hem-de Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek çäreleri tamamlandy. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Nýu-Ýorkuň Metropoliten-muzeýinde “Köşk dünýäsi we Älem: seljuklaryň beýik eýýamy” ady bilen üç aýa golaý dowam eden sergi öz işini tamamlady. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilen bu çäre oňa köpsanly daşary ýurtly gatnaşyjylary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Marynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Köneürgenjiň muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Olar seljuk imperiýasynyň gülläp ösen döwrüni äşgär edýän ähmiýetli gymmatlyklar bolup durýar.
Türkmen küştçüleri dünýä derejesindäki ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanmak bilen, janköýerlerimizi begendirýärler. Golaýda Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda ildeşlerimiz alty medala (3 altyn we şonça-da kümüş medala), Moskwada erkekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda bolsa ýene-de 3 altyn we 2 kümüş medala mynasyp boldular.
Ine, geçen hepde şunuň ýaly wakalara baý bolup, olaryň her biri ýurdumyzy döredijilik we durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan oňyn özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.