Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezine baryp gördi we bu ýerde aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň, şol sanda körpeleriň boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin döredilen şertler we mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine 25-nji iýuldan zähmet rugsadyny berdi. Şu gün, dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz agtyklary bilen paýtagtymyzdaky iri söwda merkezine baryp gördi. Bu merkez Aşgabadyň ajaýyp ýerleriniň birine öwrüldi.
Häzirki wagtda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dynç alşyň döwrebap düzümi kemala getirilýär. Onda çagalaryň dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär.
Paýtagtymyzyň günorta böleginde, 10 ýyl Abadançylyk we Atatürk köçeleriniň kesişýän ýerinde gurlan “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi 2014-nji ýylyň dekabr aýynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açyldy. Ol ak mermerli Aşgabadyň okgunly täzelenýän binagärlik toplumy bilen bitewi sazlaşygy döredip, täze taryhy eýýamyň ýene-de bir aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu taslamasyna ilkibaşdan ýurdumyzda döredilýän söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň häzirki zaman düzüminde aýratyn ähmiýet berildi. Häzirki wagtda söwda etmegi, dynç almagy hem-de boş wagtyňy göwnejaý geçirmegi utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän bu ägirt uly söwda merkezi Aşgabadyň ýaşaýjylarynda hem-de onuň myhmanlarynda uly meşhurlykdan peýdalanýar.
Merkezi gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany, onuň abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerini hasaba alanyňda, 17,5 gektardan ybaratdyr. Bu 12 gatly işewürlik merkezi dört gatly söwda-dynç alyş merkezi bilen bir bitewi binany emele getiripdir. Binanyň ýanynda 1300 ulaga niýetlenen üsti telärli duralga bar. “Berkararda” alyjylara harytlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän köp sanly dükanlar, amatly restoranlar hem-de kafeler ýerleşýär.
Boş wagtyňy göwnejaý geçirmek üçin nieýtlenen düzüm hem göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde alyjylar üçin ähli oňaýly şertler döredilipdir. Satyn alnan harytlar üçin tölegler nagt we nagt däl görnüşde, plastiki bank kartlarynyň kömegi arkaly amala aşyrylýar. Bir söz bilen aýdylanda, “Berkararda” iri söwda-dynç alyş merkezleriniň işini guramagyň iň öňdebaryjy çözgütleri ulanylypdyr.
Toplumyň içki bezeginde öz beýanyny tapan täsin dizaýnerçilik pikirler hem gyzyklanma döredýär. Täsin heýkel kompozisiýalary onuň merkezi eýwanynyň bezegi bolup durýar. Bu bezegde dürli çeperçilik we binagärlik usullary, gadymy türkmen medeniýetiniň ýörelgeleri beýanyny tapypdyr.
Olaryň hatarynda gadymy eýýamyň nyşanlary — meşhur ritonlar, şeýle hem orta asyr minaralary — sütünleri bar. Şol sütünleriň iň beýigi howuzdan 16 metr beýiklige galýar we onuň ýokarsynda ahalteke bedewleriniň şekilleri ýerleşdirilipdir. Gümmeziň merkezinde Aýyň we Günüň özboluşly şekillerini özünde jemleýän Oguzhanyň sekizburçly ýyldyzy ýerleşdirilipdir. Binanyň içinde gurlan özboluşly “şarlawuk” ünsüňi özüne çekýär — ýokardan aşaklygyna çeşme suwy ýaly arassa suw akyp gaýdýar.
“Berkararyň” içki bezegi Gündogar bezeginiň usullary ulanylyp ýerine ýetirilipdir. Merkeziň tehnologik derejesi barada aýdylanda bolsa, onuň dünýäniň iň belli kompaniýalarynyň we önüm öndürijileriniň kämil enjamlary we degişli ulgamlary, şol sanda eskalatorlar, uly we adaty liftler bilen üpjün edilendigini aýratyn bellemeli. Ýylyň islendik paslynda oňaýly howa ýagdaýy üpjün edilýär. Şeýlelikde, “Berkarary” türkmen binagärleriniň, taslaýjylarynyň we inženerleriniň gazanan uly üstünligi diýip atlandyrmak bolar.
Umuman, 140 müň inedördül meýdany bolan söwda merkezinde dürli harytlaryň söwdasy üçin niýetlenen 340-dan gowrak dükan ýerleşýär. Alyjylara harytlaryň dürli görnüşleri — egin-eşikler we aýakgaplar, deri önümleri, matalar we tikin hem-de dokma önümleri, sport bilen meşgullanmak üçin zerur bolan zatlaryň ählisi, mebeller, halylar we haly önümleri, gap-gaçlar, durmuşda ulanylýan tehnika hem-de elektronika, parfýumeriýa we kosmetika önümleri, bezeg şaý-sepleri hem-de sagatlar, sowgatlyk önümler, saz gurallary we audio hem-de wideo önümler we beýleki köpdürli harytlar hödürlenilýär.
Dükanlaryň hatarynda dünýäniň öňdebaryjy we saýlama önüm öndürijileri hasaplanýan “Ravazollo”, “Mango”, “MEХХ”, “Tom Tailor”, “Adidas”, “Сolin’s”, “Unined Сolors of Benetton”, “Tсhibo», “L’Oreal”, “Villeroy & Bosh”, “Svarovski”, “Apple”, “Vertu”, “Roleх” ýalylar bar. Bu ýerde, birinji gatda ýerleşen “Kämil” atly market 7 müň inedördül meýdany eýeleýär. Dükanda azyk we hojalyk harytlaryndan başlap, durmuşda ulanylýan enjamlara hem-de kanselýar esbaplaryna çenli harytlaryň örän köp görnüşi hödürlenilýär.
Şunuň bilen birlikde, merkezde öýjükli aragatnaşyk bölümleri, gözellik salony, tikin atelýeleriniň birnäçesi, fotostudiýalar, himiki usulda arassalaýyş nokady hem-de bankomatlar bar. Alyjylara amatly bolar ýaly ýörite taksileriň hyzmaty ýola goýlupdyr.
Elbetde, “Berkarar” dürli ýaşdaky çagalar üçin önümleriň köp görnüşlerini — egin-eşiklerden we mekdep esbaplaryndan başlap, dürli oýnawaçlara hem-de çagalaryň döredijiligi üçin zerur bolan harytlara çenli islendik önümleri hödürleýär. Mälim bolşy ýaly, ösüp gelýän nesil hakdaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ýurdumyzda ýaş raýatlaryň bagtyýar durmuşy hem-de sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredildi. Şoňa görä-de, çagalar üçin nieýtlenen harytlaryň hiline uly talap bildirilýär.
Milli Liderimiz hemişe türkmen halkynyň öz çagalaryna uly söýgi bilen garaýandygyny aýratyn nygtaýar. “Bal süýji, baldan-da bala süýji” ýaly asyrlaryň dowamynda dörän parasatly halk nakyly muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ata üçin agtyklarynyň bagtyýarlygyny, şatlygyny hem-de abadançylygyny görmekden uly bagt ýokdur.
Paýtagtymyz hem-de welaýatlar boýunça amala aşyrýan iş saparlarynyň barşynda, ýurdumyzyň durmuşyndaky ajaýyp senelere hem-de täze desgalaryň açylyşyna gabatlanyp geçirilýän dabaralarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe ýaş nesliň wekilleri bilen söhbetdeş bolýar. Şol nesil baradaky alada bolsa Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde yglan edildi.
“Berkarar” söwda merkeziniň üçünji gatynda 4400 inedördül metr meýdanda çagalar üçin niýetlenen häzirki zaman dynç alyş toplumy ýerleşýär. Döwlet Baştutanymyz şu gün agtyklary bilen bu ýere hem baryp gördi. Şol ýerde körpeler we ýetginjekler üçin oýun zolaklary ýerleşýär. Olara dürli görnüşli attraksionlar we oýun awtomatlary hödürlenilýär. Bu ýerde oýnawaçlar pudagynyň san-sajaksyz täze görnüşleri jemlenipdir, olar diňe bir çagalaryň däl, eýsem, olaryň ene-atalarynyň hem ünsüni çekýär.
Mundan başga-da, toplumyň şol gatynda buzly meýdança bar. Bu meýdança figuralaýyn typmaga täze başlan ýetginjekleriň ünsüni özüne çekýär. Şeýlelikde, bu ýerde çagalaryň boş wagtlaryny gyzykly we işjeň geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredildi. Häzirki tomus günlerinde “Berkarar” toplumyna gelýän çagalaryň sanynyň ep-esli artandygy hem tötänden däldir.
“Berkarar” söwda toplumynyň dynç alyş bölüminde kinosöýüjiler üçin birnäçe zally kinoteatr, şol sanda 3D we 5D ölçegli filmleri görkezmek üçin niýetlenen zallar, bouling zaly, bilýard oýnalýan zal bar. Dürli tagamlary hödürleýän kafeler we restoranlar aşgabatlylary hem-de paýtagtymyzyň myhmanlaryny myhmansöýerlik bilen garşy alýarlar. Olarda dünýäniň dürli halklarynyň tagamlaryndan datmak bolýar. Şeýle hem olar çagalara hem-de olaryň ene-atalaryna doňdurmalaryň dürli görnüşlerini hem-de beýleki süýjülikleri hödürleýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň kafelerinde müşderilere tagamlaryň hem-de süýjülikleriň köp görnüşleriniň hödürlenilýändigine göz ýetirdi. Tomsuň yssy günlerinde bu ýerde doňdurmanyň, miwe suwlarynyň, şol sanda sowadyjy içgileriň köp görnüşleri uly islegden peýdalanýar.
Ýeri gelende aýtsak, türkmen önüm öndürijileri, milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň wekilleri ýokary hili we ajaýyp tagamy hem-de özboluşlylygy we gaplarynyň owadanlygy bilen tapawutlanýan bu önümleriň köp görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdular. Ýurdumyzda öndürilýän doňdurmalar, miwe suwlary, sowadyjy içgiler we süýji-köke önümleri ilatymyzyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar, aýratyn hem olar çagalara ýaraýar.
Döwlet Baştutanymyzyň agtyklary “Berkararyň” dynç alyş-oýun zolagynda ornaşdyrylan hem-de çagalara iň ýakymly we ýatdan çykmajak duýgulary bagyş edýän attraksionlarda wagtlaryny şadyýanlykda geçirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän nesliň abadançylygyny üpjün etmek döwletimiziň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistany bagtyýar çagalygyň ýurdy diýip atlandyrmak bolar. Bu ýerde ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň mynasyp bilim we terbiýe almagy, olaryň sagdyn ösmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, özleriniň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli tagallalar edilýär. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar.
Döwletimiz çagalaryň tomusky dynç alyş günlerini gyzykly we peýdaly geçirmekleri, oňat dynç almaklary hem-de saglygyny berkitmekleri üçin alada edýär. Gökderede hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan ajaýyp çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýaş türkmenistanlylaryň ygtyýaryndadyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döwletimiziň çagalar hakdaky aladasynyň ýerine düşýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar. Bu ýerde, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda çagalaryň hem-de maşgalalaryň dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Bu döwrebap deňiz şypahanasynyň düzümine ajaýyp myhmanhanalar hem-de çagalar we ulular üçin köpugurly dynç alyş merkezleri girýär. Olaryň hatarynda “Daýanç” we “Arzuw” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri bar. Olaryň çäginde çagalar hem-de olaryň ene-atalary üçin kaşaň binalar guruldy.
«Awazada» dürli attraksionlary, oýun awtomatlaryny, sport meýdançalaryny öz içine alýan ajaýyp seýilgäh we dynç alyş toplumlary hem bar. Olaryň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň durmuş abadançylygyny üpjün etmek meselelerine uly üns berýändiginiň, döwlet Baştutanymyzyň ösüp gelýän nesil hakda atalyk aladasyny edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz hemişe çagalaryň wagtyny gyzykly geçirmekleri, şäherlileriň medeniýetli dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmeginiň wajypdygyny belleýär. Munuň özi mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda milli Liderimiz çagalaryň dynç alşynyň şadyýan we gyzykly bolmalydygyny, onuň maksatnamasyna aň-paýhas bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň, taryhy ýadygärliklere we tebigatyň ajaýyp ýerlerine gezelençleriň girizilmelidigini nygtaýar. Munuň özi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir we çagalaryň sazlaşykly ösmegine hem-de watançylyk terbiýesine, olaryň gözýetiminiň giňelmegine ýardam eder.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tomusky dynç alşy guraýjylar ilata edilýän hyzmatyň ýokary hilini üpjün etmek, ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, dynç alyş ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli çäreleri görmek meselelerine aýratyn üns bermelidirler.
Paýtagtymyzdaky “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi bu ulgamyň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu merkeziň gapylary alyjylar üçin hemişe açykdyr, ol müşderilere döwrebap hyzmatlary hem-de göwnejaý dynç alşy hödürleýär.