BMG-nyň çagalaryň hukugy baradaky Konwensiýasyna goşulan Türkmenistan jemgyýetçiligi resminamanyň ýörelgeleri we düzgünleri barada habarly etmegi özüne borç edindi. Okuwlar ýurdumyzda çaganyň hukularynyň durmuşa geçirilişiniň esasy ugurlarynyň monitoringine gönükdirildi.
Çagalaryň hukularyny we bähbitlerini goramagyň, Konstitusiýa tarapyndan kepillendirmelerine we halkara borçlaryna laýyklykda her bir çaganyň doly derejeli hem-de hemmetaraplaýyn ösmegi üçin amatly şertleri we mümkinçilikleri döretmegiň meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çaganyň ösüp kemala gelýän gurşawyny sazlaşdyrmak boýunça köpugurly işe bilim, saglygy goraýyş, maşgala gatnaşyklary ýaly durmuş ulgamlary çekilýär. Türkmenistanyň kanunçylygynda berkidilen çaganyň hukulary onuň abadançylygynyň we doly derejeli ösüşiniň kepilnamasydyr.
Şu wagta çenli çagalygy goramak syýasatynda esasan çaganyň hukuklaryny üpjün etmäge üns berilýärdi. Şunuň bilen birlikde, çagalarda işjeň durmuş ornuny eýelemegi terbiýelemek, çagalaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky hukuklaryna we ornuna, şahsyýet hökmünde kemala gelmeginiň zerurlygyna düşünmegini öwretmek Konwensiýanyň mögüm ugrudyr. Türkmenistan Konwensiýanyň esas goýujy ýörelgelerine eýerip, çagalar bilen deň derejeli gepleşikleri ýola goýup, olaryň özüne degişli çözgütleriň kabul edilmegine çagalaryň ýakyndan gatnaşmagyny höweslendirmek babatda işjeň iş alyp barýar.
ÝUNISEF-iň bu köptapgyrly işine monitoring geçirmek maksady bilen milli parlamentariler bilen okuwlar tapgyry geçirildi. Olaryň biri—çagalaryň hukulary boýunça bilermen-maslahatçylary taýýarlamaga gönükdirilendir. Ikinjisi—deň-duşlarynyň arasynda çagalaryň hukularynyň meseleleri boýunça monitoring geçirmegi çagalara öwretmekdir.
Mejlisiň deputatlaryndan, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukulary Milli institutynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden bilermenleri okatmagyň barşynda çagalaryň ösüş aýratynlyklary, çagalaryň hukuklary barada Konwensiýanyň we maýyplaryň hukuklary barada Konwensiýanyň ýörelgelri, çagalaryň hukuklaryny berjaý etmek, goramak we üpjün etmek, çagalaryň hukuklarynyň monitoringi babatda döwletiň borçlary barada tematiki maglumatlar berildi. Türgenleşik okuwa gatnaşyjylar berlen maglumatlara garap, maslahatlary we mundan beýläkki işiň meýilnamalaryny işläp taýýarladylar.
Ikinji okuwyň tematikasynyň çäklerinde bilermenler çagalary çagalaryň hukugy baradaky Konwensiýa, onuň kabul edilişiniň taryhy bilen tanyşdyrdylar, resminamanyň we onuň esasynda kabul edilen milli kanunyň düzgünleri, şeýle hem çagalryň özleriniň gatnaşmagynda çagalaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilişine monitoringiň zerurlygyny düşündirdiler. Türgenleşik okuwyň ikinji bölegi çagalary deň-duşlaryna öz hukuklaryny amala aşyrmak boýunça maslahatlar bermegi, maýyp çagalaryň durmuş işjeňligini, çözgütleri kabul etmäge gatnaşmagyny öwretmäge gönükdirildi.
Okuwlaryň guramaçylarynyň belleýşi ýaly, çagalaryň hukuklaryny öňe sürmäge we onuň monitoringine çagalaryň gatnaşmagy demokratik özgertmeleriň ösüşiniň we ösüp gelýän nesliň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmegiň netijeli ulgamyny üpjün etmegiň möhüm ugrydyr.