Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow boş wagtynyň nobatdaky gününi sungat bilen meşgullanmaga bagyşlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitaplarynda we beýleki eserlerinde milli medeniýeti ösdürmegiň esasy ugurlaryna hemmetaraplaýyn, sungata belent sarpa goýýan ynsan hökmünde seljerme berip, ony mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ýollaryny kesgitledi.
Şeýle hem milli Liderimiz ruhy mirasyň möhüm bölegi hökmünde türkmen diliniň baýlyklaryny öwrenmegiň wajypdygy barada aýdyp, daşary ýurtlaryň medeniýetleriniň ösüşiniň oňyn tejribesini özleşdirmelidigimizi hem-de daşary ýurt dillerini içgin öwrenmelidigimizi nygtaýar. Munuň özi bolsa ýaş hünärmenleriň gözýetimini ep-esli giňeldýär, peýdaly maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.
Aslynda, türkmen şahandaz halkdyr. Ajaýyp aýdym-saz adamlary birleşdirýär we jebisleşdirýär, olary asylly işlere ruhlandyrýar diýip, milli Liderimiz belleýär.
Döwlet Baştutanymyz milli medeniýeti, aýdym-saz sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Medeni gymmatlyklary ösdürmegiň wajypdygyny belleýär.
Milli Liderimiz ähli işde bolşy ýaly, özüniň köpugurly zehinini hem-de ruhubelentligini görkezip, şu gün “Kalbymda sen” diýen aýdymyň üstünde işlemegi tamamlady. Bu aýdymy döretmek pikiri baryp ýetginjeklik ýyllarynda peýda bolupdy. Döwlet Baştutanymyzyň agtyklary Kerimguly we Ysmaýyl diňe bir bu aýdymyň ilkinji diňleýjileri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, saz gurallarynda bu aýdymyň sazyny ýerine ýetirdiler. Olar özleriniň atasynyň ýakymly sesi bilen aýdymy ussatlyk hem-de joşgun bilen ýerine ýetirişine buýsandylar. Milli Liderimiz aýdymyň sazyny hem dürli saz gurallarynda ussatlyk bilen çaldy.
Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz häzir ýene-de bir täze saz eseriniň hem jemleýji pursatlarynyň üstünde işleýär. Bu ajaýyp saz eseriniň sözlerini ýazmak işi öňde durýar. Çünki bu şirin owaza ýakymly sözler goşulyp, ajaýyp aýdym-saz eseriniň döremegine garaşylýar.
Milli Liderimiz agtyklaryny sungatyň syrly dünýäsine aralaşdyryp, olara türkmen halkynyň gadymdan gelýän sungatynyň şöhratly taryhy, halk aýdym-sazlarymyzy şu günki belent derejä ýetiren halypa bagşy-sazandalarymyz, aýdymçylarymyz barada aýdyp, bu ýörelgäniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler hakynda gürrüň berdi.
Hut köp nesilleriň tagallalary hem-de aýdym-saza aýawly garamagy netijesinde halk döredijiliginiň bahasyna ýetip bolmajak eserleri biziň günlerimize gelip ýetdi. Häzirki ýaşlaryň wezipesi milli medeni mirasymyzy öwrenip, olary geljekki nesillere geçirmekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda: “Ilki mekdep, soňra talyplyk ýyllarymda men saz bilen aramy üzmeýärdim. Aýdym aýtmak, dutardyr akkordeon çalmak meniň öňümde sungatyň täsin, ajaýyp dünýäsini açýardy. Saz bilen meşgullanmak okuwdan ünsümi sowmaýardy, tersine, täze bilimleri ele almagyma itergi berýärdi, şahsyýet hökmünde kämilleşmegine ýardam edýärdi, durmuşa bolan işjeň garaýyş hem islendik işe döredijilikli çemeleşmekligime kömek berýärdi” diýip belleýär.
Milli Liderimiz ruhy mirasyň möhüm bölegi hökmünde türkmen diliniň baýlyklaryny öwrenmegiň wajypdygy barada aýdyp, daşary ýurtlaryň medeniýetleriniň ösüşiniň oňyn tejribesini özleşdirmelidigimizi hem-de daşary ýurt dillerini içgin öwrenmelidigimizi nygtaýar. Munuň özi bolsa ýaşlaryň gözýetimini ep-esli giňeldýär.
Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiziň agtyklary Kerimguly we Ysmaýyl bu ýörelgä eýerip, meşhur daşary ýurt ýerine ýetirijileriniň aýdymlaryny öwrenýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlary dürli görnüşli döredijilik, sport bilen meşgullanmaga höweslendirip, hatda tomusky dynç alyş günlerinde hem olaryň öz wagtyny many-mazmunly, gyzykly hem-de ruhubelent ýagdaýda geçirmelidiklerini sargyt edýär. Diňe öz ukybyňy yzygiderli ösdürmek, kämillige ymtylmak aň-bilimiňi giňeltmek, amaly tälimleri ele almak arkaly ruhy taýdan baý şahsyýet kemala gelýär. Şeýle şahsyýetlerden bolsa gülläp ösýän hem-de rowaçlanýan jemgyýet, bagtyýar halk we kuwwatly döwlet kemala gelýär.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, medeniýeti, sungaty we edebiýaty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Eziz Watanymyzyň şäherlerinde we obalarynda döwrebap medeniýet öýleriniň hem-de köşkleriniň, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen kitaphanalaryň, muzeýleriň, sazçylyk mekdepleriniň we sungat mekdepleriniň, medeni maksatly beýleki desgalaryň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Medeniýet ulgamyndaky syýasata yzygiderli durnukly ösüş strategiýasynyň esasy şertleriniň biri hökmünde baha berilýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda medeniýet ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýurdumyzyň ilatynyň medeni gymmatlyklaryň ähmiýetine has çuňňur düşünmegi üçin täze mümkinçilikleri döretmek, şahsyýetiň ruhy-ahlak kuwwatyny ösdürmek, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda medeniýet ulgamynyň ornuny güýçlendirmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda halkara festiwallaryny, sergileri, bäsleşikleri hem-de beýleki medeni çäreleri yzygiderli geçirmek ajaýyp däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki şertlerde medeniýet ulgamynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belläp, hususan-da, ädilýän ädimleriň işiň ýokary netijeliligini üpjün edýändigini, ony ösüşiň täze sepgitlerine çykarmaga, uly üstünlikleri gazanmaga ýardam edýändigini hem-de halkymyzyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklarynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtaýar.
Ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygynyň döwlet derejesinde bellenilýändigini aýtmalydyrys. Eziz Watanymyzyň gazanýan ähli uly üstünliklerinde hem-de ýeten belent sepgitlerinde medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň, ýazyjylaryň we şahyrlaryň, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň, bagşylaryň we sazandalaryň hem uly goşandy bar.
Biziň ýurdumyzda zehinli ýetginjekler we gyzlar, ösüp gelýän nesliň başarjaň wekilleri az däldir. Diňe bir zehinleri ýüze çykarmak üçin däl, eýsem, olary ösdürmek üçin dürli bäsleşikleri geçirilýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigi, “Ýaňlan, Diýarym!”, “Merjen däneleri” bäsleşigi we beýlekiler bar. Şol bäsleşiklerde ýeňiji bolanlar döwlet derejesinde dabaraly ýagdaýda sylaglanylýar, olaryň iň gowulary bolsa döwlet Baştutanymyzdan ýokary derejeli baýraklary alýarlar.
Türkmen edebiýatyny, sungatyny we medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmekde özygtyýarly döwletimizde durmuşa geçirilýän möhüm maksatnamalary hem-de giň möçberli çäreleri, ýurdumyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý mirasyny, ata-babalarymyzyň gadymy däp-dessurlaryny şöhlelendirýän döwrebap eserleri döretmekde biziň döredijilik işgärlerimiziň hyzmaty uludyr.
Bu eserler belent ruhy-ahlak ýörelgelerini – watançylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini berkarar edýär hem-de biziň bagtyýar ildeşlerimizi eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Döwletimiz medeniýet we sungat işgärlerine uly goldaw berýär, olaryň netijeli işlemegi, türkmen halkynyň özboluşly mirasyny aýawly saklamakda we wagyz etmekde täze üstünlikleri gazanmagy hem-de bu ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmegi we ösüşiň täze derejesine çykarmagy üçin ähli şertleri döredýär.
Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet ulgamynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belläp, her bir täze eseriň ildeşlerimizi halal we tutanýerli zähmete, belent sepgitlere hem-de täze zähmet ýeňişlerini gazanmaga ruhlandyrmalydygyny nygtaýar.