Türkmenistanyň we BMGÖM bilelikdäki “Howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçiliklere, milli we ýerli derejelerde fermer hojalygyna üns bermek” taslamasynyň çäklerinde Aşgabatda “Suwdan peýdalanýanlar toparyny döretmek üçin birleşikleri gönükdirmek”atly maslahat geçirildi
Global ekologiki töwekgelçilikleri azaltmak boýunça degerli çäreleri geçirmekde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldamak bilen, Türkmenistan BMG Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmaga täsir edýän taslamalary amala aşyrýar.
Ýurduň Prezidenti we hökümeti daşky gurşawy goramak meselelerine we ekologiki ulgamyň dikeldilmegine aýratyn üns berýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ekologiki taýdan howpsuz tehnologiýalar ornaşdyrylýar, tebigaty ulanmagyň düýpli täze modelini beýan edýän kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa kabul edildi. Bu resminama tebigaty ulanmak ulgamynda we halkara ekologiki hyzmatdaşlygy giňeltmekde döwlet syýasatyny emele getirmekde esas bolup durýar.
Meseläniň toplumlaýyndygyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejeli maslahatlarda häzirki we geljekki nesiller üçin global şertlerde biziň planetamyzyň ajaýyplyklarynyň saklanyp galmagy we aýamak boýunça milli, sebitleýin we halkara usullaryny has ýakyndan utgaşdyrmak barada çykyş edýär. Türkmenistanyň başlangyçlarynyň hatarynda – BMG bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça Sebitleýin merkezi döretmek baradaky teklibi görkezmek bolar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ideýa ygrarlydygyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde eden çykyşynda ýene-de bir gezek tassyklady. Bu ýerde 2030-njy ýyla çenli global maksatnama hökmünde Durnukly ösüşiň maksatlary kabul edildi.
Türkmenistanyň durnukly ösüş maksatlary babatda BMGÖM bilen hyzmatdaşlykda “Howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçiliklere, milli we ýerli derejelerde fermer hojalygyna üns bermek” taslamasy işlenilip düzüldi we amala aşyrylýar. Taslamada üç sany – Garagum, Nohur we Sakarçäge ýaly synag tapgyrlary hereket edýär. Ýurduň dürli geografiki zolaklarynda ýerleşip, olar ýurduň agroekologiki sebitleriniň üç sany birmeňzeş – daglyklardan, çöllüklerden we ýaýlalardan ybaratdyr, Olar suw üpjünçiligi we oba hojalyk önümçiliginiň guralyşy bilen tapawutlanýarlar.
Taslama suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş ulgamynyň tehniki taýdan durkuny täzelemek we ýer we suw ulanylanda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreler toplumyny göz öňünde tutýan howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny amala aşyrmak babatda ýerli ilatyň tebigaty goramak çärelerine gatnaşmagynda düzüldi.
Taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde ýerlerde tebigaty goramak çäreleri geçirlende has gowşak pursatlary seljerildi, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini ýeňilleşdirmek we azaltmak boýunça öňde duran wezipeler kesgitlendi. Çöllük zolakda ýerleşýän Garagum etrabynda suwy tygşytlamagyň däbe öwrülen usullary we göçýän çägeleri berkitmek gerek bolup durýar. Daglyk Nohur sebitinde ekerançylygy we gök ekerançylygy ösdürmäge gönükdirilen çäreler toplumy göz öňünde tutuldy. Sakarçäge etrabynyň suwarymly zolagynda topragyň şorlaşmagynyň öňüniň alynmagyna we ýerleri tekizlemekde we irrigasiýada täze tehnologiýalary ulanmaga üns berildi. Şeýle hem taslamada howanyň üýtgemegini nazara almak bilen bagly milli kanunçylygy kämilleşdirmek we suw serişdelerini dolandyrmagyň durmuş-ykdysady ugurlary, şeýle hem ministrlikleriň we edaralaryň işgärleriniň habarlylygyny ýokarlandyrmak, toprakdan- we suwdan peýdalanyjylaryň ekologiki meselelerini nazara almak bilen, oba hojalyk önümçiliginiň häzirki zaman tehnologiýalary boýunça okatmak göz öňünde tutulandyr
Taslama laýyklykda Garagum etrabynda täze guýular we sardobalar gurulýar, çäge süýşmelerinden goramak maksady bilen, gamyş gözenekleri oturdylýar, damjalaýyn usulda suwaryş ulgamy taslanyldy we guruldy, takyrlary we tebigy suw desgalaryny arassalamak işleri dowam edýär. Nohurda bentler guruldy we köneleriniň durky täzelenildi, damjalaýyn usulda suwarmagyň täze ulgamy taslanyldy, dag eňňitlerinde arçalar ekilýär, üzüm we topragyň zaýalanmagyny duýdurýan badam meýdanlarynyň düýbi tutulýar. Sakarçäge etrabynda suw akabalarynyň ugrunda suwy sazlaýjy enjamlar guruldy, drenaž kollektor ulgamlaryny arassalamak, topragy dikeltmek, lazer enjamlarynyň kömegi bilen tekizlemek usuly girizildi. Halkara bilermenleriniň goldaw bermeklerinde ýerli hünärmenler üçin amaly sapaklar yzygiderli guralýar. Bu bolsa sebitleri durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Howanyň üýtgemegine öwrenişmek üçin esasy ugurlar: ilatyň saglygy, oba we suw hojalygy, Hazar deňziniň kenary, tebigy ekoulgamlar: flora, fauna, tokaýlyklar, toprak we ýer serişdeleri bolup durýar.
Kabul eden halkara borçnamalaryna eýermek bilen, Türkmenistan parnik gazlarynyň howa zyňylmagyny çäklendirmäge çalyşýar, ýurtda energonetijeliligi, energo, we serişde tygşytlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen netijeli taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar. Garagum çölünde Türkmen kölüniň gurulmagy we ýurduň şäherlerini we ilatly ýerlerini gök baglyga öwürmek boýunça döwlet başlangyjy möhüm ähmiýete eýedir. Hazaryň ajaýyp ekoulgamyny goramak, şeýle hem Aral deňzi sebitiniň ýagdaýyny durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamalar göz öňünde tutuldy we amala aşyrylýar. Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa iň täze energotygşytlaýjy tehnologiýalary we alternatiw energiýa çeşmelerini ulanmak bilen, "Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça ekologiki taýdan sazlaşdyrylan mega-taslamany amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.
Bu çäreleriň ählisi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini azaltmaga şert döredýär we durnukly ykdysady ösüşe ýardam berýär.