Türkmenistanyn Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet dynç alşynyň nobatdaky gününde täze kitaplaryň üstünde işlemegi dowam etdi. Bu kitaplar türkmen halkynyň dürli ulgamlarda taryhy tejribesi hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň geljegi baradaky çuňňur oýlanmalaryň we pikir ýöretmeleriň miwesi bolup durýar.
Möhüm döwlet işleri, wajyp wakalar, saparlar hem-de ýokary derejedäki duşuşyklar bilen baglylykda işiniň örän köpdügine garamazdan, döwlet Baştutanymyzyň işden boş wagtynda sportuň dürli görnüşleri, aýdym-saz ýa-da edebi döredijilik hem-de ylmy işler bilen meşgullanýandygy hemmämize mälimdir.
Milli Liderimiz döredijilik bilen meşgullananda, köpsanly taryhy çeşmeleri, arhiw materiallaryny we ol ýa-da beýleki ylmy, çeperçilik – publisistiki mowzuk boýunça dürli maglumatlary hemmetaraplaýyn we içgin öwrenýär. Hormatly Prezidentimiziň döreden “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, haly sungaty hakyndaky "Janly rowaýat” ýaly meşhur kitaplary hem-de dünýäniň köp dillerine terjime edilen beýleki işleri bu tutanýerli zähmetiň aýdyň netijeleridir.
Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda döreden eserleriniň hatarynda “Ile döwlet geler bolsa…”, “Çaý - melhem hem ylham” atly kitaplar bar. Şu ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda milli Liderimiz ahalteke bedewlerine bagyşlanan ýene-de bir ajaýyp eseri “Gadamy batly bedew” atly kitaby hem-de türkmen halylaryna bagyşlanan “Arşyň nepisligi” atly eseri ýazdy.
Bu gezek döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze eserleriň üstünde işlemegi dowam etdi, olaryň biri gözbaşyny Oguz handan alyp gaýdýan türkmen milletiniň döreýşiniň taryhyna, beýlekisi bolsa türkmen parahatçylyk söýüjiliginiň, ruhy özboluşlylygynyň hem-de hoşniýetliliginiň gözbaşlaryna bagyşlanýar.
Bu kitaplary ýazmaga girişmezden öň, milli Liderimiz türkmen halkynyň diplomatiýa sungatyny üstünlikli ulanmagyň taryhy mysallary hakyndaky maglumatlary çuňňur öwrendi. Bu mysallar bolsa diňe bir ýyl ýazgylarynda däl, eýsem, çeper edebiýatda hem aýdyň beýanyny tapdy.
Döwlet Baştutanymyz bu mysallary sungatyň parahatçylyk döredijilik ýörelgeleri hem-de milli özboluşlylyk arkaly seljerip, türkmenleriň häsiýetiniň aýratynlyklaryny açyp görkezýär. Bu häsiýetler bolsa giň möçberli gymmatlyklarda, diňe bir ruhy-medeni ýörelgelerde däl, eýsem, syýasy-taryhy gymmatlyklarda hem has aýdyň ýüze çykýar.
Başgaça aýdylanda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň özboluşlylygyny döwlet syýasatynyň we taryhy döredijiligiň däpleriniň derejesine çykaryp, olary hut ahlak ýörelgeleri esasynda berkidýär. Parahatçylyk söýüjilik we beýleki ruhy gymmatlyklar bolsa şol ýörelgeleriň özenini düzýär.
Umuman, kitaplar döwlet ösüşiniň “türkmen nusgasynda” aýdyň beýanyny tapan öz ýoluňy gözlemegiň taryhy netijelerine täze garaýşy açar. Oňyn Bitaraplyk derejesinde halkymyzyň taryhy hakydasy, milli aň-düşünjesi, onuň häsiýetiniň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen psihologiki esasy aýdyň beýanyny tapdy.
Türkmen özboluşlylygynyň esasy häsiýetleri baryp gadym döwürlerde kemala gelip başlady, şonda köpsanly däp-dessurlar we urp-adatlar döredi. Häzirki wagtda şol däp-dessurlar nesilden-nesle aýawly geçirilip, halk pähiminiň genji-hazynasyny düzýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli özboluşlylygyň gözbaşlaryny, çeşmelerini hem-de şertlerini seljerip, mähriban topragyňy janyň-teniň bilen söýmek hem-de agzybirlik ýaly esasy ýörelgeleri aýratyn belläp geçýär. Biziň ata-babalarymyz gazaply ýerli howa şertlerinde ýaşamak üçin birleşmeli hem-de jebisleşmeli, bilelikde ýerleri özleşdirmeli, şäherleri gurmaly bolýardylar, öz erkinligini goramak, özboluşlylygy, medeniýetini we dilini saklap galmak üçin bolsa duşmanlaryň çozuşlaryna garşy durmaly bolýardylar. Şunda olar beýleki halklar bilen hemişe agzybirlikde ýaşamagyň ýollaryny gözleýärdiler. Milli taryhymyzda halkymyzyň agzybirligi we parahatçylyk söýüjiligi baradaky mysallar, şol sanda hekaýatlarda we rowaýatlarda, taryhy resminamalarda, ýazuw çeşmelerinde galan mysallar az däldir.
Parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we hoşniýetlilik türkmenleriň özboluşlylygynyň aýrylmaz häsiýetleri bolup durýar. Bu häsiýetler bolsa diňe bir goňşularyň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat-sarpa goýmakda däl, eýsem, ylym we sungat ulgamynda gazanylanlary ykrar etmekde hem aýdyň ýüze çykýar. Häzirki döwürde bu häsiýetler täze öwüşgine eýe boldy, olar giň halkara gatnaşyklarynda, hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda aýdyň beýanyny tapýar.
Milli Liderimiz bu ulgamda esasy wezipeleri kesgitläp, milli mirasa häzirki döwrüň täze talaplary babatda garamak hem-de onuň entek üsti açylmadyk taraplaryny görmek, olarda halkymyzyň parasatlylygyny hem-de joşgun-zehinini ýüze çykarmak pikirini öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň öňünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň düýpli özgertmeleriniň häsiýetine hem-de giň möçberliligine laýyklykda, ýurdumyzyň ideologiýa binýadyny kemala getirmek boýunça möhüm meseleleri gozgaýar. Gürrüň adam kuwwatyny kemala getirmek barada barýar. Diňe bir medeniýet ulgamy däl, eýsem, ruhy gymmatlyklara sarpa goýýan, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlaýan, halkara gatnaşyklaryna ygrarly demokratik ýurt hökmünde Türkmenistanyň jemgyýeti we ykdysadyýeti hem şol kuwwata daýanar.
Okyjylar döwlet Baştutanymyzyň her bir kitabynda ruhlandyryjy pikiri tapyp biler. Çünki şol kitaplar hakyky watançy, alym, parasatly syýasatçy, mähriban halkyny hem-de eziz Watanyny janyndan eý görýän, ajaýyp hem-de beýik geljege ýürekden ynanýan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýazyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli mirasyň dowamatlylygyna, mähriban halkymyzyň taryhyny we medeniýetini öwrenmäge aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň yglan edilmegi bilen bu uly ähmiýetli hem-de wajyp işe täze kuwwatly itergi berildi.
Köpsanly çäreleri öz içine alýan bu giň möçberli çäre diňe bir medeniýet ulgamy üçin däl, eýsem, jemgyýetimiziň durmuşynyň beýleki ulgamlary üçin hem örän ähmiýetlidir. Çünki, biziň mirasymyz diňe bir ýadygärliklerden, folklordan, däp-dessurlardan däl, eýsem, halkymyzyň baý ruhy tejribesinden, onuň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan durmuş-taryhy hakydasyndan hem ybaratdyr. Şol gymmatlyklara ýüzlenmek bolsa, häzirki wagtda pähim-paýhasa ýugrulan ýörelgeleriň ähmiýetini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.
Biziň milli däp-dessurlarymyz hut şu ýörelgelere esaslanýar, şunda ruhy gymmatlyklar hem-de parasatly wesýetler, ahlak ýörelgeleri nesilden-nesle geçirilýär.
Olar köp asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, durmuş mekdebiniň möhüm sapaklaryna öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaplarynda bular we beýlekiler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Köpsanly okyjylar bu kitaplary ýakyn wagtda alarlar.