Ï Iýul — 2016: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iýul — 2016: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

view-icon 1474
Türkmenistanyň dünýä açyklygyny, ähli döwletler bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýarlygyny geçen aýyň wakalarynyň senenamasy aýdyň görkezdi. Bu aýda köpsanly ikitaraplaýyn duşuşyklar, işewür gepleşikler we işewürler maslahatlary, giň gerimli medeni çäreler bolup, olary ýurdumyzyň ministrlikleri we edaralary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Watanymyzy dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna tiz goşulmagy hem-de halkara abraýynyň has-da artmagy babatda alyp barýan daşary syýasy strategiýasyna laýyklykda geçirdiler.

Iýul aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky komitetiniň IV mejlisi geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy, umumy pikire görä, şol gatnaşyklar işjeňligi bilen tapawutlanýar hem-de ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, Hytaý biziň ýurdumyzyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda birinji orny eýeleýär. Türkmenistan öz nobatynda Ýewraziýa sebitinde Hytaýyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Iki döwletiň işewür toparlarynyň wekilleriniň maslahatlaryny we yzygiderli duşuşyklaryny geçirmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, mejlise gatnaşyjylar şu ýylyň ikinji ýarymynda geçirilmegi meýilleşdirilýän türkmen-hytaý maýa goýum forumynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

5-nji iýulda Mejlisde Günorta Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Telar Ring Dengadan ynanç haty kabul edildi. Ol öz ýurdunyň özara gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde giňeltmegi ugur edinýändigini belledi.

Daşary işler ministrliginde dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili bilen geçirilen duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge özara gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, ýangyç-energetika toplumynyň, oba we suw hojalyklarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

Türkmen çakyr öndürijileri “Ýalta.Altyn Grifon—2016” Halkara bäsleşiginde “Gran pri” kubogynyň ikisine we altyn medallaryň 6-syna mynasyp boldular. Bu bäsleşik Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň üzümçilik we çakyr önümleri boýunça Bütinrussiýa milli ylmy-barlag institutynyň binýadynda şu ýylyň 2-9-njy iýuly aralygynda geçirildi. Oňa ýedi ýurtdan 53 kärhananyň önümleriniň 202 görnüşi gatnaşdyryldy. Türkmen çakyrlary Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň çakyr öndürýän kärhanalarynda öndürildi. Olar abraýly emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldular we dünýä bazarynda türkmen çakyrlarynyň bäsdeşlige ukyplydygyny tassyk etdiler. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan “Ýalta.Altyn Grifon”, şeýle hem Moskwada, Sankt-Peterburgda we Fransiýada geçirilýän şonuň ýaly bäsleşikleriň ýeňijileriniň hataryna yzygiderli girýär.

11-nji ýulda DIM-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin adam hukuklary baradaky Ýokary komisarynyň müdirliginiň sebitdäki wekilhanasynyň wekiliýeti kabul edildi. Bu wekiliýet degişli düzümiň baştutany jenap Rişard Komendiň ýolbaşçylygynda Aşgabatda geldi. Duşuşygyň barşynda myhmanlar adam hukuklary babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň ýolunda Türkmenistanyň geçirýän işleri we görýän yzygiderli çäreleri bilen tanyşdyryldy, şeýle hem degişli ugurda bilelikdäki işleri kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

13-nji iýulda Rim Papasynyň Türkmenistandaky Doly ygtyýarly wekili, Watikanyň nunsiýasynyň Apostoly jenap Paul Fitspatrik ýurdumyzda işläp başlady. Myhmanyň belleýşi ýaly, diplomatik işi başlanmazdan öň ol ýurdumyza birnäçe gezek gelip görüpdir. Diýarymyz onuň kalbynda gowy ýatlamalary galdyrypdyr, şonuň üçin özüniň jogapkärli wezipä bellenilmegini geljek ýyl diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 20 ýyl dolýan Türkmenistanyň we Watikanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Şol gün Rim Papasynyň Türkmenistandaky hemişelik diplomatik wekili ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky (UNFPA) wekilhanasy tarapyndan 15-nji iýulda paýtagtymyzyň “Berkarar” söwda dynç alyş merkezinde guralan çäreler giňden bellenilýän Bütindünýä ilat gününe bagyşlandy. “Ýetginjek gyzlara maýa goýumlary” baýramçylygynyň mowzugyny nazara almak bilen maksatnama dürli ugurlarda-aýdym-sazda, surat çekmekde, sportda we beýleki ugurlarda üstünlik gazanan gyzlar hakynda teatr sahnalaryny, interaktiw bäsleşigini, gyzykly wakalary, şeýle hem sport ýaryşlaryny we “Küşt depdi” tansy boýunça tälim sapagyny öz içine aldy. Tälim sapagy isleg bildirenleriň hemmesi—myhmanlar, şeýle hem söwda merkezine gelenler bilen geçirildi.

15-nji iýulda 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň jemleri boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksadynda Daşary işler ministrliginde täze düzüm birlikleri – Halkara guramalary departamenti, Şertnama-hukuk departamenti, hem-de Halkara habarlary departamenti döredildi.

18-nji iýulda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Margret Mariýa Ýubber bilen duşuşyk geçirildi. Ýangyç-energetika, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar, senagat, ulag-aragatnaşyk ulgamlary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän medeni-ynsanperwer ugry has giňeltmek maksadynda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

19-njy iýulda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky guramanyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň täze ýolbaşçysy ilçi hanym Natalýa Drozd kabul edildi. Dürli ugurlarda—syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesiniň esas bolup hyzmat edýän gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini tassyklamak bilen taraplar şu ýyl amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝHHG-nyň merkeziniň bilelikdäki taslamalaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün Daşary işler ministrliginde “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Hereketleriň 2016-2020-nji ýyllar üçin milli meýilnamasyny” amala aşyrmak meselelerini ara alnyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde guralan maslahata BMG-niň ýurdumyzda işleýän iri agentlikleriniň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara toparynyň agzalary, aýry-aýry ministrlikleriň hem-de edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Şu ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan, öňde agzalan meýilnamany amala aşyrmagyň barşyna aýratyn üns berildi. Bu meýilnama adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek boýunça döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işini has-da kämilleşdirmäge, halkara ynsanperwer hukugyny ýurdumyzyň kanunçylygyna hem-de hukuk ulanyş tejribesine ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri giň demokratik özgertmeleriň hem-de hukuk ulgamynda halkara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň äden ädimlerine ýokary baha berip, ýurdumyzyň geçirýän özgertmelerine hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardyklaryny aýtdylar.

20-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler minitsrliginde BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldaw bermeginde adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça ýörite iş toparynyň mejlisi boldy. Duşuşygyň baş maksady döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň ýanwarynda tassyklan “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” durmuşa geçirmek babatda nobatdaky çäreler ara alnyp maslahatlaşmakdan we olary işläp taýýarlamakdan ybarat boldy.

Bellenilişi ýaly, zenanlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak, döwlet ýeňilliklerini bermek, oňaýly ýaşaýyş we döredijilikli zähmet üçin zerur şertleri üpjün etmek, olaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyndaky ornuny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň barşynda jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertini kemala getirýär.

“Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 21 ýyllygynyň hem-de ýurdumyzda her ýylyň 21-nji iýulynda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň baýram edilmegi tomus paslynyň şanly wakasyna öwrüldi. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygyna wekilçilikli forumlar—saglygy goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we berkitmäge ýardam edýän “Saglyk-2016” halkara sergisi we ylmy maslahat gabatlandy.

Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde guralan ýöriteleşdirilen sergi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň innowasion ösüşiniň ýolundaky üstünlikleri, lukmançylyk ylmy we senagaty babatda Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň diwarlyklary bilen birhatarda bu ýerde dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan derman önümlerini, lukmançylyk enjamlaryny we serişdelerini öndürýän, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlarynda hyzmatlary edýän kompaniýalaryň 240-synyň diwarlyklary bilen tanyşdyryldy.

Ýurdumyzyň köp ýyllaryň dowamynda işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýän dünýä jemgyýetçiliginiň hem-de esasy halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-nyň we onuň iri düzümleriniň—Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF), Ilat gaznasynyň we beýlekileriň giňden ykrar etmesine mynasyp bolan bu ulgamda Türkmenistanyň gazananlaryny wekilçilikli ylmy maslahatyň çäklerinde geçirilen halkara sergisinde daşary ýurtly gatnaşyjylar hem bellediler.

21-nji iýulda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde gyzzyrmanyň gaýtalanmagynyň mümkinçiligini öňünden duýdurmak boýunça ýokary derejedäki geňeş maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin BSGG-nyň Ýewropa sebitiniň Baş-edarasynyň, hyzmatdaşlyk edýän guramalaryň wekilleri, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hünärmenleri Aşgabada geldiler.

Bu duşuşygyň geçirilmegi üçin Türkmenistanyň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir, çünki Türkmenistan BSGG-nyň gyzzyrmanyň ýok edilmegi hakynda ýörite şahadatnamasyny alan Ýewropa sebitiniň ilkinji döwleti bolup durýar. Bu howply keseli ýok etmekde anyk netijeleri gazanan ýurdumyz ady agzalan halkara guramanyň bilermenleriniň ykrar etmegine görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi üçin nusgadyr. Türkmenistanyň tejribesi BSGG-nyň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda ýaýratmak üçin hem teklip edildi.

Şol gün, 21-nji iýulda Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistana Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň gyzamygyň we gyzyljanyň ýok edilmegi hakynda halkara şahadatnamalaryny gowşurmak dabarasynyň geçirilmeginiň çuňňur manysy bardyr. Şeýle hem şol ýerde gozgalmaýan emläk ulgamynda “Binagärlik” tapgyrynda abraýly baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu baýraklar paýtagtymyzda açylan lukmançylyk desgalaryna gowşuryldy. Desgalaryň hatarynda Halkara newrologiýa merkezi, Morfologiýa merkezi, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi, Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkezi bar. Şeýle hem nemes lukmanlaryna—GFR-iň Augsburg şäheriniň gulak, bokurdak we burun klinikasynyň baş lukmany Ýohannes Senke hem-de GFR-niň Augsburg şäheriniň Oftalmologiýa klinikasynyň direktory Artur Jozef Fridrih Mýullere ýurdumyzyň saglygy goraýşyny we lukmançylyk ylmynyň ösdürmekdäki goşandy, bu ulgamda netijeli türkmen-german aragatnaşyklaryny berkitmek işindäki uly hyzmatlary üçin bu ýokary okuw mekdebiň Hormatly doktory we Hormatly professory diýen ylmy atlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

“Bikanun migrasiýa edilmegini öňünden duýdurmak hem-de adam söwdasyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleleri beýan etmek boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň mümkinçiligini ýokarlandyrmak”—iýul aýynyň üçünji ongünlüginde Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Aşgabatda guralan iki günlük okuw maslahaty şeýle atlandyryldy. Halkara bilermen, žurnalist Korneliýa Kozonagyň çagyrylmagynda geçirilen okuw maslahatyna köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň birnäçesiniň wekilleri gatnaşdylar.

25-njy iýulda DIM-de Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jon Holms bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerimli meseleleri boýunça, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmek, nebitgaz we ulag pudaklarynda iki ýurduň hyzmatdaşlyk etmegi babatda özara pikir alşyldy.

28-nji iýulda daşary syýasat edarasynda Singapur Respublikasynyň düzümleriň meseleleri boýunça utgaşdyryjy ministriň we ulag ministriniň ýörite wekili jenap Ýap Ong Heng kabul edildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar ulag ulgamynda, hususan-da, howa we deňiz ulaglary pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlar ulag pudagynda Singapuryň gazananlary bilen tanyşdyryp, işgärleri taýýarlamak, şol sanda türkmen hünärmenleri üçin yzygiderli okuwlary geçirmegiň hasabyna taýýarlamak babatda öz hyzmatlaryny hödürlediler.

Iýul aýynyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň meşhur sagaldyş künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gagauz awtonomiýasyndan onlarça çagalaryň ýatdan çykmajak dynç alyş günlerini geçirendigini belläp geçmek gerek. Bu baradaky ylalaşygyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Moldowa Respublikasynyň Gagauz awtonom-çäk düzüminiň baştutany hanym Irina Wlahyň duşuşygynda, myhmanyň şu ýylyň mart aýynda Aşgabada bolan resmi saparynyň çäklerinde gazanylandygyny ýatladýarys.

Synymyzyň ahyrynda däp boýunça halkara sport meselesine degip geçip, Halkara Olimpiýa Komitetiniň we UNESKO-nyň howandarlygynda Ýakutsk şäherinde (Russiýa) geçirilen “Aziýanyň Çagalary” atly VI Halkara oýunlaryna türkmen ýygyndysynyň gatnaşandygyny bellemek isleýäris. “Sportda dostlukdan—Ýer ýüzünde parahatçylyga tarap!” diýen şygar astynda geçirilen ýaryşlara gatnaşmaga sagdyn durmuş ýörelgelerine eýeriji ýetginjekleriň 38 ýurtdan 3 müňe golaýy, şol sanda biziň watandaşlarymyzyň 60-dan gowragy ýygnandylar. Olar sportuň 9 görnüşi, şol sanda başa-baş göreşler boýunça ýaryşlara gatnaşdylar.

Guramaçylyk tejribesini öwrenmek maksady bilen, Ýakutskdaky Halkara sport oýunlarynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň wekilleri hem boldular. Şunuň bilen baglylykda, 12-nji iýulda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş edarasynda, Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, Arkalaşyga agza ýurtlaryň hemişelik wekilleri çagyryldy.

Türkmen sirkiniň wekili—gimnastikaçy Selbi Şyhyýewa Astanada (Gazagystan) iýul aýynyň birinji ongünlüginde geçirilen “Aziýanyň Ýaňy” atly IX Halkara sirk sungatynyň festiwalynyň kümüş baýragynyň eýesi boldy. Ol “Surat eseri” diýen ajaýyp çykyşyny görkezdi. Eminler “Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy we ýokary hünär başarjaňlygy üçin” oňa kümüş medal gowşurdylar. Selbi “Gazak Döwlet Sirkinden” ýörite baýraga hem mynasyp boldy.

ITF taekwondoda “ussat” (VII dan) halkara adynyň eýesi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda bu söweş sungatynyň sport mekdepleriniň bäşisinde tälim beriş okuwlaryny geçirmegi biziň türgenlerimiziň ýokary dünýä derejesinden habar berýär.

Mahlasy, koreý başa-baş söweşiniň türkmen mekdebi dünýäniň sport äleminde özüni örän oňat görkezdi. Ine, taekwondony esaslandyryjy Çoý Hong Hiniň ýadygärligine bagyşlanyp geçen ýyl Buharada (Özbegistan) geçirilen ýaryşda türkmenistanlylar ýeňiş Kubogyny hem-de umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler. Almatyda (Gazagystan) şu ýyl Aziýanyň ýazky çempionatynda bolsa biziň ýygyndymyz baýraklaryň 20-sini—dört altyn, alty kümüş we on bürünç medallary gazanyp, iň güýçli üçlüge girdi.

Iýul aýy türkmen küştçüleri üçin hem baýraklara baý boldy. Türkiýäniň Izmir şäherinde geçirilen halkara küşt ýaryşynda ýurdumyza wekilçilik eden FIDE-niň ussady Bahar Hallyýewa bürünç medala mynasyp boldy. 10-dan gowrak döwletden 150-ä golaý küştçünii ýygnap, Türkiýede geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň ýokary ligasynyň çempionatynyň üç gezek ýeňijisi 5,5 utuk toplady hem-de has ýokary derejeli garşydaşlaryndan—halkara ussatlaryndan we grossmeýsterlerinden öňe saýlandy.

Eýranyň paýtagty Tähranda ýetginjekleriň arasynda geçirilen çempionatda biziň küştçilerimiz medallaryň altysyny (üç altyn we şonça-da kümüş) gazandylar, Moskwada erkekleriň arasyndaky halkara ýaryşynda bolsa ýene-de üç altyn we iki kümüş medallaryny gazandylar. Iýulyň ahyrynda dünýä sportunyň esasy wakasy bolan XXXI Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenlerini ugradyş dabarasy boldy. Şol oýunlar 5-nji 21-nji awgust aralygynda Rio-de-Žaneýroda (Braziliýa) geçiriler.

Bütindünýä oýunlarynda türkmenistanlylar dzýodo, suwda ýüzmek, ýeňil we agyr atletika, boks boýunça ýaryşlara gatnaşarlar.

Şeýlelikde, geçen aýyň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwürde yzygiderli alyp barýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň wajyp ugurlary hem-de syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň alyp barýan anyk işleri öz beýanyny tapdy.