Ï Türkmenistanyň Prezidenti Milli syýahatçylyk zolagynyň täze desgalarynyň açylyşyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Milli syýahatçylyk zolagynyň täze desgalarynyň açylyşyna gatnaşdy

view-icon 805
Zähmet dynç alşynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana düzüminiň üstüni ýetiren täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Şol desgalaryň hatarynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kompaniýalary tarapyndan gurlan “Ak Ýelken” kottejler toplumy hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy boýunça bina edilen, ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamy üçin niýetlenen ýaht-klub we “Tolkun” kottejler toplumy bar.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda nobatdaky täze desgalaryň ulanmaga berilmegi bu ýerde halkara derejeli döwrebap şypahana zolagyny döretmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir. Bu zolagy döretmek başlangyjy bolsa döwlet Baştutanymyza degişlidir. Häzirki wagtda türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Her ýyl tomus möwsüminde bu ýere dynç alýanlaryň müňlerçesi gelýär. Şunda Awazada dynç alşyň, şol sanda maşgala bolup dynç almagyň oňaýly şertleriniň, hyzmatlaryň ýokary derejesiniň hem-de boş wagtyňy gyzykly geçirmegiň ýylyň tutuş dowamynda kepillendirilýändigini bellemelidiris. Muňa diňe bir türkmenistanlylar däl, eýsem, daşary ýurtly myhmanlarymyz hem ýokary baha berýärler.

Häzirki döwürde bu ýerde ýokary derejeli myhmanlaryň, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň, kottej şäherjikleriniň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň ençemesi hereket edýär, syýahatçylyk we beýleki degişli düzümleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda “Awaza” iri işewürlik, medeni we sport merkeziniň derejesine eýe bolup, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, halkara ähmiýetli dürli çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi.

Hazaryň kenarynda ýerleşýän köpugurly şypahana zolagy täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanydyr, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň oňyn netijesidir. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu giň möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň esasy maksady ýurdumyzyň täsin tebigy merjeni bolan deňiz ýakasynyň ägirt uly şypahana kuwwatyndan netijeli peýdalanmakdan, ony adamlaryň hyzmatynda goýmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda “Awazada” göwnejaý dynç almak bilen birlikde, saglygyňy berkitmek, lukmançylygyň iň soňky gazananlaryna esaslanan bejerişi almak bolýar. Arassa howanyň, gün wannalarynyň hem-de deňizde suwa düşmegiň adamyň bedenine hem-de özüni duýşuna oňyn täsir edýändigi şübhesizdir. Bularyň ählisi dynç alýanlaryň uzak wagtlap sagdyn hem-de keýpiçag bolmagyny kepillendirýär.

Şunuň bilen baglylykda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň taslamasyny amala aşyrmakda durmuş ugrunyň esasy görkezijileriň biri bolup durýandygyny bellemek möhümdir. Şunda türkmenistanlylaryň elýeterli bahadan dynç almagy üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek gaýragoýulmasyz wezipe bolup durýar. Şundan ugur alnyp, geljegi nazara almak bilen, deňiş şypahanasynyň toplumlaýyn düzümi kemala getirilýär. Şeýlelikde, bu ýerde raýatlaryň ählisi—islendik ýaşdaky, şol sanda mümkinçilikleri çäkli adamlaryň dynç almagy hem-de boş wagtyny peýdaly geçirmegi üçin iň amatly şertler döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, Awazany ösdürmek we abadanlaşdyrmak, onuň çäginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň barşy hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Milli Liderimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde bu ýerde ägirt uly taslama amala aşyrylýar. Ine, şu gün hem zähmet dynç alşynda bolýan milli Liderimiz şypahana ulgamynyň nobatdaky desgalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin Hazaryň kenaryna geldi.

...Ir säherden täze açyljak desgalarda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Şu gün ulanmaga berilýän täze desgalaryň ilkinjisi “Ak Ýelken” kottejler toplumydyr. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, işewür toparlarynyň hem-de giň jemgyýetçiligiň wekilleri bar.

Ýygnananlaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Sungat ussatlarynyň topary özünde türkmen halkynyň özboluşly döredijilik däplerini hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent döredijilik ruhuny jemleýän aýdym-saz we tans kompozisiýasy bilen çykyş edýär.

Dabaraly pursat gelip ýetýär—milli Liderimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we “Ak Ýelken” kottejler toplumyny açýar.

Ýokarda bellenilişi ýaly, bu iri taslama Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň tagallalary bilen durmuşa geçirildi. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň işini höweslendirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça hususy işewürligi ösdürmek we goldamak, degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek üçin has oňaýly şertleri döretmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Ýurdumyzyň telekeçileri ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere işjeň gatnaşýarlar. Täze taryhy eýýamda hususy ulgam bazar ykdysadyýetiniň esasy ugry, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Telekeçiler eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna saldamly goşant goşup, dürli pudaklarda, şol sanda senagatda, gurluşykda, oba hojalygynda, syýahatçylykda, söwdada, durmuş hyzmaty ulgamynda netijeli işleýärler.

Türkmen işewürleri hem-de hususy kärhanalary içerki alyjylyk isleglerini kanagatlandyrmak bilen, bäsleşige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça öňlerinde durýan wezipeleri çözmek maksady bilen, täze marketing çemeleşmelerini özleşdirýärler. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara ähmiýetli çärelere yzygiderli gatnaşýarlar, daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýýarlar. Munuň özi ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary däbe öwrüldi. Şol duşuşyklaryň her biri maksatnamalaýyn häsiýete eýe bolýar we ýurdumyzyň hususy işewürliginiň okgunly ösmeginde möhüm tapgyra öwrülýär. Ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň her ýyl geçirilýän sergisi milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynyň gazanýan üstünlikleriniň, ägirt uly kuwwatynyň we mümkinçilikleriniň özboluşly gözden geçirilişi bolup durýar. Bu serginiň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahaty hem geçirilýär.

Telekeçiler we hususy kompaniýalar Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda uly gurluşyk işlerini amala aşyrmak olara ynanyldy. Olar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge hem işjeň gatnaşýarlar. Bu ýerde ozal açylan desgalar hem-de şu gün ulanmaga berlen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kärhanalar tarapyndan gurlan ajaýyp kottejler toplumy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

“Ak Ýelken” adyna mynasyp bolan hem-de 4,48 gektar meýdanda ýerleşen täze kottejler şäherçesiniň gurluşygyna hususy kompaniýalaryň we hojalyk jemgyýetleriniň birnäçesi gatnaşdy. Bu ýerde ýeňil gurluşly kottejleriň 50-si guruldy. Olaryň her biri 163,2 inedördül metr meýdanda ýerleşýär we dört maşgala niýetlenendir. Mundan başga-da, toplumyň çäginde meýdany 360 inedördül metre barabar bolan goşa kottejleriň 4-si guruldy. Olaryň her biri maşgalalaryň ikisiniň dynç almagy üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde edara hem-de tehniki maksatly binalar guruldy.

Umuman, dynç alýanlaryň 700-si üçin niýetlenen “Ak ýelken” kottejler toplumy deňziň golaýynda bina edildi. Ol milli öwüşginleri hem-de häzirki zaman binagärliginiň gazananlaryny özünde jemleýän ajaýyp bezegi bilen tapawutlanýar. “Ak ýelkende” dynç almagyň artykmaçlyklarynyň biri bahalaryň elýeterliligi bilen baglydyr.

Awazada gurlan şeýle desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, abadanlaşdyrylan hem-de bagy-bossanlyga öwrülen ýanaşyk çäkler toplumyň düzüminiň esasy bölegi bolup durýar. Bu ýerde dürli görnüşli agaç nahallary oturdyldy hem-de ajaýyp gül aýmançalary döredildi. Şeýle hem bu ýerde restoran, suwa düşülýän howuzlar, şol sanda çagalar üçin howuzlar, awtoduralga bar. Toplum durmuş üpjünçiliginiň döwrebap ulgamy bilen üpjün edildi. Şeýle hem 24 sagadyň dowamynda 220 woltly elektrik toguny bermäge ukyply, ýeliň we günüň energiýasyndan elektrik energiýasyny işläp çykarýan desga göz öňünde tutuldy. Binalaryň we desgalaryň umumy meýdany 10 müň 800 inedördül metre barabardyr.

“Ak Ýelken” toplumyny gözden geçirmegiň barşynda hormatly Prezidentimiz lýuks derejeli iki gatly kottejleriň birine bardy we şol ýerde dynç alýanlar üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu ýerde maşgala bolup dynç almak üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy: iki sany oňaýly ýatakhana, ýagty myhmanhana, zerur enjamlar bilen üpjün edilen aşhana—naharhana bar. IP—telewideniýe dynç alýanlaryň hyzmatyndadyr.

Bu ýerde gurlan iki gatly we bir gatly kottejleriň her biriniň ýurdumyzda şypahana ulgamynyň şeýle desgalaryna bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýändigini bellemelidiris. Binalar oýlanyşykly ýerleşdirilipdir, olaryň daşky we içki bezegi özüne çekýär, ýaşaýyş otaglary oňaýly mebeller hem-de zerur bolan durmuş tehnikasy bilen üpjün edildi.

Döwlet Baştutanymyz kotteji gözden geçirip, häzirki wagtda Awazanyň maşgala bolup dynç almak üçin türkmenistanlylara giň mümkinçilikleri hödürleýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hazaryň kenarynda ähli amatlyklary bolan deňiz şypahanasyny döretmek işi boş ýerden başlandy, bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde bu ýerde ajaýyp myhmanhanalar we binalar toplumlary peýda boldy. Olar dynç alýanlara halkara ölçeglerine laýyklykda ýokary derejede hyzmat edýär. “Ak ýelken” barada aýdylanda bolsa, bu ýerde “lýuks” derejeli otagyň bahasynyň şeýle görnüşdäki otaglardan has pesdigi bellärliklidir.

Soňra hormatly Prezidentimiz kottejler toplumy bilen tanyşlygy dowam edip, onuň abadanlaşdyrylyşy hem-de dynç alýanlara hyzmatyň guralyşy bilen içgin gyzyklandy. Ýol ugrunda milli Liderimizi çagalar şatlykly hem-de mähirli mübäreklediler. Şäherjigiň taslamasyny düzüjiler hem-de gurluşykçylar körpe dynç alýanlaryň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmekleri, olaryň howuzda suwa düşmekleri we arassa howada dynç almaklary üçin alada edipdir.

Döwlet Baştutanymyz ekonom-derejeli kottejleriň birini gözden geçirdi. Bu ýerde hem dynç almak üçin oňaýly şertler göz öňünde tutulypdyr. Iki ýaşaýyş otagyndan başga-da, şeýle kottejleriň her birinde oňaýly aşhana bar.

Milli Liderimiz bu ýerde maşgala bolup dynç almak üçin ähli amatlyklaryň döredilendigini kanagatlanma bilen belläp, dabara gatnaşyjylaryň ünsüni şeýle toplumlaryň artykmaçlygyna çekdi. Olaryň gurulmagy türkmenistanlylara elýeterli bahadan göwnejaý dynç almak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze kottejler şäherjigi bilen tanyşlygy tamamlap, telekeçileri şu günki ajaýyp waka bilen gutlady. Bu waka ýurdumyzyň hususy ulgamynyň gazanan üstünlikleriniň nobatdaky subutnamasy boldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew bilen söhbetdeş bolup, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň geljekki işlerine aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynanylan möhüm taslamalary, şol sanda ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoluny, kaliý dökünlerini öndürýän kärhanany we beýleki desgalary gurmak baradaky taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň mundan beýläk-de ykdysadyýetiň hususy ulgamyny ösdürmäge, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmäge uly üns berjekdigini belledi.

Syýahatçylyk we şypahana ulgamy barada aýdylanda bolsa, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda bu ulgamlary kämilleşdirmäge we ösdürmäge iň gowy zatlary çekmek üçin bu ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesini mundan beýläk-de öwrenmek zerurdyr. Türkmen telekeçileri üçin bu ýerde netijeli işlemek hem-de uly kuwwatdan has doly peýdalanmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň adyndan onuň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Hususy işewürlige möhüm taslamalaryň ynanylmagy hem telekeçilige ýakyndan goldaw berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň işewür düzümleri mundan beýläk-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam bererler.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna işlerinde üstünlikler arzuw edip, “Ak Ýelken” kottejler toplumyndan ugrady.

Soňra hormatly Prezidentimiz indiki açyljak täze desgalara – “Tolkun” kottejler toplumyna we ýaht-klubyna tarap ugraýar.

Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy “Tolkun” toplumynyň esasy derwezesiniň öňünde ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Ýurdumyzyň estradasynyň tanymal aýdymçylary, “Näzli” hem-de “Meňli” tans toparlary hormatly Prezidentimizi köp öwüşginli aýdym-saz we tans çykyşlary bilen garşylaýarlar.

...Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmasy astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär. Milli Liderimiz toplumyň çägine barýar we deňiz şypahanasynyň ösüşiniň taryhynda uly ähmiýete eýe bolan nobatdaky desganyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp başlaýar.

Ýaht-klubly täze kottejler şäherjigi ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamy üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy boýunça türkiýeli potratçylar tarapyndan türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde guruldy. Bu taslamany amala aşyrmak üçin 16,58 gektar meýdan bölünip berildi, onda jemi 412 orunlyk (138 otag) 25 kottej ýerleşdirildi.

Taslamany işläp düzüjiler binalaryň ýerleşişinde “tumar” diýen türkmen bezeginiň şekilini ulandylar. Ol ýürek görnüşinde bolup, hakyk daşy bilen bezelýär. Bu ýerde onuň ornuny kottejler toplumynyň merkezindäki şeýle görnüşli suwa düşülýän howuz tutýar. Bu howzuň keşbi hem ýürek görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Iki gatly binalaryň üç görnüşi – 12 orunlyk willalaryň ýedisi, 16 orunlyk kottejleriň sekizisi we 20 orunlyk kottejleriň hem onusy göz öňünde tutulypdyr. Iki orunlyk hem-de 6-8 adamlyk maşgala otaglary, VIP otaglar bar. Olar deňziň kenarynda gurluşyklaryň birinji zolagyny bezeýär. Kiçi myhmanhanalar bagy – bossanlyga bürenipdir hem-de täsin suw howuzlary, dynç alynýan ýerler, suw çüwdürimleri we beýleki desgalar bilen gurşalyp alnypdyr. Seýil ýodalaryň ugrunda bezeg çyralary, oturgyçlar, suw içilýän çüwdürimjikler ornaşdyrylypdyr.

Bu ýerdäki dynç alyş düzümi ýaht-klubdan we okuw merkezinden, çagalar klubyndan, çagalar we sport meýdançalaryndan, üsti açyk we ýapyk suwa düşülýän howuzlardan, emeli tolkunly howuzdan, emeli kölden, restorandan, kafeden we beýleki desgalardan ybaratdyr.

Deňziň kenarynda gämi duralgasy guruldy, bu ýerde gaýyklara hem-de kiçi gämilere hyzmat edýän nokatly hyzmat ediş merkezi, suwmotosikllerini, windsörfing üçin serişdeleri we beýlekileri kireýine almak üçin niýetlenen nokat ýerleşýär. Şäherjigiň çäginde hereket etmek üçin elektrokarlar göz öňünde tutulypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaht-klubyň edara binasyna hem-de “Tolkun” kottejler toplumyna tarap ugrady. Toplumyň çäginde bu gün köp adam ýygnandy. Olar ýoluň ugrunda hatara durup, döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler.

Edara binasynyň myhmanhana eýwanynda milli Liderimiziň kitaplarynyň sergisi guraldy. Şol kitaplaryň arasynda “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplar, şol sanda onuň golaýda çapdan çykan 8-nji jildi, şeýle hem türkmenleriň halyçylyk sungaty hakyndaky “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi”, türkmenleriň aýdym-saz sungaty hakyndaky “Ile döwlet geler bolsa...”, “Çaý - melhem hem ylham”, “Gadamy batly bedew” ýaly kitaplar we beýleki neşirler bar.

Türkmen medeniýetiniň baýlygyny hem-de özboluşlylygyny açyp görkezýän bu eserleriň ählisi ildeşlerimiz üçin hakyky edebi sowgat boldy. Olar biziň her birimizi milletiň ruhy-ahlak genji-hazynasy bilen tanyşdyrýar. Daşary ýurtly okyjylara bolsa olar türkmenleriň häsiýeti bilen ýakyndan tanyşmaga, zehinli hem-de myhmansöýer halkymyzyň täsin taryhy-medeni gymmatlygy barada düşünje almaga ýardam edýär.

Hut milli mirasymyzy giňden wagyz etmek arkaly biz yklymyň iri ykdysady, syýasy, medeni, syýahatçylyk we sport durmuşynyň iri merkezi hökmünde häzirki Türkmenistanyň täze ajaýyp keşbini döredýäris. Türkmenistan ýerüsti, howa hem-de deňiz ýollary arkaly halklary, ýurtlary we sebitleri baglanyşdyrýan möhüm ulag-kommunikasiýa merkezi hökmünde hem meşhurdyr. Ýaht-klubyň uly holunda ornaşdyrylan, Ýewropanyň we Aziýanyň paýtagtlaryndaky wagty görkezýän sagady bu keşbiň özboluşly öwüşgini hökmünde görkezmek bolar. Şol ýerde döwlet Baştutanymyzy myhmanlary kabul edýän bölümiň işgärleri garşyladylar.

Bu ýerde işleýänleriň biri şäherjigiň düzümi, edilýän hyzmatlar barada gürrüň berip, toplumyň işgärleriniň adyndan milli Liderimize türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň abadan durmuşy, netijeli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almagy babatda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ýaht-klubyň binasynda işewürler we dabaraly çäreleri, wekilçilikli duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Binanyň birinji gatyndaky banket zaly 124 orunlykdyr. Desganyň dynç alyş bölüminde bouling, bilýard zallary, oýun awtomatlary bar. Bu ýerde trenažor zaly, tans edilýän meýdançaly bar ýerleşdirilipdir, ekologiýa taýdan arassa ýerli melhemlik serişdeleri ulanmak arkaly müşderilere sagaldyş çärelerini hödürleýän spa-salon iň ýokary ölçeglere laýyklykda enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde türkmen dermanlyk ösümlikleri, mineral suwlary, bejeriş palçygy we elbetde, deňziň baý bejeriş kuwwaty giňden ulanylar.

Edara binasynda direksiýanyň, buhgalteriýanyň otaglary, syýahatçylyk agentlikleriniň kireýine alan edara-jaýlary, himiki usulda arassalaýan otag, kir ýuwulýan ýer, içerki zerurlyklar üçin ussahanalar, işgärler üçin otaglar hem-de naharhana, dükanlar we beýleki durmuş we hojalyk otaglary ýerleşýär. Bu bina ýaht-klubyň esasy binasy bilen sazlaşykly binagärlik toplumyny emele getirdi.

Toplumda şeýle hem bank kartlary boýunça tölegleri kabul etmek hyzmaty göz öňünde tutulypdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatlar ulgamyny ösdürmek meselesine degip geçip, nagt däl hasaplaşyklaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, şol sanda plastiki kartlaryň ähli görnüşlerini giňden ulanmak babatda görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, ýörite okuw jaýlarynda elektron tölegler, bu ulgamlaryň maliýe tehnologiýalaryny öwrenmek, terminal enjamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek hünärlerini girizmegiň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ikinji gatda ýerleşýän 184 orunlyk restorana baryp, bu ýerde teklip edilýän tagamlar bilen tanyşdy, olar barada baş aşpez gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz bilen gürrüňdeşligiň barşynda tagam taýýarlaýyş sungatynyň ussady çagalykdan aşpez bolmagy arzuw edendigini hem-de mekdebi tamamlanyndan soň, seçip alan hünäri boýunça okamaga gidendigini gürrüň berdi. Ol tejribe toplap hem-de hünäre eýe bolup, açylýan ýaht-kluba işe ýerleşdi we indi bu ýere gelýänleri tagamly naharlar hem-de dünýäniň halklarynyň dürli tagamlary bilen begendirmäge we haýran galdyrmaga taýýardyr. Ýöne, restoranyň tagamlarynyň sanawynda türkmen tagamlaryna aýratyn orun berlipdir. Munuň tassyknamasy hökmünde aşpez milli Liderimizden diňe ýerli, ekologiýa taýdan arassa önümlerden taýýarlanylan milli nahardan dadyp görmegi haýyş edýär.

Hususan-da, tagamly dograma, ýarma, palawlaryň iki görnüşi – çebişiň hem-de hazar bekresiniň etinden taýýarlanan palaw, etden we kädiden taýýarlanan manty, bedenäniň etinden bişirilen çişlik, şeýle hem gowrulan bedene, gowrulan balyk, lakganyň etinden taýýarlanan çişlik we bugda bişirilen lakga hödürlenildi. Adaty usulda taýýarlanan balyk çorbasy, kädiden taýýarlanan çorba, çebişiň etinden bişirilen çorba ýakymly ysy bilen hiç kimi biparh goýmady. Hamyrdan taýýarlanylýan meşhur tagamlaryň biri-de somsadyr, bu ýerde onuň üç görnüşi – etden, kädiden hem-de ysmanakdan taýýarlanylan görnüşleri hödürlenildi. Özboluşly milli tagamlaryň arasynda jigirdek, kellebaşaýak hem bar. Tagamly naharlaryň arasynda tamdyrlama we işlekli saýlanyp dur.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara tagamlardan dadyp görmeklerini we oňa hem-de aşpeziň ussatlygyna baha bermeklerini teklip edýär. Milli Liderimiz aşpezden dürli halklaryň şeýle tagamlarynyň aýratynlyklaryny, olary taýýarlamagyň tapawudyny sorady. Ýaş aşpez ähli sowallara ynamly jogap berip, aşpezlik däpleri babatda köp zatlary bilýändigini görkezdi.

Milli Liderimiz restoranyň enjamlaşdyrylyşy, müşderiler hem-de işgärler üçin döredilen şertler, käbir tagamlaryň düzümi, önümleriň hili bilen gyzyklanyp, dürli görnüşli peýdaly we sagdyn iýmitiň, tagamlary taýýarlamagyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini nygtady. Şol tagamlar bolsa diňe bir tagamly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, peýdaly hem bolmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýaht-klub bilen tanyşlygyny dowam edip, restoranyň eýwanyna çykdy we toplumyň desgalaryny synlady.

Desgalaryň kenarýaka zolagy, ajaýyp enjamlaşdyrylan, dynç almak üçin niýetlenen suwa düşülýän ýer sportuň suw görnüşleriniň ygtyýaryna berlipdir. Gezelenç etmek üçin niýetlenen gämileriň we gaýyklaryň duralgasy ýahta merkeziniň düzüminiň esasy desgalarynyň biri bolup durýar. Iň täze enjamlara ussatlyk bilen erk edýän hünärmenler topary gämilere we gaýyklara ýokary hilli hyzmat eder hem-de olary abatlamak işlerini ýerine ýetirer. Ýüzüş serişdelerine tehniki taýdan hyzmaty üpjün etmek üçin niýetlenen gämi duralgalary ýörite enjamlar hem-de ýük göterijiligi 70 tonna barabar bolan kranlar bilen üpjün edilipdir. Olaryň golaýynda hyzmat ediş gulluklarynyň we gämiler üçin niýetlenen enjamlar saklanylýan angarlar ýerleşýär. Suwa düşülýän ýeriň beýleki tarapynda windsörfingleriň, skuterleriň, gidrosiklleriň saklanýan ýeri hem-de ýelkenli sport mekdebiniň binasy ýerleşýär. Suwa düşülýän zolak tomusky kafe bilen bölünýär. Kafede türkmen otlaryndan taýýarlanan çaýdan, sowadyjy içgilerden, ýeňiljek tagamlardan dadyp görmek bolýar. Kafe ýaý görnüşindäki gämi duralgasynyň başlanýan ýerinde ýerleşýär. Bu ýerde syn ediş meýdançasy hem bar.

Döwrebap ýaht-klubyň döredilmegi üçin diňe bir gämi duralgalarynyň gurulmagy ýeterlik däldir. Munuň üçin beýleki ýörite desgalaryň köpüsini, şeýle hem hyzmat ediş we durmuş ulgamlaryny gurmak zerur bolup durýar. Bu özboluşly desga birnäçe ugurlaryň -- syýahatçylygyň, sportuň we dynç alşyň hem-de beýleki ugurlaryň birleşdirilmegini göz öňünde tutýar. Täze ýaht-klubyň işe girizilmegi içerki şypahana bazarynda hyzmatlaryň sanawyny giňelder hem-de üç ýyl mundan ozal açylan “Ýelken” ýaht-kluby bilen bilelikde ýelken sportuny işjeň ösdürmäge hem-de suw sportunyň beýleki gyzykly we ýokary tizlikli görnüşlerini giňeltmäge mümkinçilik berer.

Iki ýyl mundan ozal Awaza sportuň suw görnüşleri ulgamynda iň abraýly halkara ýaryşlarynyň biri bolan windsörfing boýunça dünýä Kubogy ugrundaky bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny kabul etdi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň suw görnüşleri boýunça meşgullanýanlaryň sany barha artýar.

Ine, şu gün Hazaryň kenarynda gurlan ilkinji ýaht-klubyndan hem-de daşary ýurtlardaky şeýle merkezlerden birjik-de pes durmaýan ýurdumyzda ikinji ýahta merkezi açyldy. Geljekde onuň binýadynda windsörfingçileriň iri bäsleşikleri ýa-da ýelkenli gämileriň ýaryşlary geçirilip bilner. Ýöne bu ýerde işjeň dynç almagyň ajaýyp görnüşi hökmünde höwesjeňleriň deňizde gezelenç etmegine aýratyn üns berler.

Munuň üçin Fransiýada, Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Gresiýada we Türkiýede öndürilen kiçi gämileriň we gaýyklaryň 40-a golaýy “Tolkun” ýaht-klubynyň ygtyýaryndadyr. Olaryň hatarynda ýahtalaryň rahat “maşgala” görnüşi bolan kaşaň “Antares” gämileri, tizligi halaýanlar üçin bolsa “Gran Turismo 40” owadan sport gämileri bar.

Bu ajaýyp görnüşli hem-de köpugurly gämi – Fransiýanyň meşhur Beneteau gämi ussahanasynda ýasalan döwrebap gämi geçen ýylyň güýzünde halkara ýaht-sergilerinde uly gyzyklanma döretdi, şu tomus möwsüminde bolsa türkmen kenaryna geldi. Uzynlygy 11,5 metre barabar bolan bu gämi 10-12 adamy kabul edip bilýär. Olar üçin ähli amatlyklar döredildi.

Motorly ýahtalar bolsa “Glastron” we “Merkan 35 XL” gezelenç gämilerinden ybaratdyr. Mundan başga-da, dürli görnüşli motorly we ýelkenli sport gaýyklary, katamaranlar, sörfing üçin tagtalar, kanoeler, üflenip çişirilýän ýüzüş serişdeleri, şeýle hem ýüzmek üçin zerur bolan beýleki esbaplar dynç alýanlaryň hyzmatyndadyr. Şeýlelikde, bu ýerde ýahta erk etmegiň ilkinji tälimlerini ele almak hem-de suw sportunyň beýleki islendik görnüşini özleşdirmek bolýar. Geljekde bolsa gämi duralgalarynyň sanynyň artmagy hem-de degişli düzümiň giňelmegi bilen, Awaza ýahta syýahatçylygynyň täze ugry hökmünde hem meşhur bolup biler.

Döwlet Baştutanymyz edara binasyndan çykyp, kottejleriň birine tarap ugraýar we bu ýerde myhmanlaryň ýaşamagy üçin döredilen şertler bilen tanyşýar. Milli Liderimiz otaglary gözden geçirip, olaryň amatly ýerleşişine, içki bezegine, ýaşaýjylar üçin döredilen amatlyklaryň derejesine mynasyp baha berdi. Şunda hormatly Prezidentimiz myhmanhana toplumynyň içki bezeginde milli nagyşlary giňden ulanmagy, türkmen halkynyň çeperçilik däplerini beýan etmäge döredijilikli çemeleşmegi maslahat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň gözden geçiren “C” derejeli kotteji 12 adama niýetlenendir. Bu kottejiň bir gatynda tutuş maşgala amatly ýerleşip biler. Onuň otaglarynda, naharhanaly we aşhanaly, ýatakhanaly otaglaryndan başga-da, saunaly spa-çäreler üçin niýetlenen kiçi merkez hem-de saglygyňy berkitmek üçin trenažorlar, şeýle hem bilýard zaly bar. Daşky eýwanyň deňiz tarapynda bolsa suwa düşülýän howuz ýerleşýär.

Döwlet Baştutanymyz ikinji gatyň balkonyna çykyp, bu ýerden deňiz kenarynyň ajaýyp görnüşiň açylýandygyny belledi. Tomsuna deňizde dynç almagyň ähli talaplaryna laýyk gelýän ajaýyp şertler, myhmanhana otaglarynyň bezegi, ýanaşyk ýerleriň talaba laýyk abadanlaşdyrylmagy, bu ýerde oturdylan ýaş agaç nahallary hem-de owadan gül aýmançalary we ot ekilen meýdançalar dynç alyş şäherjiginde aýratyn sazlaşyk döredýär.

Kiçeňräk aýlag günorta tarapdan gämileriň porta girýän ýerindäki bent bilen goralypdyr, onuň demirgazyk tarapy bolsa awtomobil ýolly uzyn gaçy bilen gurşalypdyr. Gämileriň duralgasyny tolkunlardan goraýan gaçynyň tamamlanýan ýerinde ertekilerdäki çadyr görnüşinde gurlan VIP – restoran ýerleşýär. Toplum bilen tanyşlygyň barşynda milli Liderimiz bu restorana baryp gördi.

Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz ak reňkli ýahtalaryň saklanýan duralgasynda aýak çekdi we olaryň häsiýetnamalary, tizlik mümkinçilikleri, dolandyrmagyň amatlyklary bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz Awazada dynç alýanlara hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmekden ugur alyp, şeýle döwrebap gämileri satyn almagy dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Biziň durmuş syýasatymyzyň maksady türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy, zähmeti hem-de boş wagtyny gyzykly geçirmegi üçin iň gowy şertleri döretmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Biziň ildeşlerimiziň boş wagtyny, zähmet rugsadyny saglyk üçin peýdaly, çuňňur manyly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikleri bolmalydyr. Şunda şypahana zolagynda ilata edilýän hyzmatlar baha babatda elýeterli bolmalydyr, ýöne hyzmatlaryň hili ýokary bolmagynda galmalydyr. Ýahting sportuň we dynç alşyň naýbaşy görnüşleriniň biri hasaplanylýar, ýöne biz ony dynç alşy guramagyň has giňden ýaýran we meşhur görnüşine öwrüp bileris. Munuň özi ýaşlary ýurdumyzdaky sagdynlyk hereketine giňden çekmäge, ýelkenli sporty we suw sportunyň beýleki görnüşlerini ösdürmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz şeýle hem türk işewürliginiň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň Türkmenistanda döwlet maksatnamalaryny hem-de durmuş we ykdysady ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna goşýan goşandyna ýokary baha berdi. “Tolkun” kottejler toplumynyň we ýaht-klubunyň gurulmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu gurluşyk “Şahin” kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Biziň öňümizde giň möçberli meýilnamalary amala aşyrmak wezipesi durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we türkiýeli hyzmatdaşlary ýurdumyzda özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigi üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasy Türkmenistan üçin iň ýakyn, doganlyk döwlet bolup durýar. Türkmenistan Türkiýäniň halky üçin taryhy Watany hasaplanylýar.

Türk işewür toparlarynyň ýurdumyzda üstünlikli işlemegi Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň gadymdan bäri iki döwletiň doganlyk halklaryny birleşdirýän mizemez dostluk we köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklara daýanyp, bilelikdäki işiň oňyn tejribesini, milli ykdysadyýetleriň ägirt uly kuwwatyny we üstünliklerini nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklarynyň dürli ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändikleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Soňra milli Liderimiz restoranyň binasyna bardy. Onuň balkonyndan deňiz şypahanasyna ajaýyp görnüş açylýar. Deňziň kenarynda soňky ýyllarda gurlan we häzirki wagtda gurulýan bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň we medeni-dynç alyş merkezleriniň ençemesi görünýär. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny gurmak baradaky taslamanyň üstünlige eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýerden deňizde ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi.

Suw şüweleňiniň maksatnamasy ýelkenli gämileriň we katerleriň ýörişinden ybarat boldy. Akwabaýkerler tizlikde bäsleşdiler. Aýratyn hem “uçýan” gidrosiklistçi tomaşaçylary haýran galdyrdy. Ol bu ýere ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda çylşyrymly böküşleri hem-de maşklary ýerine ýetirdi. Çykyşynyň ahyrynda türgen ussatlyk bilen türkmen tuguny parlatdy. Şol pursat asmanda paraşýutlar gaýyp ýördüler, olary deňizde ýüzüp barýan gämiler çekip barýardylar. Soňky döwürde bu suw – howa attraksiony Awazada meşhurlyga eýe boldy.

Suw sport şüweleňi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy we “Tolkun” kottejler toplumynyň hem-de ýaht-klubynyň ýolbaşçylaryna birnäçe awtoulaglaryň, şol sanda kiçi awtobusyň we refrižeratoryň açarlaryny gowşurdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary Awazada täze desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar bilen ýene-de bir gezek gutlap, bu ýerden ugrady

* * *

Şol gün deňziň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu jaýlar Ruhyýet we Bahry Hazar köçeleriniň ugrunda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça guruldy.

Täze desgalar häzirki wagtda ýurdumyzda şeýle desgalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýär. 4 gatly 48 öýli has oňaýly ýaşaýyş jaýynda iki otagly öýleriň 8-si, üç otagly öýleriň 24-si we dört otagly öýleriň 16-sy ýerleşýär. Öýleriň ählisinde açyk eýwanlary bar.

Has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 12 gatly, 72 öýli iki ýaşaýyş jaýynyň her birinde üç otagly öýleriň 24-si, dört otagly öýleriň 26-sy, bäş otagly öýleriň hem 22-si bar, olaryň peýdaly meýdany degişlilikde, 159, 197 we 220 inedördül metre barabardyr. Öýleriň aşhanalary we beýleki degişli otaglary döwrebap durmuş tehnikasy hem-de mebeller bilen üpjün edildi. Basgançak meýdançasynyň her birinde öýleriň 3-si ýerleşýär. Belent jaýlar liftler hem-de mümkinçilikli çäkli adamlara we çagaly enelere amatly bolar ýaly panduslar bilen üpjün edildi. Jaýlaryň ýerzemininde her bir maşgala üçin kömekçi otaglar göz öňünde tutuldy.

12 gatly binalara ýanaşyk ýerlerde durmuş üpjünçiligi desgalary guruldy, dynç almak üçin ýerler we awtoulaglar üçin duralga döredildi, çagalar hem-de uly ýaşlylar üçin sport we oýun meýdançalary enjamlaşdyryldy, köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenen, aýnabetondan bir gatly binalar guruldy.

Täze desgalaryň açylyş dabaralaryna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Ýygnananlar türkmenistanlylaryň ýaşaýyş – durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, raýatlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi hem-de oňat ýaşamagy babatda oňaýly şertleri döretmek barada ýadawsyz alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Önümçilik we durmuş ulgamyna ägirt uly maýa serişdeleriniň gönükdirilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatyny hem-de halkymyzyň abadançylygyny artdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek babatda başyny başlan uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryna laýyklykda durmuşa geçirilýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň durmuş-ykdysady meýilnamalary hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär diýlip çykyşlarda nygtaldy. Diňe soňky dört ýylyň dowamynda kärhanada innowasion görnüşli senagat desgalarynyň ençemesi guruldy, has oňaýly, jemi 162 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 5-si ulanmaga berildi. Şol döwürde körpeleriň 960-sy üçin niýetlenen çagalar baglarynyň dördüsi açyldy. Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny durnukly döwrebaplaşdyrmak we okgunly ösdürmek bilen baglylykda kärhananyň durmuş maksatly meýilnamalary üstünlikli amala aşyrylýar: 24 öýli ýaşaýyş jaýy hem-de 52 öýli, üç bölekden ybarat bolan ýaşaýyş şäherjigi gurulýar.

Bu gün aýratyn hem täze öýlere göçüp baran maşgalalar üçin ýatdan çykmajak gün boldy. Olar türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şu gün täze jaý toýuny toýlaýan ýaşaýjylaryň arasynda azerbaýjan maşgalasy Kerimowlar hem bar. Maşgala başy Hudaýar Kerimow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 34 ýyldan gowrak wagtdan bäri işleýär. Bu kärhanada maşgalanyň beýleki agzalary hem işleýärler. Biz türkmen topragynda dürli milletleriň wekilleriniň bir uly agzybir maşgala ýaly parahatçylykda hem-de ylalaşykda ýaşaýandygyna buýsanmaga haklydyrys. Hut şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döredijilikli syýasaty öz aýdyň beýanyny tapýar. Gadymdan bäri türkmen halkyna mahsus bolan hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, doganlyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri şol syýasatyň esasyny düzýär.

Täze ýaşaýyş jaýlaryny açmak dabarasy hakyky baýramçylyga öwrüldi. Artistleriň folklor, aýdym-saz we sahnalaşdyrylan çykyşlary bolsa bu dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Olarda halk däp-dessurlary aýdyň beýanyny tapdy.