Ï Türkmenistanyň Prezidenti deňiz dynç alyş zolagyny gurmagyň barşy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti deňiz dynç alyş zolagyny gurmagyň barşy bilen tanyşdy

view-icon 1038
6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün, adaty endigine görä, irki maşklardan soň, welosipedli gezelenç etdi hem-de Hazaryň kenarýaka zolagynda deňizde aýlandy. Onuň dowamynda deňiz şypahanasyny abadanlaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň sporta bolan aýratyn garaýşy, ilkinji nobatda, adamyň saglygyny goramagyň iň oňat serişdesi hökmünde Türkmenistanyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Şol syýasatyň maksady türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan, ruhy taýdan sagdyn we güýçli nesilleri terbiýelemek üçin hemme şertleri döretmekden ybaratdyr. Hut şoňa görä-de, häzir Türkmenistanda sport barha köp adamlary özüne çekýär, jemgyýetde barha uly ähmiýete eýe bolýar. Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şahsy görelde görkezýär.

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri mähirli garşyladylar.

Milli Liderimiz egindeşleriniň zähmet dynç alyşlarynyň neneňsi geçýändigi bilen gyzyklanyp, ugry dynç alyş kenarýakasyndan geçen welosipedli ýörişiň başyny çekip, yhlasly türgenleşikler, özüni kämilleşdirmek arkaly gazanylýan ajaýyp beden taýýarlygyny nobatdaky gezek görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz ýol ugrunda Hazaryň türkmen kenarynda bina edilen desgalary — köp sanly sagaldyşhanalary, medeni dynç alyş we sport toplumlaryny, şeýle hem deňiz dynç alşynyň iň owadan gözellikleriniň biri bolup durýan Awaza derýasynyň iki kenarynyň ugry boýunça ýaýylyp gidýän dynç alyş seýilgähini synlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda döwrebap syýahatçylyk zolagyny döretmegiň başyny başlan uly möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijesinde Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenary gaýtalanmajak keşbe eýe boldy — halkara ölçeglerine laýyk gelýän myhmanhana toplumlary bina edildi, şypahana düzümleri yzygiderli döredilýär. Türkmen topragynyň bu täsin künjegi halkymyzyň ýürek buýsanjydyr, hoşniýetli goňşuçylygyň, dostanalygyň we myhmansöýerligiň gadymy milli däpleriniň ýüze çykmasydyr.

Dek düýn Awazada nobatdaky binagärlik açylyşlary geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Ak ýelken” kottejler toplumy, şeýle hem ýurdumyzyň Merkezi bankynyň buýurmasy boýunça gurlan ýaht-klub we “Tolkun” kottejler toplumy açyldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Awazada gurulýan täze desgalaryň taslamasy taýýarlananda, bu ýerde dynç almagyň sport düzümlerini berkitmek, şowhunly dürli ýaryşlary, şol sanda sportuň suwdaky görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin örän amatly mümkinçilikleriň döredilmelidigine ünsi çekýär. Suwda ýüzüş, windsörfing, suw lyžalary, baýdarkalarda we kanoede ýaryşlar, ýelkenli gaýyklaryň ýaryşlary — bularyň ählisi Hazaryň türkmen böleginde öz ösüşine eýe bolmalydyr diýip, milli Liderimiz talap edýär hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagladyş hereketiniň, oňa ýaşlaryň gatnaşmagynyň ähmiýetini aýratyn belleýär.

Adamlaryň oňat dynç almagy, olaryň wagtlaryny gyzykly, peýdaly geçirmekleri üçin hemme şertleri döretmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Mundan başga-da, pyýadalar we sürüjiler üçin degişli şertleri döretmek wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, ulagyň ekologiýa taýdan örän arassa görnüşi bolan welosipedi işjeň peýdalanmak, welosiped ýollaryny çekmek, köpçülikleýin welosiped ýaryşlaryny, şol sanda halkara ýaryşlaryny geçirmek maksadalaýykdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde bu ýerde tebigy we bag-seýilgäh gözelligi babatda öňdebaryjy gazanylanlaryň we iň oňat dünýä tejribesiniň esasynda täze tokaý seýilgäh zolaklaryny döretmek boýunça uly möçberli işler ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi arassa deňiz howasy bilen birlikde milli syýahatçylyk zolagynda oňaýly howa ýagdaýyny, amatly ekologiýa gurşawyny üpjün edip, dynç alýanlara uzak wagtlap keýpiçaglygy hem-de göwnühoşlugy kepillendirer.

Milli Liderimiz deňiz duralgasyna gelip, öz egindeşleri — Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen “Galkynyş” ýahtasyna mündi we deňiz ýakasyna aýlanyp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny gurmagyň barşy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Tolkun” ýaht-kluba sowgat beren gämisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri hem bu deňiz gezelenjine goşuldylar.

Deňiz tolkunlaryny kesip barýan ýahtanyň üstünden günsaýyn gözelleşýän ýurdumyzyň dynç alyş merkeziniň görnüşi açylýar. Häzir Awazada tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edip, ýylyň bu döwründe bu ýere ýurdumyzyň ähli künjeklerinden dynç alýanlaryň müňlerçesi gelýärler. Altynsow çägeli kenar, ýyly suwly deňiz, sahawatly güneş, jana şypaly howa we elbetde, hyzmatlaryň ýokary derejesi Awazany köp sanly türkmenistanlylar üçin, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlarymyz üçin maşgala bolup dynç alynýan ajaýyp mesgene öwürýär. Häzirki döwürde Awazada dynç alýanlaryň birbada 10 müňden gowragyny kabul etmek üçin şertler döredildi.

Döwlet Baştutanymyz kenarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleri synlap, dynç alyş zolagynyň düzümini has-da ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, desgalar gurlanda gurluşyk işleriniň birkemsiz bolmagy hem-de olary ýerine ýetirmegiň möhletleriniň berk berjaý edilmegi esasy talap bolmagynda galýar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “ekonom-topar” — Türkmenistanyň ilatynyň ähli gatlaklary üçin elýeter bahaly myhmana hyzmatlar bloklaryny ösdürmek boýunça çäreleri işjeň amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi. Munuň özi syýahatçylaryň artmagyny üpjün eder, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynda açylýan mümkinçilikleri has işjeň peýdalanmaga hyzmat eder. Myhmanhanalarda müşderiler üçin hödürlenýän hyzmatlaryň we bahalaryň sanawynda seçip almak şertlerini döretmek häzir bütin dünýäde, şol sanda dünýä belli syýahatçylyk merkezlerinde giňden ulanylýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Hazar deňzi hem-de Awaza derýasy boýunça guralýan gezelençleriň möçberini artdyrmagyň zerurdygyna aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Awaza dynç almagyň dürli görnüşlerini hödürleýän syýahatçylyk zolagy bolup durýar. Emma dynç alyş merkeziniň esasy ugry sagaldyş bolup, bu deňizýaka sebitiň ajaýyp howa şertleri, bejeriş häsiýetine eýe bolan melhem beriji gidromineral serişdeleriniň bolmagy bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramak, amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmegiň gerekdigini belledi.

Ýakyn geljekde Hazar deňziniň kenarynda dünýä derejesindäki kaşaň myhmanhanalaryň we ýokary amatlykly willalaryň onlarçasy peýda bolar. Häzir bu ýerde sebitde iri dynç alyş we güýmenjeler merkezi bina edilýär. Onuň iki sany — açyk we ýapyk akwaparklary, okeanariumy, awtodromy, daýwing mekdebi, sport, öwreniş we dynç alyş attraksionlary bolar.

Bu ýerde tropiki jeňňellikler hem-de dürli howa giňişliklerinde ösýän baglar, derýalar we şarlawuklar peýda bolar, köller ýerleşer. Ýiti täsirleriň muşdaklaryny kanýonlar, karst gowakly, bogaldakly we labirintli wulkan daglary özüne çeker. Taslamada supermarketli, çagalar oýun awtomatlary, kafeterisi, açyk teatry, 3-D şekilli we stereotäsirli kinozallary we beýleki desgalary öz içine aljak söwda merkezi göz öňünde tutuldy.

Bulardan başga-da, Awazada köpugurly sport toplumy gurulýar, onuň düzüminde ýüzülýän howuzlar, Buzly köşk, fitnes, agyr atletika, gylyçlaşmak, boks, taekwondo, dzýudo, sambo, basketbol, tennis, gimnastika, gandbol, woleýbol bilen meşgullanmak üçin sport zallary bolar.

Bularyň hemmesi türkmen halkynyň bähbidine, watandaşlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we dynç almagyna gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýanyndaky ýolbaşçylardan Hazaryň kenaryndaky halkara dynç alyş zolagyny hem-de tutuş milli syýahatçylyk ulgamyny has-da ösdürmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

“Galkynyş” simwoliki adyna eýe bolan ak gar ýaly ýahta suwuň gaýmagyny bozup, yzyna dolanýar.

Milli Liderimiz kenara çykyp, gezelenjini welosipedde dowam etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz gämili gezelenjiň netijelerini jemlemek bilen, ýakyn we orta möhletler üçin wezipeleri kesgitläp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy türkmen deňizýakasynyň syýahatçylyk serişdelerini dünýä derejesine çykarmaga, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, türkmen halkynyň durmuş derejesini artdyrmaga ýardam eder diýip belledi.

Bu ýere ýygnananlara öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etmek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ýerden ugrady.

* * *

7-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün dikuçarda deňizýaka dynç alyş ýerleriniň täze gurluşyklarynyň üstünden uçuş amala aşyryp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň abadanlaşdyrylyşynyň barşy bilen tanyşmagyny dowam etdi, şeýle hem kenarýaka dynç alyş zolagynyň gerimini we mümkinçiliklerini has-da giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan deňizýakasynyň beýleki ýerlerini gözden geçirdi.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz işjeň dynç alşyny döwlet işleri bilen yzygiderli utgaşdyrýar. Şol işleriň hatarynda Hazaryň türkmen böleginde halkara derejeli köpugurly dynç alyş ulgamyny toplumlaýyn döretmegiň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň barşyna gözegçilik etmek möhüm orun tutýar. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň taslamasyna ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasynda aýratyn ähmiýet berilýär, onuň baş maksady bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen esasy ýörelgede öz beýanyny tapdy.

...Ir bilen döwlet Baştutanymyz wise-premýerler S.Satlykow bilen B.Atdaýewiň haýyşy boýunça dikuçardan Awazada gurulýan durmuş-medeni ähmiýetli toplumlaryň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak, şeýle hem täze desgalaryň bina edilmegi meýilleşdirilýän ýerleri gözden geçirmek üçin dikuçar meýdançasyna geldi.

Guşuçar belentlikden Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda döredilýän syýahatçylyk zolagynyň giň gözýetimi açylýar. Bu ýerde ajaýyp binalar we desgalar ýerli tebigat bilen sazlaşykly utgaşýar. Şoňa görä-de, Awazada halkymyzyň hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynyň oňaýly dynç almagy üçin hemme zat göz öňünde tutulandyr.

Soňky birnäçe ýylyň içinde deňiz ýakasynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän ajaýyp myhmanhanalaryň, bejeriş-sagaldyş merkezleriň, çagalara niýetlenen sagaldyş desgalarynyň, kottej şäherçeleriniň giden toplumy peýda boldy. Olaryň her biri ajaýyp binagärlik gurluşy görnüşinde bolup, häzirki zamanyň ýagdaýlaryny we milli däpleri sazlaşykly utgaşdyrýan üýtgeşik dizaýnerçilik çözgüdi bilen tapawutlanýar. Boş wagtyňy geçirmek ulgamy işjeň ösdürilip, medeni-dynç alyş, şeýle hem sport we bejeriş-sagaldyş toplumlary ýaly işewür merkezleri özünde jemleýär. Şol bir wagtda degişli inženerçilik-tehniki ulgamlary döretmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Hazar deňziniň kenarýakasynyň halkara ähmiýetli maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemek wajypdyr. Bular barada aýtmak bilen, ajaýyp desga bolan Kongresler merkezi dogrusynda belläp geçmek gerek. Bu ýerde işewür gepleşikleri hem-de dürli derejedäki duşuşyklary guramak üçin hemme şertler göz öňünde tutulypdyr. Bir söz bilen aýdylanda, häzirki Awaza ýurdumyzyň syýahatçylygynyň ýüzüdir. Ol şeýle zolaklary döretmegiň dünýä tejribesini özünde jemläp, syýahatçylyk hyzmatlary bazarynyň häzirki zaman şertlerinde hojalygy netijeli dolandyrmagyň türkmen nusgasynyň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik açdy.

Dikuçarly uçuşyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň gözelligi babatda örän täsin bu künjeginde ýerleşen deňiz dynç alşyny depginli ösdürmek boýunça yzygiderli işleri mundan beýläk-de alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, geljekki täze gurluşyklaryň, şeýle hem myhmanhanalaryň hem-de bejeriş-öňüni alyş merkezleriň, kottej toplumlaryň ýerleşişiniň çyzgylary bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz degişli syýahatçylyk we şypahana-dynç alyş, ulag-aragatnaşyk we tehniki düzümleri kemala getirmek işinde iň öňdebaryjy işläp taýýarlamalary hem-de döwrebap inženerçilik çözgütlerini peýdalanmagyň wajypdygyna wise-premýerler S. Satlykowyň we B.Atdaýewiň ünsüni çekdi.

Türkmenistanda sebitleri ösdürmegiň öz aýratynlyklary bar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de ähli welaýatlary gyradeň ösdürmek maksady bilen ösüşiň uzakmöhletli maksatnamalarynyň kabul edilendigini belledi. Şolarda döwrebap durmuş düzümleriniň, önümçilik hem-de dolandyryş toplumlarynyň döredilmegi göz öňünde tutuldy. Meýilleşdirilen işler amala aşyrylanda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän hususy ulgamynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz demirgazyk-günbatar ugurda şypahana zolagyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi.

Häzirki döwürde türkmen telekeçileri dürli pudaklary ösdürmäge, içerki we daşarky bazarda ýokary bäsdeşlige ukyply bolan harytlary çykarmak boýunça innowasion önümçilikleri döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda-da dürli ähmiýetli desgalary gurmak boýunça iri taslamalar ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalaryna ynanylýar. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny we beýlekileri özünde jemleýän durmuş-medeni ulgamyň ýüzlerçe desgalarynyň gurluşygy bilen meşgullanýarlar. Ýurdumyzyň işewürliginiň wekilleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny kemala getirmäge işjeň gatnaşýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar boýunça birnäçe tekliplerini aýdyp, geljegi uly meýilnamalary ýerine ýetirmekde hususy ulgamyň mümkinçiliklerini giňden çekmegiň zerurdygyny görkezdi hem-de bu babatda wise-premýerlere degişli tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz döwletimiziň telekeçiligi mundan beýläk hem goldajakdygyny, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam berjekdigini aýdyp, taslamalary gutarnykly işlemegi we Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermegi tabşyrdy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň Baş meýilnamasy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz gurulýan, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar babatda ähli ownuk zatlary hem seljermegiň we hasaba almagyň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz dikuçaryň üstünden deňiz kenarynyň beýleki ýerlerini hem synlap, Hazar deňziniň demirgazyk-günbatar böleginde howanyň we suwuň derejesi ýokarda saklanýandygyny, munuň bolsa dynç alyş möwsümini wagtyndan öň başlamaga we dowamlylygyny uzaltmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda bu sebitde täze ýaşyl zolaklaryň döredilmegini görkezdi. Olar deňiz howasynyň melhemligi bilen bilelikde adamlaryň dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge ýardam eder. Galyberse-de, seýilgäh toplumlarynyň esasyny düzýän estetiki gözellik, mälim bolşy ýaly, şypahanalar düzümini döretmekde möhüm orun eýeleýär diýip, milli Liderimiz belledi. Hazar deňziniň kenarýakasynyň ekologiýa abadançylygyny goramak baradaky alada umumy işimizdir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu işe başarjaň hünärmenleri we ekologiýa medeniýetini we düşünjesini terbiýeläp, ilatyň giň gatlagyny çekmelidigini nygtady.

Gojaman Hazar ekoulgamyň köpdürlüligine we tebigy serişdeleriň baý gorlaryna, gadymy döwürden galan ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolup durýar. Bu ýerde bekre balyklarynyň dünýäde iri sürüsi mesgen tutýar. Suwuň yzygiderli şorlaşmagy we süýjemegi deňziň ösümlik dünýäsiniň görnüşleriniň baýlaşmagyna we üýtgemegine getiripdir. Häzir Hazar deňzinde ösümlikleriň 500-den gowrak görnüşi we haýwanlaryň 850-den gowrak görnüşi bar. Bu maglumatlar Hazar deňziniň ekologik taýdan arassadygyna şaýatlyk edýär.

Gurulýan her bir desga ekologiýa howpsuzlygynyň kadalaryna laýyk gelmelidir we millionlarça ýyllaryň dowamynda emele gelen gözel tebigat bilen sazlaşykly utgaşmalydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda wise-premýerlere anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz sözüni jemlemek bilen, kenarýaka zolagyň çäklerini netijeli peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekip, abadanlaşdyrmak meselelerine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz oturdyljak agaç nahallarynyň görnüşlerine, olaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyklygyna uly ähmiýet bermek gerek diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda geljekde guruljak toplumlaryň ählisi hemme ölçegler boýunça häzirki zaman talaplaryna we ýokary hil ülňülerine gabat gelmelidir, şeýle hem ýerli tebigaty nazara almak bilen işlenip taýýarlanmalydyr diýip belledi.

* * *

“Awaza” öz çäklerini okgunly giňeldip, ýurdumyzda örän uly meşhurlyga eýe bolýar hem-de daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döredip, Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan, many-mazmuny we maksady boýunça ägirt uly, täzeçil taslamasynyň geljeginiň uludygyny we uly üstünlige eýe bolandygyny tassyklaýar. Deňiz ýakasynyň amatly howa şertleri we baý mazmunly dynç alyş mümkinçilikleri, döwrebap tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň, öňdebaryjy binagärlik we inženerçilik-tehniki pikiriň ugur edilmegi, öňde goýlan maksatlary gazanmaga bolan çemeleşme “Awazanyň” halkara syýahatçylygyň we dynç alşyň ykrar edilen merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Ine, şu günler hem täze gurlup, ulanmaga berlen “Ak ýelken” we “Tolkun” kottej şäherjikleri ilkinji dynç alýanlary kabul etdi, olarda amatly mebeller we zerur bolan durmuş enjamlary bilen üpjün edilen oňaýly otaglar, şeýle hem howuzlar, sport meýdançalary, kafe we beýlekiler myhmanlaryň hyzmatynda. Şu günler “Awazanyň” sagaldyş merkezlerinde dynç alýan daşary ýurtly çagalar bolsa milli Liderimiziň “Tolkun” ýaht-kluba sowgat beren katamaran gaýygynda deňiz boýunça gezelenç etdiler. Elbetde, täze dynç alyş merkezleri, mundan beýläk diňe tomus paslynda işlemez, sebäbi bu ýerde zähmet rugsadyňy ýa-da dynç alyş günleriňi ýylyň islendik wagtynda ähli maşgalaň bilen saglyga peýdaly geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Halkymyzyň abadançylygynyň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegini, dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we oňyn hyzmatdaşlygy berkitmegi we ösdürmegi ugur edinýän döwlet syýasatynyň aýdyň netijesi bolmak bilen, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän deňi-taýy bolmadyk özgertmeleriniň aýdyň nyşany bolup durýar.