Eziz Watanymyz Türkmenistan öňe tarap—döredijiligiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýar. Bu ýolda köp wakalar bolup, ýurdumyzyň ýylýazgysyny jemgyýetiň syýasy we ykdysady, medeni we ruhy durmuşyndaky üstünlikler bilen ýetirýär. Geçen hepde hem şeýle bolup, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we deňizýaka Türkmenbaşy şäherinde ähmiýetli binagärlik açylyşlaryna beslendi.
Gojaman Hazaryň gözel kenarynda emele gelýän köpugurly şypahana zolagy täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanydyr, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň oňyn netijesidir. Bu syýasat eziz Watanymyzy ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilendir. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen deňziň ýakasynda giň gerimli özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde Hazaryň türkmen kenary tanalmaz derejede özgerdi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlaryň, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň, kottej şäherjikleriniň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň ençemesi hereket edýär, syýahatçylyk we beýleki degişli düzümleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär.
Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda “Awaza” iri işewürlik, medeni we sport merkeziniň derejesine eýe bolup, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, festiwallaryň, halkara ähmiýetli dürli çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz Hazar sebitiniň kuwwatyny amala aşyrmaga, türkmenistanlylaryň durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge gönükdirilen bu ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklaýar. Ine, geçen hepdede hem zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şypahana ulgamynyň nobatdaky desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Şol desgalaryň hatarynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kompaniýalary tarapyndan gurlan “Ak ýelken” kottejler toplumy, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy boýunça bina edilen ýaht-klub we “Tolkun” kottejler toplumy bar. Hazaryň kenarynda hereket edýän sagaldyş merkezleri ýaly täze dynç alyş toplumlary hem halkara ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlaryň toplumyny elýeterli bahalar boýunça kepillendirýär.
Mysal üçin, dynç alýanlaryň 700-si üçin niýetlenen “Ak ýelken” kottejler toplumy deňziň golaýynda bina edildi. Bu ýerde kottejleriň 54-si—“lýuks” we “ekonom” derejeli kottejler bolup, maşgalanyň oňaýly dynç almagy üçin zerur bolan zatlar bilen enjamlaşdyryldy. Ýeri gelende aýtsak, toplum durmuş üpjünçiliginiň döwrebap ulgamy bilen üpjün edildi. Şeýle hem 24 sagadyň dowamynda 220 woltly elektrik toguny bermäge ukyply, ýeliň we günüň energiýasyndan elektrik energiýasyny işläp çykarýan desga göz öňünde tutuldy. Ol alternatiw energetikasyny ösdürmegiň geljegi uly ugurlarynyň, aýratyn-da, kenarýaka sebitlerinde ösdürmegiň has amatly ugurlarynyň biri bolup durýar. Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň esasy artykmaçlygy – bu olaryň egsilmezligi we ekologik taýdan arassalygy bolup durýar.
Ýokarda bellenilişi ýaly, bu iri taslama Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň tagallalary bilen durmuşa geçirildi. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň işini höweslendirmek milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň telekeçileri ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere işjeň gatnaşýarlar.
Telekeçiler eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna saldamly goşant goşup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady syýasatyny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmak bilen, dürli pudaklarda, şol sanda senagatda, gurluşykda, oba hojalygynda, syýahatçylykda, söwdada, durmuş hyzmaty ulgamynda netijeli işleýärler.
“Tolkun” toplumy özboluşly ýerleşiş çözgüdi – “tumar” diýen türkmen bezeginiň şekili görnüşi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde jemi 412 orunlyk 25 kottej ýerleşdirildi. Kiçi myhmanhanalar bagy – bossanlyga bürenipdir hem-de täsin suw howuzlary, dynç alynýan ýerler, suw çüwdürimleri we beýleki desgalar bilen gurşalyp alnypdyr. Bu ýerdäki dynç alyş düzümi ýaht-klubdan we okuw merkezinden, çagalar klubyndan, çagalar we sport meýdançalaryndan, üsti açyk we ýapyk suwa düşülýän howuzlardan, emeli tolkunly howuzdan, emeli kölden, restorandan, kafeden we beýleki desgalardan ybaratdyr.
Iki ýyl mundan ozal Awaza sportuň suw görnüşleri ulgamynda iň abraýly halkara ýaryşlarynyň biri bolan windsörfing boýunça dünýä Kubogy ugrundaky bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny kabul etdi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň suw görnüşleri boýunça meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Ine, ilkinji gurlan “Ýelken” ýaht-klubyndan hem-de daşary ýurtlardaky şeýle merkezlerden birjik-de pes durmaýan ýurdumyzda ikinji ýahta merkezi açyldy. Geljekde onuň binýadynda windsörfingçileriň iri bäsleşikleri ýa-da ýelkenli gämileriň ýaryşlary geçirilip bilner. Ýöne bu ýerde işjeň dynç almagyň ajaýyp görnüşi hökmünde höwesjeňleriň deňizde gezelenç etmegine aýratyn üns berler.
Munuň üçin Fransiýada, Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Gresiýada we Türkiýede öndürilen kiçi gämileriň we gaýyklaryň 40-a golaýy “Tolkun” ýaht-klubynyň ygtyýaryndadyr. Olaryň hatarynda ýahtalaryň rahat “maşgala” görnüşi bolan kaşaň “Antares” gämileri, tizligi halaýanlar üçin bolsa “Gran Turismo 40” owadan sport gämileri bar. Mundan başga-da, dürli görnüşli motorly we ýelkenli sport gaýyklary, katamaranlar, sörfing üçin tagtalar, kanoeler, şeýle hem ýüzmek üçin zerur bolan beýleki esbaplar dynç alýanlaryň hyzmatyndadyr.
Täze gurlup ulanmaga berlen “Ak ýelken” we “Tolkun” kottej şäherjikleri açylan gününiň ertesi ilkinji dynç alýanlary kabul etdi. “Awazanyň” sagaldyş merkezlerinde dynç alýan daşary ýurtly çagalar üçin bolsa milli Liderimiziň “Tolkun” ýaht-klubyna sowgat beren katamaran gaýygynda deňiz boýunça gezelenç guraldy. Elbetde, bu dynç alyş merkezleri, mundan beýläk diňe tomus paslynda işlemez, sebäbi bu ýerde zähmet rugsadyňy ýa-da dynç alyş günleriňi ýylyň islendik wagtynda ähli maşgalaň bilen saglyk üçin peýdaly geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar.
Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda zähmet rugsadynda bolýan wagty welosipedli hem-de gämide Hazaryň kenarýaka zolagynda gezelenç edip, şeýle hem dikuçarda Awazanyň we onuň töwerekleriniň täze desgalaryny gözden geçirdi, ýol ugrunda milli Liderimiz deňiz dynç alyş zolagyny gurmagyň barşy hem-de ony ösdürmegiň geljegi uly taslamalary bilen tanyşdy.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “ekonom-topar” – Türkmenistanyň ilatynyň ähli gatlaklary üçin elýeter bahaly myhmana hyzmatlar bloklaryny ösdürmek boýunça çäreleri işjeň amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi. Munuň özi dynç alýanlaryň artmagyny üpjün eder, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynda açylýan mümkinçilikleri has işjeň peýdalanmaga hyzmat eder. Myhmanhanalarda müşderiler üçin hödürlenýän hyzmatlaryň we bahalaryň sanawynda seçip almak şertlerini döretmek häzir bütin dünýäde, şol sanda dünýä belli syýahatçylyk merkezlerinde giňden ulanylýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz syýahatçylyk, şypahana, ulag-aragatnaşyk we tehniki düzümleriň desgalary gurlanda daşky gurşawy goramak, amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmegiň, öňdebaryjy işläp düzmeleri we döwrebap inženerçilik çözgütlerini ulanmagyň wajypdygyny belledi. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, geljekki täze desgalaryň ýerleşişiniň çyzgylary bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şypahana zolagyny demirgazyk-günbatar ugurda giňeltmegiň oňat mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Meýilleşdirilen işler amala aşyrylanda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän hususy ulgamynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda deňziň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde täze jaý toýlarynyň geçirilmegi bolup, bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu jaýlar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça guruldy. 4 gatly jaýda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýleriň 48-si, 12 gatly belent jaýlaryň her birinde bolsa 72 öý göz öňünde tutulyp, olar üç otaglydan başlap, 5 otagla çenli, peýdaly meýdany degişlilikde, 159, 197 we 220 inedördül metre barabar bolan öýler guruldy. Bu ýerde beýleki täze gurlan jaýlarda bolşy ýaly, aşhanalar döwrebap durmuş tehnikasy bilen üpjün edildi. Jaýlaryň golaýynda abadanlaşdyrylan dynç alyş zolagy gurlup, onda agaç nahallary oturdyldy, gül aýmançalary döredildi, çagalar üçin oýun meýdançalary we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar enjamlaşdyryldy.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň köp milletli işgärler toparyndan bolan täze jaýlaryň bagtly eýeleri türkmenistanlylaryň ýaşaýyş – durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, halkymyzyň abadançylygy barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň möhletinden öň çykyp giden agzalarynyň 21-nji awgustda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri ýokary depgine eýe bolýar. Bu syýasy-jemgyýetçilik çäresine guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça meýilnama laýyklykda Merkezi saýlaw toparynyň işgärleri ýerlerde welaýat, etrap, şäher, okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda olaryň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen okuw maslahatlaryny geçirýärler.
Häzirki wagtda saýlaw okruglarynyň çäklerinde saýlaw uçastoklarynyň 359-sy döredildi. Olaryň ählisi degişli aragatnaşyk we beýleki enjamlar, saýlawlar boýunça zerur maglumatlar, usulyýet edebiýaty bilen üpjün edildi. Ähli ýerlerde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam etdirilýär. Olaryň barşynda saýlawçylar dalaşgärleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmaga gönükdirilen saýlawyň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen tanyşýarlar.
11-nji awgustda ähli saýlaw okruglarynda möhletinden öň ses bermek çäresi başlanylar. Bu çäre ozaly bilen uzak wagtlaýyn iş saparlaryna ýa-da zähmet rugsadyna gidýänler, şeýle hem saýlaw güni dürli sebäplere görä, saýlaw uçastoklaryna gelmek mümkinçligi bolmadyk raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr.
Geçen hepdede Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary başlandy. Synaglaryň açyklygyny ýokarlandyrmak maksadynda okuw otaglarynda wideokameralar oturdyldy, indi isleg bildirýänler okuw otaglarynda geçirilýän synaglary okuw mekdepleriniň çäginde oturdylan uly ekranlarda synlap bilerler. Galyberse-de, kabul ediş möwsüminiň islendik tapgyrynda hem-de belli bir wagt geçenden soň synaglaryň barşyny doly dikeltmek üçin ol wideo ýazga geçirilýär. Şunuň ýaly tejribe giriş synaglarynyň üznüksiz gözegçiligini üpjün etmäge hem-de ýokary okuw mekdeplerine has ukyply oglanlaryň we gyzlaryň kabul edilmegine mümkinçilik berýär.
Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine talyplaryň 7 müň 256-syny kabul etmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi geçen ýyldakydan 128 adamyň köp kabul ediljekdigini görkezýär. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersiteti ilkinji talyplaryny kabul eder. Bu ýerde täze okuw ýylyndan başlap, birnäçe ugur boýunça bilim berler. Olar himiýa we biotehnologiýalar; metallurgiýa, maşyn gurluşygy we metallary işläp taýýarlamak; nanotehnologiýalar we nanoserişdeler; tebigy ylymlar; informatika we hasaplaýjy tehnika; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamy ýaly ugurlardyr. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde täze hünärler açyldy. S.Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda täze «hytaý dili», Milli sport we syýahatçylyk institutynda «sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi» hünärleriniň açylmagy muňa mysal bolup biler.
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmegiň ýene bir wajyp ugry orta hünär bilimi bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň 42-si, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň sargytlaryna laýyklykda 8 müň 385 adamy okuwa kabul eder.
Türkmen talyplarynyň bilim almak üçin ugradylýan daşary ýurt okuw mekdepleriniň hem sany her ýyl artýar. Türkmenistanyň wekillerini okatmak Bilim ministrliginiň, pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň ugurlary boýunça gazanylan hökümetara ylalaşyklaryň esasynda amala aşyrylýar. 2016-2017-nji okuw ýylynda türkmen oglanlarynyň we gyzlarynyň müňlerçesi Russiýanyň, Belarusyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Horwatiýanyň we beýleki daşary döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyp şahadatnamalarynyň eýeleri bolar. Şunda Türkmenistanyň halkara ýokary okuw mekdepleri -- Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti dünýäniň dürli ýurtlaryndan talyplary kabul eder.
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň “Erteki gürrüň berijilik sungaty” Aziýa komitetiniň maslahaty boldy. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen duşuşyga Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň alymlary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda paýtagtymyzda geçirilen bu maslahat halkymyzyň ajaýyp ruhy-medeni gymmatlyklaryny öwrenmäge, ony aýawly saklamaga we dünýäde giňden wagyz etmäge, sebitiň halklarynyň milli eposlaryny, rowaýatlaryny ýygnamak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Geçen hepdäniň esasy sport wakalarynyň hatarynda Rio-de-Žaneýroda badalga alan XXXI tomusky Olimpiýa oýunlary bolup, olara dünýäniň 207 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan 10 müňden gowrak türgenler gatnaşýar. Biziň türgenlerimiz sportuň bäş görnüşinde—dzýudo, ýeňil we agyr atletika, suwda ýüzmek we boks boýunça çykyş edýär.
2016-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy 5-nji awgustda Marakana stadionynda guraldy. Türkmen türgenleriniň şu Olimpiada gatnaşmagy – geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Olimpiýa hereketini, ýokary derejeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek meseleleri Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň derejesine çykaryldy, bu syýasatyň baş maksady bolsa, beden we ruhy taýdan kämil nesilleri ýetişdirmek bolup durýar.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalarynda täze taryhy döwrüň maksatlary – milletiň ruhy gymmatlyklaryny dikeltmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, türkmen halkynyň abadançylygyny artdyrmak, Türkmenistanyň we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara abraýyny berkitmek maksatlary öz beýanyny tapdy.