Ï «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnaly

view-icon 891
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekleýin ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. DIM-niň döwürleýin neşiri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň ikinji çärýeginde daşary ýurt döwlet Baştutanlarynyň birnäçesi bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklary hakyndaky makalalar toplumy bilen açylýar.

1—3-nji maý aralygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde türkmen-saud hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň, şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän halkara syýasatyň möhüm meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Er-Riýadda ýokary derejede geçirilen netijeli gepleşikler döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi berip, işjeň dowam etdirilýän oňyn syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de giňeltmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de däbe öwrülen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen has netijeli çäreleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň, maliýe guramalarynyň, ylym-tehnologiýa ulgamynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi, olarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Milli Liderimiz saparynyň çäklerinde dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Mekge we Medine şäherlerine zyýarat etdi. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Onuň Alyjenaby Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdulaziz Al-Saud tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn belent hormat-sarpa goýlup, 2-nji maýdan 3-nji maýa geçilýän gije Allanyň öýünde — mukaddes Käbäniň içinde namaz okamak üçin mümkinçilik döredildi, munuň özi bu ýurtda biziň halkymyza, döwletimize, hormatly Prezidentimize goýulýan çäksiz hormatyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.


Türkmen Lideriniň şu ýylyň maý aýynyň ortasyna Belarus Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aleksandr Lukaşenkonyň duşuşygy döwletara derejesinde hem, iri halkara guramalarynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýän türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Minsk şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilendigini bellemek gerek, bu binanyň binýady 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 24-nji iýunda Daşkentde geçirilen mejlisine gatnaşmagy syn berilýän döwrüň möhüm wakasy boldy. Bu mejlise milli Liderimiz hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz 40-dan gowrak halkara düzüminiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, iri halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly üns berýär. Türkmenistan dünýä syýasy we ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmak meselesine çuňňur gyzyklanma bildirip, özüniň agza bolup durmaýan halkara guramalarynyň hem ýokary derejeli mejlislerine işjeň gatnaşýar. Olaryň biri hem Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Bu guramanyň esasy wezipeleri ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi, deňhukuklylyk, ynam we özara hormat goýmak esasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, ylmy we medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Şu ýyl döredilenine 15 ýyl bolan ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň sebitara gatnaşyklaryň ösdürilmegi nukdaýnazaryndan geljegi uludyr we milli ykdysadyýetleriň doly derejeli ösdürilmegi hem-de olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagy üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri doly herekete getirmäge ýardam berýär.

Wekilçilikli forumyň çäklerinde türkmen Lideri döwlet Baştutanlarynyň birnäçesi, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow we Owganystan Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Olaryň barşynda taraplaryň däp bolan dostluk gatnaşyklaryna, uzak geljegi nazarlaýan doly möçberli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklanyldy.

Žurnalyň sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň duşuşygyndaky çykyşy dolulygyna çap edilýär.

Milli Liderimiziň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan umumy bähbitler arkaly jebisleşen hem-de deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine eýerýän döwletler, şeýle hem ýurtlaryň topary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürip, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara hormat goýmak esasynda hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär, bu gurama gatnaşyjy ýurtlar öňden gelýän hyzmatdaşlar, goňşular we biziň ýurdumyzyň dostlary bolup durýar.

Nygtalyşy ýaly, ŞHG bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň möhüm bölegi bolmak bilen, sebitdäki ýagdaýlaryň durnuklylygyny hem-de deňagramlylygyny, işjeň ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny, iri halkara düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir, şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitleriň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, daşary ýurtly maýadarlaryň işjeňligini höweslendirer.

Žurnalda belli daşary ýurt syýasatçylarynyň, görnükli ylym we jemgyýetçilik işgärleriniň, diplomatlaryň makalalaryna aýratyn orun berilýär. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ösüşi hem-de ýeten sepgitleri barada öz pikirlerini beýan edýärler.

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 2016-njy ýylyň ýanwar aýynyň aýagynda ýurdumyza bolan iş saparynyň çäklerinde “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalyna beren interwýusy okyjylarda uly gyzyklanma döreder.

Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň oňyn, özara ynam ýagdaýynda geçirilendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigi, taraplaryň gatnaşyklary pugtalandyrmaga özara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Mälim bolşy ýaly, häzirki güne çenli Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda 100-den gowrak ylalaşyga gol çekildi, olar döwletara hyzmatdaşlygynyň ähli ulgamlaryny, şol sanda 2002-nji ýylyň 23-nji aprelinde gol çekilen Dostluk we hyzmatdaşlyk barada şertnamany — binýatlyk resminamany öz içine alýar. Şu gezekki saparyň çäklerinde daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň nobatdaky Maksatnamasyna gol çekildi. Ol daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn we halkara meseleler boýunça geňeşmeleri geçirmegiň meýilnamasyny öz içine alýar. Şeýle hem saparyň çäklerinde Russiýanyň ilçihanasynyň Aşgabatdaky binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gasan Sultan ogly Zeýnalow we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Ahmadi öz makalalarynda deňhukuklylyk hem-de özara bähbit esasynda guralýan doly möçberli döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, dünýäde belent abraýa eýe bolan ýurdumyzyň ägirt uly gazananlaryna we ýeten sepgitlerine haýran galýandyklaryny beýan edýärler.

Beýleki gyzykly makalalaryň hatarynda Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda konstitusion kadalara we kanunçylyga bagyşlanan makalalary görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň çäklerinde döwletimiziň hukuk ösüşiniň strategiýasy kämilleşdirilýär, ählumumy ulag logistikasynyň halkara hukuk meselelerine, halkara metbugatynda Türkmenistanyň köpugurly diplomatiýasyna hem-de sebit howpsuzlygynyň üpjün edilmegine bagyşlanan makalalary hem aýratyn bellemek gerek.

Türkmenistanyň 2016—2019-njy ýyllar aralygynda Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyna başlyklyk etmegi bilen baglylykda, Merkezi Aziýada ekologiýa hyzmatdaşlygy meselesine ýörite makala bagyşlanýar. Bellenilişi ýaly, “suw diplomatiýasy” diýilýän düşünjäniň köptaraplaýyn gepleşikleriň täze syýasy-diplomatik görnüşini döretmek ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän işjeň orny sebitiň ýurtlarynyň Merkezi Aziýada durmuş-ykdysady, ekologiýa hem-de suw hojalyk meseleleri babatynda bilelikdäki möhüm, ylalaşylan çözgütleriň tutuş toplumynyň kabul edilmegine ýardam berer.

Şeýle hem halkara ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, hususan-da, biziň uniwersitetlerimiziň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda žurnalyň sahypalarynda milli miras we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň taryhy baradaky söhbet aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

“Ýaş alymyň sahypasy” ady bilen berilýän makalada beýan edilýän Garamanogullary begleriniň daşary syýasatynda alymlaryň orny baradaky maglumatlar giň okyjylar köpçüliginiň gyzyklanmasyna eýe bolar.

“Diplomatiýa durmuşynyň ýyl ýazgysy” atly bölüm žurnalyň bu sanyny jemleýär. Onda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar, daşary döwletleriň we iri halkara guramalarynyň köp sanly wekiliýetleri bilen bolan gepleşikler, syýasy geňeşmeler, maslahatlar, okuw maslahatlary, işewürler maslahatlary, hökümetara toparlarynyň mejlisleri, medeni çäreler, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen beýleki möhüm wakalar öz beýanyny tapýar.