Ï Türkmenistan — Ýewraziýanyň ulag ýollarynyň möhüm çatrygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Ýewraziýanyň ulag ýollarynyň möhüm çatrygy

view-icon 2092
Köp ugurly, döwrüň talabyna laýyk gelýän ulag ýollaryny döretmek döwletimiziň üstünlikli ösmeginiň aýrylmaz we möhüm şerti hökmünde häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary sebitiň ähli ýurtlaryna ýurdumyzda döredilýän, Ýewraziýanyň strategiki üstaşyr geçelgelerini üpjün etmek üçin multimodal ulag düzümini amatly peýdalanmak mümkinçiligini döredýär. Bu ýagdaý hem-de döwlet Baştutanymyzyň netijeli başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasyna şu ýylyň 26—27-nji noýabrynda taryhda ilkinji gezek durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty hut Aşgabatda geçirmek üçin esasy döretdi.

Bu möhüm ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde möhüm ädim boljak bu maslahat BMG-niň durnukly köptaraplaýyn ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge, ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmäge ýardam etmek hakynda Rezolýusiýasyna laýyklykda türkmen paýtagtynda geçiriler. Bu resminama 2015-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edildi.

Bu Rezolýusiýa Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan hem-de Milletler Bileleşiginiň derejesinde biragyzdan makullanan halkara ulag meseleleri boýunça ikinji resminama bolup durýar. 2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen, halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekde üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan ýokary derejeli maslahat bu ugurda özara gatnaşyklara kuwwatly itergi berdi.

Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň möhüm düzüm bölegi raýat awiasiýasydyr, şeýle hem halkara howa giňişliginde üstünlikli giňeýän dünýä hojalyk aragatnaşyklarydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz tarapyndan täze howa menzillerini, terminallary, inžener-tehniki ähmiýetli desgalary gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, ýurdumyzyň howa flotunyň işini kämilleşdirmek boýunça uly möçberli taslamalaryň başy başlandy hem-de olar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine hemişelik üns bermeginiň netijesinde, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze uçarlarynyň we dikuçarlarynyň hasabyna bu gün “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň tehniki binýadynyň üsti ýetirilýär. Soňky ýyllarda özüni iň oňat tarapdan görkezen “Boingler” hem-de meşhur beýleki kysymly tehnikalar bilen onuň hatary artdyryldy.

“Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň tehniki binýady 11 kysymly howa gämilerine hem-de 8 kysymly dikuçarlara eýedir. 2013-nji ýylda “Boing-737-800” howa uçarlarynyň üçüsi hem-de 2014-nji ýylda “Boing-777-200 LR” uçarynyň ikisi gelip gowuşdy. 2015-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti “Boing-737-800” uçarlarynyň üçüsini satyn almak hakynda Karara gol çekdi. Mundan başga-da, ýerli uçuşlarda peýdalanmak üçin dürli kompaniýalardan 50 we 100 ýolagçy orunlyk bolan howa gämilerini soňra satyn almak maksady bilen öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar.

Täze dikuçarlar Türkmenistanyň geografik şertlerine doly derejede uýgunlaşdyrylandyr, olar barylmagy örän çylşyrymly, şol sanda dag we çöl ýerlerde gonup bilýär. Bu bolsa howa tehnikalaryny peýdalanmagyň gerimini has-da giňeldýär. Mundan başga-da, ulaglar islendik howa şertlerinde uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän iň döwrebap uçuş-ugrukdyryş enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Howa gämileriniň tehniki binýadynyň täzelenilişine hem-de döwrebap enjamlaryň alnylyşyna görä, has taýýarlykly hünärmenler talap edilýär. Şoňa görä-de, işgärleri taýýarlamaklyk wajyp wezipä öwrüldi. Hususan-da, gullugyň işgärleri Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Fransiýada taýýarlyk geçdiler.“Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň hünärmenleri howa tehnikalarynyň, şol sanda iň täze oňaýly “Boing” uçarlarynyň dürli görnüşlerini peýdalanýan nemes we britan awiakompaniýalarynyň tejribelerini öwrendiler.

Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň howa gämileri içerki howa ugurlaryndan başga-da, dünýäniň ýurtlarynyň onlarçasyna yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirýärler, uçuşlaryň gerimi yzygiderli giňeýär.

Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýedir. Olar ýükleri daşamagyň hem-de ýolagçylary gatnatmagyň, şol sanda ýurdumyzyň çäklerinden üstaşyr geçmek arkaly barýan ýükleriň we ýolagçylaryň artýan möçberlerini üpjün etmäge oňa mümkinçilik berýär. Ulag üstaşyr geçirilişi häzirki zamanyň depginli ösýän dünýäsinde ornuny berkitmegiň anyk strategik wezipelerini öňünde goýan döwletimiziň geosyýasy maksatlaryna sazlaşykly goşulýar.

Türkmenistan bilen Lýuksemburguň arasynda howa gatnawy hakynda Hökümetara ylalaşygy gazanyldy. Geçen ýylyň iýunyndan başlap, Ýewropanyň iri howa arkaly gatnadyjysy bolan “Cargolux Airlines International” kompaniýasy Lýuksemburg—Türkmenbaşy ugry boýunça, şu ýylyň iýunyndan başlap bolsa Aşgabada hem ýük daşaýyş uçuşlaryny ýerine ýetirip başlady.

“Pegasus” türk awiakompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri, Türkmenistanda onuň wekilhanasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi. Eýýäm ýakyn wagtda “Pegasus” Stambul—Türkmenbaşy ugry boýunça uçuşlary ýerine ýetirip başlar.

Aeronawigasiýa düzümini ösdürmekde täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ýolagçylara hyzmat ediş ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň howa gatnawlaryna internet arkaly petekleri satmak maksady bilen, “HITIT” (Türkiýe Respublikasy) kompaniýasy bilen elektron ulgamyny döretmek we petekleriň internet-satuwyny guramak bilen baglanyşykly şertnama baglaşyldy. Mundan başga-da, T5-iň ugurlary boýunça yzygiderli uçuşlary amala aşyrýan ýolagçylara ýeňillikleriň girizilmegi göz öňünde tutulýar.

Aşgabadyň täze, iň kämil döwrebap halkara howa menziliniň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Ol Türkmenistanyň baş “howa derwezesi”, yklym hem-de yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr geçiriji merkez bolmagyna gönükdirilendir. Türkmenabat şäherinde-de halkara howa menziliniň gurluşygy alnyp barylýar. Daşogzuň howa menzilinde bolsa uzynlygy 3800 metr bolan döwrebap emeli uçuş-gonuş zolagynyň gurluşygy tamamlandy. 2010-njy ýyldan bäri Türkmenbaşy şäherinde Halkara howa menzili işleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilleriniň häzirki zaman ulgamyny döretmegiň ýurdumyzyň mundan beýläkki ykdysady ösüşiniň hem-de onuň dünýäniň ykdysadyýetine goşulyşmagynyň, halkara söwda aragatnaşyklarynyň geňeşmeginiň we işjeňleşmeginiň wajyp şerti bolup durýandygyny belleýär.

Howa ulagy syýahatçylyk üçin hem örän möhümdir. Halkara uçuşlarynyň ýolagçylarynyň örän köp sanlysy syýahatçylyk etmegiň bähbidine, işewür ýa-da medeni ähmiýetli jahankeşdelik edýärler. Şoňa görä-de, bu ýerde milli awiasiýa möhüm orun tutup, türkmen ykdysadyýetine örän uly ähmiýetli täsir edýär.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen dünýäniň ulag ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Ýewropa ykdysady geçelgesi we ESKATO ýaly halkara düzümleriniň tejribeleri esasynda Türkiýä çykalgasy bolan Merkezi Aziýa üçin Modal Şosseni döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Şeýle hem Türkmenistan Ýewropa—Kawkaz—Aziýa (TRASEKA) maksatnamasyna işjeň hyzmatdaş we oňa gatnaşyjy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Çünki Merkezi Aziýadan günbatar ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek we Ýewraziýa giňişliginde hil taýdan täze derejedäki dünýäniň iki ykdysady ulgamlaryny baglanyşdyrmak maksadyny durmuşa geçirmekde has-da möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen “Orta Aziýa –Ýakyn Gündogar” (Özbegistan—Türkmenistan—Eýran—Oman) täze ulag geçelgesiniň taslamasynyň örän ähmiýetlidigini bellemeli, oňa gatnaşmaga goňşy ýurtlaryň birnäçesi uly gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan demir ýoly Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasyndaky halkara ulag gatnawlarynda möhüm halka bolup durýar. Onuň birinji tapgyrynda demir ýoluň iki böleginiň: Türkmenistanyň çäginde 85 kilometrlik Atamyrat—Ymamnazar ýolunyň hem-de Ymamnazardan Owganystanyň çägindäki Andhoý ilatly ýere çenli 38 kilometrlik ýoluň gurluşygyny göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda demir ýoluň düşegi Ymamnazar menziline çenli ýetirildi. Onuň bilen ugurdaş elektrik geçiriji ulgamyny çekmek, Gülüstan we Ymamnazar menzillerinde düzüm desgalaryny gurmak, bu ýoluň ugrunda iki sany iri demir ýol köprülerini (uzynlygy 363 metr we 256 metr) gurmak boýunça işler alnyp barylýar.

Demir ýoluň bu bölegi ýurduň gündogar sebitiniň ösüşini nazara alanyňda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu ýerde häzir iri senagat merkezi emele gelýär, hususan-da, nobatdaky senagat ägirdi — kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplum gurulýar. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça meýilnamalaryň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, şol topluma möhüm orun degişli bolup durýar.

Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýoly sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny giňelder. Owganystanda bilelikdäki düzüm taslamalarynyň birnäçesiniň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetini ösdürmäge kuwwatly itergi berer, möhüm durmuş meselelerini çözmäge, ilaty iş bilen üpjün etmäge ýardam eder.

Strategiki hyzmatdaşlar we goňşy döwletler bilen däbe öwrülen ileri tutulýan gatnaşyklardan başga-da, Türkmenistan häzir Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Pars aýlagynyň ýurtlary bilen özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini öwrenýär.

Halkara Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň “altyn halkasyny” alamatlandyrýan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran polat ýoly Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara ýükleriň amatly we tygşytly daşalmagyny üpjün eder. Onuň 2014-nji ýylyň dekabrynda işe girizilmegi Gündogar—Günbatar ulag ulgamy bilen, ýagny Hazaryň üstünden geçýän Hytaý — Orta Aziýa— Kawkaz — Ýewropa transkontinental ugry bilen kesişmek mümkinçiligi sebäpli möhüm bolup durýar.

Ykdysady nukdaýnazardan alanyňda, bu ýol ýükleri, şol sanda üstaşyr ýükleri daşamagyň, geljekde bolsa ýolagçy gatnatmagyň gysga ugrudyr. Häzirki zaman şertlerde bolsa möhüm geçelge bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýük dolanyşygynyň möhletleriniň kemelmegi düýpli bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün edýär. Ol öz nobatynda, işewür işjeňliginde, ahyrky netijede bolsa, halklaryň durmuş derejesinde öz beýanyny tapýar.

Eýranyň çäginde demir ýoluň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen demirgazyk, şeýle hem günorta ugurlarda amatly we ykdysady taýdan bähbitli ugur dörediler. Şeýle hem täze ýol Hazarýaka sebitini, onuň ulag, önümçilik we durmuş düzümini ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Şeýle hem taslama Günorta we Gündogar ugurlarda Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary ýaly kuwwaty ykdysady merkezlere alyp çykýan ulag ulgamyna goşulmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Munuň özi ählumumy geoykdysadyýetde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçe oýlanmagyň, onuň ösüşiniň strategiki mümkinçiliklerini nazara almagyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň demir ýol ulaglary doly täzelendi, ýük wagonlarynyň, şol sanda ýüküni özi düşürýän dumkar-wagonlaryň, bitum daşamak üçin bunker-wagonlaryň, nebit, sement we beýleki zatlary daşamak üçin çelek wagonlaryň 1 müňden gowragy, ýolagçy otlular we teplowozlar üçin wagonlaryň köp sanlysy satyn alyndy.

Polat ýollarynyň gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylmagy bilen baglylykda, dürli tehnikalaryň uly tapgyrlary: ýol düşeýän ýük göterijiler, relsleri götermek, olary berkitmek we ýylmamak üçin enjamlar, moto daşaýjylar we motorlaşdyrylan platformalar we beýleki enjamlar, tehniki anyklaýyş serişdeleri (kompýuterleşdirilen wagon-barlaghanalar), şeýle hem abzallar, täze işlenip taýýarlanan enjamlar gelip gowuşdy.

Bularyň hemmesi hereket howpsuzlygy, serişde tygşytlamak, demir ýollarynyň hojalygynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerini netijeli we tiz çözmäge mümkinçilik berýär. Pudagyň aragatnaşyk we elektrik üpjünçilik ulgamy döwrebaplaşdyrylýar.

Halkara üstaşyr-ulag düzüminiň döredilmeginde Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menziliniň işjeň alnyp barylýan gurluşygy aýratyn ähmiýete eýedir. Ýakyn geljekde “deňiz derwezesi” sebitiň iri logistika merkezine öwrüler.

Bu ägirt uly maýa goýum taslamasy umumy meýdany 230 müň inedördül metr bolan awtomobil-ýolagçy parom terminalynyň hem-de umumy meýdany 249 müň inedördül metr bolan konteýner terminalynyň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Umumy ýükleýiş terminaly, ürgün ýükleriň terminaly, polipropilen terminaly, şeýle hem 166 müň inedördül metr meýdany tutjak gämigurluşyk we gämiabatlaýyş zawody toplumyň düzümine girer.

Soňkularyň ulanmaga berilmegi, hakykatda, ýurdumyzyň gämigurluşyk pudagynyň döreýändigini alamatlandyrar. Awto-ýolagçy we konteýner terminallarynyň hem-de ýük gämileriniň mümkinçilikleri Hazar deňzinde, şol sanda üstaşyr geçirmekde ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlarda ýokary islegleri kanagatlandyrar. Köpugurly deňiz menziliniň her ýylky geçirijilik ukyby dürli ugurly ýükleriň 15 milllion tonnasyna barabar bolar.

Deňiz menzili ugrukdyryjynyň we ýük daşalyşynyň howpsuzlygyny hem-de netijeliligini, şeýle hem daşky gurşawy goramagy üpjün etmek üçin zerur bolan iň häzirki zaman programma-abzallar toplumlary bilen enjamlaşdyrylar. Menziliň çäklerinde gämileriň hereketine gözegçilik ediş, ähli bölümlerde ýük ýükleýiş-düşüriş işleri awtomatlaşdyrylan ulgamyň hem-de elektron tehnologiýalaryň kömegi bilen dolandyrylar. Hazar deňziniň ekologiýasyny gorap saklamak maksady bilen, her terminalda bioarassalaýyş enjamy gurnalar. Taslama “Ýaşyl port” halkara ölçegine laýyklykda işlenip taýýarlandy. Onuň durmuşa geçirilmegini 2017-nji ýylyň dekabrynda dolulygyna tamamlamak meýilleşdirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşiniň geljekki mümkinçiligi nazarda tutulyp, özara ýük dolanyşygynyň möçberleriniň ýokarlanmagy hem-de Türkmenbaşy deňiz menziliniň üsti bilen bu ýurtlara üstaşyr geçirilýän ýükleriň akymynyň artmagy çaklanylýar. Awto-ýolagçy daşalyşy hem ulag gatnawlarynyň giňemegine itergi berer.

Şeýlelik bilen, Türkmenistan bu meseleler babatda öz çemeleşmelerini kemala getirip, diňe bir sebitiň döwletleriniň däl, eýsem, has giň —yklymara möçberlerde-de ykdysady bähbitler ugrunda özüniň tiz ösýän ulag-üstaşyr geçiriş kuwwatyny herekete getirmegiň mümkinçiliklerinden ugur alýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň, bu ulgamda özara hereket etmegiň, şol sanda BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyk etmek meselelerinde tutýan işjeň ornunyň netijesinde ýurdumyz iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary ýerine ýetirip, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagyna we giňemegine uly goşant goşýar.