Garaşsyz Watanymyzyň merdana serhetçileri!
Sizi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 24 ýyllygy hem-de Serhetçiler güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Dost-doganlyk araçäklerimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmekde siziň jogapkärli borjuňyzy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdigiňize, Watana we harby kasama wepalylygyň belent nusgasyny görkezjekdigiňize, merdana pederlerimiziň watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk, mertlik ýaly asylly däplerini mynasyp dowam etdirjekdigiňize berk ynanýaryn.
Berkarar Watanymyzyň gaýduwsyz serhetçileri!
Garaşsyzlyk ýyllary içinde, aýratyn hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe siz edermenligiň, merdanalygyň, harby ussatlygyň ýoluny geçip, ýokary derejede taplandyňyz, kämilleşdiňiz we gahryman pederlerimiziň arzuwlan özbaşdak türkmen döwletiniň milli serhet goşunlarynyň esasyny düzdüňiz. Zähmetsöýer halkymyza, eziz Watanymyza wepaly, mert ýigitleriň gulluk edýän mizemez serhet goşunlary döwrüň talabyna laýyk kämilleşip, eziz Watanymyzyň polat galkanyna öwrüldi. Siz uzak ýyllaryň dowamynda eziz Watanymyzyň dost-doganlyk araçäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün edip, halkymyzyň berk ynamyny gazandyňyz. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz alyp barýar. Şol bir wagtda özygtyýarly döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň ýokary goranyş kuwwatyny saklamak, goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, döwrebap harby özgertmeleri durmuşa geçirýär.
Watana, harby borjuna wepaly, gaýduwsyz ýurt goragçylarynyň kämilleşmeginde harby-watançylyk terbiýesiniň, şeýle hem «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerimiziň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Biziň sebitde we bütin dünýäde parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga we ynsanperwerlige esaslanýan içeri we daşary syýasatymyzy serhet goşunlarynyň hatarlarynda gulluk edýän esgerlere düşündirmek we watansöýüji esgerleri terbiýelemek her bir serkerdäniň borjudyr. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň ähli ugurlardan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagyň eziz Watanymyzyň dost-doganlyk serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmekde häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridigine siz oňat düşünmelisiňiz we bu ugurda zerur işleri geçirmäge aýratyn üns bermelisiňiz.
Hormatly serhetçiler!
Biz taryhy özgertmeleri başdan geçirýän eziz Diýarymyzyň daşynyň polat galasy bolan serhet goşunlarymyzyň öňünde goýlan örän möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde başarjaň serhetçi serkerdeleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berýäris. Türkmenistanyň Serhet institutynyň döredilmegi we bu ýokary harby okuw mekdebiniň ähli zerur serişdeler bilen üpjün edilen täze binalar toplumynyň gurlup, ulanmaga berilmegi netijesinde bu ýerde öz işine ezber, jogapkärli wezipesini başarjaňlyk bilen ýerine ýetirýän serhetçi serkerdeleriň täze nesli kemala gelýär. Olar dost-doganlyk serhedimizi ygtybarly goramagyň usullaryndan ussatlyk bilen baş çykaryp, döwrebap, kämil harby tehnikalary, enjamlary başarjaňlyk bilen dolandyrýarlar we Döwlet serhedimiziň ygtybarly goragyny üpjün edýärler.
Berkarar Watanymyzyň edermen serhetçileri!
Watan goragy mukaddesdir. Jogapkärli harby borjy ilatly ýerlerden has uzaklarda, dürli tebigy şertlerde berjaý edýän serhetçileriň gulluklary nusga alarlykdyr. Hut şonuň üçin hem bu mukaddes wezipeleri berjaý edýän ýurdumyzyň serhet goragçylaryna döwletimiz tarapyndan hemişe aýratyn üns berilýär. Serhetçileriň talabalaýyk gulluk etmegi we olaryň maşgala agzalarynyň amatly şertlerde ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Täze, döwrebap serhet birikmelerini, serhet galalaryny, harby gullukçylar üçin ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki gulluk hem-de durmuş maksatly desgalary yzygiderli gurup, ulanmaga bermegi, iň kämil, öňdebaryjy harby tehnikalary, enjamlary yzygiderli satyn almagy biz mundan beýläk hem dowam ederis. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ýurdumyzyň serhetleriniň goňşy döwletlerimiz bilen dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň serhetleri bolup galmagy ugrunda siziň her biriňiziň bilimiňizi, ukyp-başarnygyňyzy, gujur-gaýratyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza, ýurdumyzyň hemişe parahat we abadan bolmagy üçin, zerur bolsa, şirin janyňyzy hem aýamajakdygyňyza berk ynanýaryn.
Eziz Watanymyzyň merdana serhetçileri!
Sizi Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuna barýan günlerimizde ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenýän Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 24 ýyllygy hem-de Serhetçiler güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt, dost-doganlyk serhetlerimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow.