Ï Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil hakynda kanunyň taslamasyna garaldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil hakynda kanunyň taslamasyna garaldy

view-icon 1061
Çäre BMG-nyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde we BMG-nyň Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa üçin Müdirýetiniň goldamagynda geçirildi.

Duşuşyga Mejlisiň kanun taslmasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň agzalary,Türkmenistanyň adam hukulary we halkara ynsanperwer hukuklary babatda halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça Pudagara iş toparynyň wekilleri, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara synçy hökmünde BMG-nyň Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa üçin Müdirýetiniň sebitdäki wekili Rişard Komenda çagyryldy. Okuw maslahatyň açylşyna BMG-nyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Jasinta Barrins gatnaşdy.

Geçirilen okuw-maslahaty adam hukuklaryny höweslendirmek we goramak (Pariž ýörelgeleri) bilen meşgullanýan milli edaralaryň derejesi barada ylalaşylan ugry işläp taýýarlamak üçin esas boldy. Olar BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen kabul edildi we adam hukuklary babatda esas goýujy konwensiýalary tassyklan BMG-nyň agzalary bolup durýan döwletlerde ornaşdyrmak üçin Milletler bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça geňeş, beýleki şertnamalaýyn guramalary tarapyndan teklip edilýär.

Okuw-maslahaty sessiýalaýyn mejlisler görnüşinde geçirildi. Birinji mejliside Rişard Komenda adam hukuklary babatda halkara ulgamyna we Pariž ýörelgelerine syn bilen çykyş etdi. Ondan soňky sessiýalarda kanun taslamsyny maddama-madda ara alyp maslahatlaşmaga üns berildi.

„Biz Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil hakynda kanunyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanmagyny goldaýarys. Munuň özi ýurtda jemgyýeti we döwleti demokratiýalaşdyrmak ýolundaky netijeli iş bolup, ol Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramak we üpjün etmek boýunça halkara ýörelgelerine we kadalaryna ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Oňa gatnaşanlaryň wekilçilikligi we kanun taslamasynyň işjeň ara alnyp maslahatlaşylmagy türkmen tarapynyň Pariž ýörelgelerine we Türkmenistanyň adam hukulary babatda halkara borçlaryna laýyk gelýän kanuny işläp taýýarlamaga uly gyzyklanma bildirýänligine şaýatlyk edýär. Biz kanuny işläp taýýarlamakda we ony Pariž ýörelgelerine laýyk getirmekde mundan beýläk hem bilelikde işleşmäge we oňa ekspert goldawyny bermäge taýýar“-diýip, BMG-nyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Jasinta Barrins aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil hakynda kanunyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanmagy başlangyjy bilen çykyş etdi. Döwlet baştutany bu garaşsyz edaranyň döredilmeginiň wajyplygyny belläp, ýurtda adam hukuklary boýunça hemişelik wekiliň bellenilmeginiň Konstitusiýa tarapyndan berkidilmegini teklip etdi.

2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda 2016-2020-nji ýyllara adam hukuklary babatda hereketiň Milli meýilnamasy kabul edildi. Ilkinji gezek kabul edilen resminama milletiň baştutanynyň adam hukuklaryny we erkinliklerini üpjün etmek meselesine üns berýänligine şaýatlyk edýär. Adam hukuklaryny we erkinliklerini üpjün etmegiň milli strategiýasy öňde goýlan maksatlaryň durmuşa geçirilmeginiň ileri tutulmagyna we gazanylan netijeleriň görkezijilerine gönükdirilendir.

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil hakyndaky kanun taslamasy 2016-2020-nji ýyllara adam hukuklary babatda hereketiň Milli meýilnamasyna goşuldy.