Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat geldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat geldi

view-icon 903
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Saglygyny dikeltmek hem-de dynç almak maksady bilen, ukrainaly çagalaryň bir toparynyň Türkmenistana gelip görmegi baradaky çakylyk üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rugsat ediň.

Biziň çagalarymyzyň türkmen topragynyň mährini hem-de türkmen halkynyň myhmansöýerligini duýandyklaryny çuňňur hoşallyk bilen bellemek isleýärin. Ukrainaly çagalaryň saparyny, saglygyny dikeltmegini hem-de dynç almagyny guramaga dahylly bolan adamlaryň her biri olara ýürek mährini siňdirdi. Olary mähir-alada bilen gurşap alyp, Siz keseki çagalaryň bolmaýandygy baradaky hakykaty tassykladyňyz.

Bu çagalaryň türkmen topragynda özlerini öz öýlerinde ýaly duýup, Türkmenistanyň mähirli dostlaryna öwrülendigini tassyklamaga mende ähli esaslar bar. Olaryň kalbynda türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk hem-de hoşniýetlilik duýgulary, berk we ygtybarly dostluga ymtylmak meýilleri, Siziň ýurduňyz barada galan täsirleri her bir adama ýetirmek we şeýlelikde, Türkmenistanyň Ukrainadaky we bütin dünýädäki ygtybarly dostlarynyň sanyny köp esse artdyrmak islegleri berk ornaşdy. Çagalar biziň geljegimizdir, ukrain-türkmen gatnaşyklarynyň geljegidir.

Şunuň bilen baglylykda, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, Siziň ýagty we giň döredijilik ýoluňyzda täze üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň. Goý, Siziň mähir-aladaňyz bilen gurşalyp alnan türkmenistanlylaryň ösüp gelýän nesli hemişe Siziň berk hem-de ygtybarly daýanjyňyz bolsun.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Walentin Şewalýow,
Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçisi.