Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçmişiň bahasyna ýetip bolmajak ýadygärliklerini öwrenmek, saklamak we gaýtadan dikeltmek boýunça işleriň ähmiýeti has-da artýar. Biziň ýurdumyz şeýle ýadygärliklere örän baýdyr. Olar türkmen halkynyň ruhy durmuşy üçin uly ähmiýete eýedir hem-de dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir.
Abraýly halkara guramalary we gaznalary, şol sanda “ABŞ-nyň ilçisiniň medeni mirasy gorap saklamak baradaky gaznasy” bilen hyzmatdaşlyk etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli taryhy hem-de medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak we dikeltmek ulgamynda alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň goldaw bermeginde, şu ýyl Lebap welaýatynda ýerleşýän, orta asyrlara degişli Daýahatyn kerwensaraýynda hem-de Daşoguz welaýatyndaky Ysmamytata binagärlik toplumynda dikeldiş işleri tamamlandy. Olar medeniýet ulgamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň nobatdaky desgalary boldy. Şolaryň birinjisinde dikeldiş işleri Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri, beýlekisinde bolsa Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirildi.
15 ýyl mundan ozal esaslandyrylan bu gazna amerikan hökümetiniň daşary ýurt taslamalaryna goldaw berýän maksatnamasy bolup durýar. Şol taslamalarda bolsa taryhy binalary, muzeý gymmatlyklaryny, gadymy golýazmalary hem-de seýrek duş gelýän neşirleri dikeltmek, aýdym-saz, tans we dil usullaryny resmileşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu Gazna Türkmenistanda eýýäm dürli taslamalaryň 20-sini durmuşa geçirmäge gatnaşdy.
12-nji awgustda Şekillendiriş sungaty muzeýinde Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidiniň öň tarapyndaky XV asyra degişli mozaikalary dikeltmek boýunça işleriň tamamlanmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Bu taslama üç ýyl mundan ozal badalga berildi hem-de bu muzeýiň işgärleri we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyndaky kärdeşleri tarapyndan üstünlikli amala aşyryldy.
Hünärmenleriň umumy pikirine görä, bu taryhy metjit orta asyr türkmen ussalarynyň döreden iň kämil desgalarynyň biridir. Onda kompozisiýanyň sazlaşygy hem-de stilistiki taýdan arassalygy namaz okalýan jaýyň uly girelgesiniň bezeginiň ýokary derejesi bilen utgaşýar. Geçen asyrlarda Aşgabatdan Merwe uzalyp gidýän köne kerwen ýoly bilen barýan ýolagçylar alyslardan Köpetdagyň eteginde onuň suduryny görýärdiler.
Şu ýerde XIX asyryň ahyrynda gurlan demir ýoldan barýan otlularyň aýnasyndan bu ýadygärlik oňat görünýärdi. 1948-nji ýylyň ýer titremesinde binagärligiň bu täsin desgasynyň weýran bolandygyna garamazdan, ol Gündogaryň sungaty hakyndaky kitaplaryň sahypalarynda ýaşamagyny dowam edýär, halkyň hakydasynda bolsa keramatly Seýit Jemaleddiniň jaýlanan ýeriniň golaýyndaky metjit bilen baglanyşykly rowaýatlar saklanyp galypdyr. Her ýyl bu metjide zyýaratçylaryň ýüzlerçesi aýat-doga okamaga we sadaka bermäge gelýärler.
Änewdäki metjidiň esasy aýratynlygy binanyň öň tarapyny bezän iki aždarhanyň şekili bilen baglanyşyklydyr. Bu täsin keşpler suratkeşleriň köpüsini öz eserlerini döretmäge ruhlandyrdy. Änewdäki metjidiň bezegine öwrülen aždarhalaryň şekilleri suratlandyrylan haly örän täsindir. Bu haly 1948-nji ýylda dokaldy we häzikri wagtda Türkmen halysynyň muzeýinde saklanýar.
>
15 ýyl mundan ozal reňkli syrçaly keramiki plitalardan ybarat bolan, ýer titremesinde müňlerçe bölege bölünen ägirt uly mozaiki panno, mümkin boldugyça, täzeden dikeldildi we paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gadymy gymmatlyklar zalynda goýuldy. Bu işler Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň işgärleri tarapyndan gaznanyň goldaw bermeginde ýerine ýetirilip, “Medeni mirasy gorap saklamak” maksatnamasy boýunça dünýäde ilkinji taslama boldy.
Şonda Aşgabatdaky Şekillendiriş sungatynyň muzeýine Änew metjidiniň öň tarapynyň bezeginiň köp bölekleri gelip gowuşdy. Bu bezeg esasy girelgäniň beýleki böleklerine – ýadygärligiň öň tarapynyň her hili nagyşlar bilen bezelen ýokarky üçburç bölegine, gapdalky gönüburçly uly sütüne hem-de beýlekilere degişlidir. Tapylan bölejikleri aýyl-saýyl etmek şu taslamanyň çäklerindäki işiň ilkinji tapgyry boldy. Ol birinji taslamanyň özboluşly dowamyna öwrüldi.
Täze iş topary 2001-nji ýylda geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda metjidiň harabalyklarynyň el degrilmedik böleginde goşmaça meýdan işlerini geçirdi. Arassalanan ýeriň umumy meýdany 46 inedördül metre barabar boldy. Metjidiň öň tarapynyň bezeginiň ýene-de köp bölejikleri ýüze çykaryldy we muzeýe berildi. Olaryň ählisi aýyl-saýyl edildi hem-de olaryň dikeldip boljak we muzeýiň gymmatlyklarynyň arasynda orun tapjak bölekleri kesgitlenildi. Bezegiň her bölegi uzak wagtlap barlaghanada düýpli öwrenilenden soň, onuň umumy kompozisiýadaky ornuny tapmak başartdy. Dikeldiş işleriniň barşynda ähli bölejikler ýörite taýýarlanan, metal gözeneklerde armirlenen gips panellerinde gurnaldy.
Rejeleýiş işleriniň netijesinde mozaikanyň toplanan bölekleri öz orunlarynda berkidildi, galan boş ýerler bolsa nagşyň ýetmeýän bölekleriniň şekilindäki gips bilen dolduryldy. Indi Änew metjidiniň ýokarky üçburç böleginiň pannosy muzeýde has doly görnüşinde goýuldy we ol XV asyryň ussalarynyň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär.
Taslamanyň netijeleriniň tanyşydyryş dabarasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Allan Mastard çykyş etdi. Ol türkmen restawratorlarynyň zähmetine ýokary baha berdi hem-de milli gymmatlyklary aýawly saklamak işinde olara täze üstünlikleri arzuw etdi. Dabara ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, alymlar hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Dikeldiş işleri bilen baglanyşykly nobatdaky taslamanyň üstünlikli tamamlanmagy ynsanperwer ulgamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Ýerine ýetirilen işleriň ählisiniň berk ylmy esasda resmileşdirilmegi, soňra bolsa olaryň ýörite we köpçülikleýin neşirlerde şöhlelendirilmegi Türkmenistanyň gymmatly taryhy-medeni mirasy baradaky bilimleriň gerimini giňeldýär. Onuň bütin dünýäde wagyz edilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly üns berýär.