Eziz watandaşlar!
Hormatly bakjaçylar!
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna bellenilýän Türkmen gawunynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny döretmek we ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda çekýän asylly zähmetiňizde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin!
Biz ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek, girdejili pudaga öwürmek boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýarys hem-de bu ugurda zerur bolan çözgütleri kabul edýäris. Biziň oba hojalygyndaky esasy maksadymyz, ilkinji nobatda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmekden hem-de bäsleşige ukyply ýokary hilli oba hojalyk önümlerini daşary ýurtlara ibermekden ybaratdyr. Bu ugurda oba zähmetkeşleriniň, şol sanda bakjaçy babadaýhanlaryň yhlasly we ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär hem-de olaryň çekýän halal zähmetine mynasyp baha berilýär. Bu bolsa, babadaýhanlarymyzyň täze zähmet üstünliklerini gazanmaklaryna hem-de ýokary sepgitlere ýetmeklerine doly şert döredýär. Zähmetsöýer daýhanlarymyzyň ene topraga yhlas siňdirip, ondan bol hasyl öndürmeklerine we halal zähmetiniň hözirini görüp bolelin we abadan durmuşda ýaşamaklaryna höwesini has-da artdyrýar.
Hormatly oba zähmetkeşleri!
Edermen bakjaçylar!
Siz sahawatly türkmen topragyndan gowaçanyň, bugdaýyň, dürli ir-iýmişleriň we miweleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda gujur-gaýratyňyzy gaýgyrman zähmet çekýärsiňiz. Şonuň bilen birlikde, bereketli topragymyzyň iň bir arzyly nygmatlary — behişdi miweleri saýylýan şirinden-şirin gawun-garpyzlarymyzy ýetişdirmekde hem uly üstünlikleri gazanýarsyňyz. Siziň çekýän asylly zähmetiňiziň netijesinde, ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribeleri häzirki döwrüň öňdebaryjy usullary bilen utgaşdyrylyp, bakjaçylykda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar hem-de dünýä ýüzünde türkmen gawunynyň şan-şöhraty has-da belende galýar.
Güneşli Diýarymyzyň sahawatly sähralarynda, bereketli ýaýlalarynda türkmen gawunynyň bol hasylynyň ýetişdirilmegi hem-de onuň rysgal-bereketli saçaklarymyzyň bezegi bolmagy örän buýsandyryjydyr. Desserhanlarymyzyň datly tagamy, ekerançylyk önümlerinden doldurylan bazarlarymyzyň bezegi bolan şirin-şeker gawun-garpyzlarymyzyň öndürilişini artdyrmakda, täze görnüşlerini döredip, behişdi nygmatlary ösdürip ýetişdirmekde ýadawsyz iş alyp barýan ussat bakjaçylarymyzyň we ekerançy alymlarymyzyň bitirýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Datsaň, tagamy uzak wagtlap agzyňdan gitmeýän bal ýaly türkmen gawunlary barada dünýä jahankeşdeleriniň, meşhur alymlaryň, syýahatçylaryň we taryhçylaryň ýazgylary biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Eziz watandaşlar!
Ençeme taryhy ýazgylardan belli bolşy ýaly, Türkmenistan örän gadymy döwürlerden bäri behişdi nygmat bolan gawunlaryň watany hasaplanyp gelipdir. Häzirki döwürde bakjaçylyk ylmynyň gorunda dünýä boýunça gawunlaryň 1 600-e golaý görnüşi hasaba alnyp, şolardan 400-e golaýynyň türkmen topragynyň datly nygmatydygy, merdana halkymyzyň ekerançylyk mirasy bolan milli türkmen gawunlarydygy örän buýsançlydyr. Asyrlarboýy dünýäniň ekerançy alymlarynyň, taryhçylarynyň ünsüni özüne çekip gelýän türkmen gawunlarynyň at-owazasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda has-da belende göterilýär. Gadymy ekerançylygyň gülläp ösen mekany bolan türkmen topragynda bakjaçylygyň täze belentliklere göterilmegine döwletimiz tarapyndan geljekde hem ähli mümkinçilikler dörediler. Çünki, behişdi türkmen gawunlary halkymyzyň milli mirasydyr, rysgal-bereketli saçaklarymyzyň arzyly nygmatydyr.
Gadyrly oba zähmetkeşleri!
Eziz watandaşlar!
Sizi gadymyýetden bäri at-owazasy dünýä dolan hem-de sahawatly topragymyzyň datly nygmatlarynyň biri hasaplanýan Türkmen gawunynyň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda alyp barýan işleriňizde hem-de ýurdumyzda türkmen gawunlarynyň täze, saýlama görnüşlerini döretmekde we mukaddes türkmen topragyndan naz-nygmatlaryň, behişdi miweleriň bol hasylyny öndürmekde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin!
Goý, agzybir halkymyzyň saçagynyň ýaraşygy bolan datly gawun-garpyzlarymyzyň hem-de behişdi nygmatlarymyzyň berekedi hiç haçan egsilmesin!
Toýlaryňyz-toýlara ulaşsyn, mähriban watandaşlar!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow