Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk hem-de medeni-taryhy mümkinçilikleri, milli baýlygy we özboluşlylygy syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Ol ýurdumyzyň bu ulgamdaky halkara derejesiniň ýokarlanmagyna we dünýäniň syýahatçylyk bazarynda has möhüm orun eýelemegine ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça soňky ýyllarda syýahatçylaryň uly gyzyklanmalaryna eýe bolýan geljegi uly ugurlaryny ösdürmegiň esasynda Türkmenistanyň täze syýahatçylyk kartasynyň işlenip taýýarlanylmagy milli Liderimiziň bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu karta taýýarlanylýan döwürde oňa birnäçe düzedişleri girizip, Türkmenistanyň tebigy hem-de taryhy aýratynlyklarynyň atlarynyň we şertli belgileriniň milli ýörelgelere laýyk gelmelidigini belledi.
Syýahatçylyk kartasy Türkmenistanyň baý taryhy, medeni we tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmak isleýänlere gönükdirilendir. Daşary ýurtlaryň syýahatçylyk agentlikleri üçin bu karta has gyzyklanma bildirilýän ugurlary we hereket etmegiň serişdelerini saýlamaga ýardam berýär. Munuň üçin kartada iri şäherleriň häzirki atlary bilen welaýatlaryň dolandyryş bölünişigi, ulag-aragatnaşyk ugurlary, aýratyn goralýan tebigy çäkler, bejeriş-sagaldyş syýahatçylygyň desgalary görkezilendir.
Şeýle hem kartada Orta Aziýanyň şypahana merjeni bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy, düýe kerwenleriniň şekili bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry, Türkmenistanyň gaýtalanmajak tebigy aýratynlyklary we ýurdumyzyň çäklerinde birnäçe gadymy binagärlik desgalary bilen tanyşmaga isleg bildirýänler hem-de tebigaty synlamagy halaýanlar üçin atly ugurlar görkezildi. Şeýle hem onda UNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merwiň we Köne Nusaýyň taryhy ýadygärlikleri, Köýtendagyň tebigy aýratynlyklary, şol sanda gowaklar we gadymy dinozawrlaryň aýak yzlary saklanan ýapgyt, ýurdumyzdaky bar bolan guşaklyklar, daglar we deňiz, sähralar görkezilýär. Munuň özi bu ýerdäki ajaýyp tebigy sazlaşyga göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, syýahatçylyk kartasy Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini daşary ýurtlarda giňden wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir. Çünki ol ýurdumyzyň halkara syýahatçylyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny äşgär edýär.
Syýahatçylyk ulgamynda döwrebap bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegi, guramaçylyk taýdan netijeli çemeleşmeleriň ulannylmagy, ykdysadyýetiň bu pudagynda telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi, syýahatçylyk pudagyna ulag-aragatnaşyk, söwda we gurluşyk, oba hojalygy, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligi ýaly pudaklaryň serişdeleriniň herekete girizilmegi, maýa goýumlaryň çekilmegi hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly mesleleler daşary ýurtly işewürler, halkara we milli syýahatçylyk agentlikleriniň, Ýewropa hem-de beýleki yklymlaryň ýurtlarynyň assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylýar.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart aýynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen sergä gatnaşyjylaryň ýurdumyzyň syýahatçylyk ugurlaryna uly gyzyklanma bildirendiklerini bellemeli. Berlin şähernde geçirilen ITB Berlin 2016 Halkara syýahatçylyk sergisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Onda dünýäniň 189 ýurdundan 10 müňden gowrak gymmatlyklar görkezildi.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň pikirine görä, Türkmenistan ýewropaly syýahatçylygy söýüjileriň taryhy we tebigy aýratynlyklar, gadymylygyň häzirkizaman bilen utgaşmagy arkaly ýokary gyzyklanmalaryna jogap bolup durýar. Şeýle hem daşary ýurtly bilermenler ekologiýa we aşhana syýahatçylygyny geljegi uly ugurlar hasaplaýarlar.
Mundan başga-da, Aziada-2017 mynasybetli işlenip taýýarlanylýan medeni maksatnama ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden beýan etmäge, arheologiýa we binagärlik ýadygärliklerimize, gaýtalanmajak medeni aýratynlyklara, taryhy hem-de rowaýata öwrülen künjeklere, muzeýlere, teatrlara we sergi zallaryna ýurdumyzyň myhmanlarynyň ünsüni çeker. Bu maksatnamada halkymyzyň etnografiýa we folklor baýlygy, halk senetkärçiligi, häzirkizaman amaly-haşam hem-de binagärlik sungaty bilen tanyşlyga möhüm orun berilýär.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ýokary dünýä derejeli ösüşi, ýakynda “Ak ýelken” kottežler toplumy şeýle-de “Tolkun” ýaht-kluby we kottežler toplumy bilen üsti ýetirilen şypahana düzümi daşary ýurtly syýahatçylyk agentlikleriniň ünsüni özüne çekýär. Mälim bolşy ýaly, döwrebap desgalar toplumynyň açylyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Hazaryň ekologiýa taýdan aassa kenarynda nobatdaky binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça halkara derejeli döwrebap deňiz dynç alyş zolagyny kemala getirmegiň ýolundaky möhüm ädim boldy. Häzir türkmen topragynyň bu künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Her ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde bu ýere müňlerçe adamlar dynç almaga gelýärler. Şunda, dynç alyş, şol sanda maşgala bolup dynç almak üçin amatly şertler, hyzmatyň we wagtyňy gyzykly geçirmegiň ýokary derejesi “Awazada” ýylyň ähli paslynda kepillendirilendir. Munuň şeýledigine diňe bir türkmenistanlylar däl, eýsem, ýurdumyzyň myhmanlary hem ýokary baha berýärler.
Häzirki döwürde bu ýerde ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar sagaldyş toplumlary, kottežler şäherjikleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, seýilgäh-şüweleň toplumlary üstünlikli hereket edýär. Syýahatçylyk we beýleki degişli düzümiň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Awaza” soňky ýyllarda iri işewür, medeni we sport merkezi hökmünde öz ornuny ynamly tassyklady. Şeýle hem bu ýerde halkara derejesindäki dürli duşuşyklar yzygiderli guralýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň baş maksadymyz bu iri möçberli taslamany üstünlikli durmuşa geçirmekden, deňiz ýakasynyň syýahatçylyk kuwwatyny amala aşyrmakdan, bu künjegiň dikeldiş mümkinçiliklerini adamlaryň hyzmatyna gönükdirmekden ybaratdyr. Häzirki döwürde “Awazada” diňe bir ýokary derejeli dynç almak däl, eýsem, saglygyňy berkitmek, lukmançylygyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan bejeriş işlerini geçirmek üçin zerur şertler bar. Arassa howa, günüň çogy, altynsow çägeli suwa düşülýän ýerler ynsan saglygyna we onuň keýpiçaglygyna oňa täsir edýär. Munuň özi dynç alýanlara sagdynlygyň, uzak wagtlap özüňi oňat duýmagyň kepilini üpjün edýär.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen amala aşyrylýan giň möçberli işleriň netijesinde, mähriban Watanymyzyň syýahatçylyk ulgamy möhüm pudaklaryň birine öwrülýär hem-de halkara hyzmatdaşlygy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.