Ï Türkmenistan dünýä metbugatynyň sahypalarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan dünýä metbugatynyň sahypalarynda

view-icon 742
Birleşen Arap Emirliklerinde çapdan çykan ýörite neşir Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesine bagyşlandy.

Türkmenistanyň ilçihanasynyň işjeň goldaw bermeginde taýýarlanylan žurnalyň sahypalarynda iňlis we arap dillerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugry, abraýly halkara guramalaryň belent münberinden öňe sürýän işjeň başlangyçlary we olaryň durmuşa geçirilmegi babatda amala aşyrylýan anyk çäreler hem-de türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň möhüm bölegine öwrülen baý medeni mirasy barada gürrüň berilýär. Sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini özünde jemleýän Aşgabat şäheriniň taryhyna we häzirki döwrüne aýratyn üns berilýär. Bellenilişi ýaly, munuň özi özygtyýarly Türkmenistanyň halkymyzyň gadymy hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelere daýanýan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi.

Žurnalda Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň saklanmagyna, geosyýasy we milli bähbitleri saklamagyň esasynda ylalaşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna oňyn täsiri bolan Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine aýratyn orun berilýär. Neşirde bellenilişi ýaly, dünýä bileleşigi tarapyndan berlen ýokary dereje Türkmenistanyň diňe bir döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty işjeň wagyz ediji hökmünde däl-de, eýsem, onuň ähli iri möçberli özgertmeler maksatnamasyny hem-de täze taryhy eýýamyň durmuş-ykdysady ösüşini yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat hökmündäki abraýyny ýokarlandyrýar.

Şunlukda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni we gumanitar ulgamlardaky gazanýan üstünlikleri soňky ýyllarda döwletimizde we jemgyýetimizde “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgäni baş şygar edinýän düýpli oňyn özgertmeler bilen utgaşýar.


Ählumumy möçberdäki forumlara işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri yzygiderli we maksada okgunly amala aşyrýandygyny soňky ýyllaryň tejribesi görkezdi. Başlangyçlaryň her biri halkara hyzmatdaşlyk we umumydünýä ösüşiniň meýilleri boýunça toplanan tejribe arkaly üçünji müňýyllygyň anyk meselelerine hil taýdan täze, ählumumy çemeleşmeleri öňe sürýär. Häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdiniň oňaýly we deňeçer ýollaryny gözlemekde Türkmenistan işjeň orny eýelemek bilen, onuň öňe sürýän ägirt uly taslamalary, ilkinji nobatda bolsa ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlary ýaly strategik ugurlardaky özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary ählumumy goldawa mynasyp bolýar.

Iri energetika ýurdy bolan we uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köpugurly eksport ýollaryny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyna žurnalyň aýratyn makalasy bagyşlandy. Mälim bolşy ýaly, dünýäde iri energiýa serişdelerini ugradýan ýurtlaryň biri bolmak bilen, Türkmenistan halkara energo göterijileriniň durnukly ulgamyny döretmegi, dünýä bazarlarynda özara gatnaşyklaryň netijeli ulgamyny we usulyny işläp taýýarlamagy, halkara turbageçirijiler düzüminiň ygtybarlylygynyň üpjün edilmegini öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy we bu mesele boýunça giň halkara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildiren teklibi hem-de şu esasda 2008-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Rezolýusiýasy kabul edildi. Bu möhüm resminama energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçirilmeginiň halkara hukuk binýadynyň döredilmegini şertlendirdi. Türkmen tarapynyň ýangyç-energetika toplumynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň möhümligi 2013-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ikinji, adybir Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bilen tassyk boldy. Oňa awtordaş hökmünde bu abraýly halkara gurama agza döwletleriň 71-si çykyş etdi.

Soňky ýyllarda durmuşa geçirilen iri möçberli taslamalar, hususan-da, Hytaýa we goňşy Eýrana täze gaz geçirijileriniň gurluşygy Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan netijeli goşandy bolup durýar. Munuň özi umumy ýagdaýa we sebitiň ösüşine, onuň dünýä ähmiýetli energetika merkezleriniň birine öwrülmegine oňyn täsir etmäge ukyply netijeli şert bolup durýar. 2015-nji ýylyň dekabrynda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen ýene bir ägirt uly energetika taslamasyna badalga berildi. Ol ykdysady babatda bolşy ýaly, syýasy jähetden hem sebitleýin çäklerden çykýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ugry boýunça gaz geçirijisiniň gurluşygy taslama gatnaşyjy ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň ýokarlanmagyny we tutuş sebitde syýasy durnuklylygyň berkidilmegini şertlendirer.

Makalalarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara ulag düzümini ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny açýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjynyň ählumumy goldawa eýe bolmagy munuň subutnamasydyr. Ol başlangyç 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýa bilen berkidildi. Bu bolsa ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, ýurdumyzyň howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça halkara, sebitara we milli taslamalarda öz beýanyny tapdy.

Milli Liderimiz ХХI asyryň ählumumy ulag strategiýasynyň goşulyşmak häsiýetine eýedigini, geografik we düzümleýin mümkinçilikleriň, döwletleriň we sebitleriň tehniki, tehnologik kuwwatlyklarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny ugur edinýär. Döwlet Baştutanymyzyň pugta ynamyna görä, iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, howa ýollaryna çykmak bilen ulag gatnaşyklarynyň garyşyk ulgamynyň döredilmeginiň, olaryň oňyn sazlaşygynyň üpjün edilmeginiň we olaryň her biriniň artykmaçlyklarynyň peýdalanylmagynyň uly geljegi bardyr.

Ýörite neşiriň aýratyn makalasy Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryna bagyşlanypdyr. Deňhukukly, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň işjeňligi hyzmatdaşlygyň häsiýetli aýratynlygydyr.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýuldy. Birek-birege ynanyşmak esasynda alnyp barylýan köpýyllyk gatnaşyklaryň tejribesi köpugurly hyzmatdaşlygy hil tadan täze derejä çykarmaga we iki ýurduň döwlet ösüşiniň ägirt uly mümkinçiliklerine we möhüm ugurlaryna laýyk getirmäge bolan gyzyklanmalaryny äşgär edýän iki döwletiň hoşniýetli erkiniň esasy görkezijisidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BAE-niň Prezidenti şeýh Halif ben Zaýed Al-Nahaýýanyň soňky ýyllarda ýokary derejede geçirilýän saparlaryň çäklerinde guraýan duşuşyklary taraplaryň ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça öňe ilerletmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassyk edýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň işi täze itergi berdi. 2012-nji ýylyň noýabr aýynda Abu-Dabi şäherinde onuň ilkinji mejlisi geçirildi we ol söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, oba hojalygy, ulag-aragatnaşyk we beýleki möhüm ugurlardaky anyk ylalaşyklara beslendi.

Häzirki döwürde taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Munuň özi iki halkyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine itergi berdi. 2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi saparynyň öňüsyrasynda BAE-de ýurdumyzyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, şeýle hem geçen ýylda Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet günleriniň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bilim, ylym we sport babatdaky hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär.

Türkmenistanda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk çäreleri bilen baglanyşykly meselelere žurnalda aýratyn ornuň berilmegi ýöne ýerden däldir. Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda geçiriljek Aziada Aziýa oýunlarynyň taryhynda iň irileriniň birine öwrüler. Oňa Aziýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetlerinden 45 wekiliýet, şeýle hem Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetlerinden 17 wekiliýet gatnaşar. Onuň şeýle wekilçilikli düzümi Watanymyzyň belent halkara abraýynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Şeýle hem dostlukly ýurduň okyjylary türkmen halkynyň däp-dessurlary, onuň gadymy we köptaraply medeniýeti, geçmişden biziň günlerimize gelip ýeten taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, şol sanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý, Köneürgenç we Gadymy Merw hakynda köp zatlar bilen tanşarlar.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli belleýşi ýaly, Türkmenistanda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda döwlet ösüşiniň we ruhy ýörelgeleriň berk baglanyşyklydygy häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň köpasyrlyk däpleriniň, pederlerimiziň wesýet eden ruhy-ahlak we taryhy-medeni gymmatlyklarynyň esasynda äşgär edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň gadymy milli gymmatlyklarynyň dikeldilmegine gönükdirilen syýasaty ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň şöhratynyň täzeden belende göterilmegini üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atyň üstünde oturan suratynyň bu dürli öwüşginli žurnalyň baş sahypasynyň bezegine öwrülmegi ýöne ýerden däldir. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň öňünde durýan beýik maksatlaryň we wezipeleriň amal bolmagyny üpjün edýän ýörelgäniň nyşanydyr.