Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine başlanýandygyny mälim edip, edermen gallaçylara ak patasyny ýollady.
Döwlet Baştutanymyz bu möhüm oba hojalyk çäresiniň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň obasenagat işgärlerine iberen ak patasynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygynyň yzygiderli ösýändigini, ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini, azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygyny belleýär. Daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, dökünleriň dürli görnüşleri, kämil oba hojalyk tehnikalary, ýeterlik mukdarda suw hem-de beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär.
Milli Liderimiz gallaçy daýhanlarymyzyň öňünde möhüm wezipe durýandygyny, ekiş möwsümini gysga wagtyň içinde ýokary hilli, agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegiň möhüm ähmiýetini aýratyn belläp, ekiş möwsüminde geljek ýylyň hasylynyň ygtybarly binýadynyň tutulýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 17-nji awgustda bugdaý ekişine guramaçylykly girişmäge ak pata berdi we il içinde sylanýan hormatly ýaşulularymyzdan bugdaý ekişini “Bissimilla!” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz ak patasynda “Her bir dänäňiz müň bolsun!” diýýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlas bilen zähmet çekip, ene ýerden bol hasyl almagy, sahawatly türkmen topragynyň berekedini has-da artdyryp, belent sepgitlere ýetmegi tüýs ýürekden arzuw etdi.