Ï Halkymyzyň mirasyny gorap, ruhy baýlygyny artdyrmaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkymyzyň mirasyny gorap, ruhy baýlygyny artdyrmaly

view-icon 1547
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda milli medeni baýlygyň çuňňur gatlaryna giň jemgyýetçiligiň ünsi gönükdi. Munuň özi ruhy mirasa has giň we köpugurly esasda göz ýetirmäge ýardam berýär.

Türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary aýawly saklanylýan we nesilden-nesle geçirilýän bahasyz baýlygy özünde jemleýär. Müňýyllyklaryň hakydasyny, döredijilik tejribesini we däplerini özünde birleşdiren medeniýetimiz şol bir wagtyň özünde açyk ulgama öwrülip, dünýä medeni ýörelgelerine işjeň gatnaşýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, milli mirasymyz dünýägaraýşyň we paýhasyň, milli ýörelgeleriň hem-de beýik başlangyçlaryň, aň-düşünjäniň we asylly işleriň sazlaşygydyr. Türkmen medeniýeti – munuň özi dünýä taryhyna hemişelik giren maddy we ruhy gymmatlyklaryň bir bitewi ulgamydyr.

Döwlet Baştutanymyz milli medeniýetiň asylly däpleriniň dowam etdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda umumadamzadyň ýeten derejesiniň möhüm bölegine öwrülen binagärlik ýadygärlikleriniň we maddy däl mirasyň saklanylmagy, hemmetaraplaýyn öwrenilmegi we dünýäde wagyz edilmegi babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns we goldaw bermegi netijesinde, bu ulgamyň hünärmenleriniň netijeli işi üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, onuň kanunçylyk-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 2012-nji ýylda türkmen halkynyň milli medeni özboluşlylygyny, däp-dessurlaryny saklamaga we ösdürmäge, medeniýetiň döremegi hem-de ösmegi hakyndaky taryhy çeşmeleriň ygtybarly goraglylygyna gönükdirilen “Milli taryhy-medeni mirasy goramak hakyndaky” Kanun güýje girdi. Bu kanunçylyk resminamasy halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, UNESKO-nyň Bütindünýä tebigy we medeni mirasy goramak hakyndaky konwensiýasynyň ulgamlaýyn kadalaryna esaslanýar, bu konwensiýa Türkmenistan hem goşuldy. Geçen ýyl “Milli maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Ol bu ugurdaky gatnaşyklary kadalaşdyrýar we ýurdumyzyň raýatlarynyň bu çeşmelere bolan elýeterliligini üpjün edýär hem-de her bir adamyň olary goramak baradaky borçlaryny kesgitleýär. Bu ugurdaky işler yzygiderli dowam edýär.

Halk däpleri, baýramçylyklary bilen baglanyşykly köpsanly däp-dessurlaryň özboluşlylygy has-da düýplidir. Aýdym-sazlar, tanslar, oýunlar we güýmenjeler, türkmen saçagynyň berekedi, gadymy senetkärçilik bilen baglanyşykly ýörelgeler, tejribeler, halyçylyk, atşynaslyk sungaty we seýisleri terbiýelemek ýaly ýörelgeler milli medeniýetiň köpugurly düşünjesiniň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” we “Arşyň nepisligi” ýaly şu ýyl okyjylara gowşan täze kitaplarynda hut şu ugurlar barada, ahalteke bedewleri we türkmen halylary hakynda gürrüň berilýär.

Döwlet tarapyndan döredilýän şertler halkymyzyň gadymy däpleriniň ösmegini üpjün edýär. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde guralýan döredijilik maslahatlary we beýleki dürli çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýylyň aprel aýynda milli ruhy we medeni mirasyň saklanylmagyna, baýlaşdyrylmagyna we dünýäde giňden wagyz edilmegine gönükdirilen çäreleriň toplumy geçirildi.

Olaryň hatarynda milli küştdepdi tansynyň we gazallaryň festiwaly ilkinji orunda goýuldy. Folklor ýörelgelerini we häzirkizaman medeniýetiniň ugurlaryny özünde birleşdiren köpugurly nurana baýramçylyga özboluşly bäsleşigiň sebit tapgyrynda ýeňiji bolanlar gatnaşdy. Döredijilik toparlary gadymy türkmen tansynyň köpöwüşginliligini görkezdi. Häzirki döwürde bu tans ýurdumyzda geçirilýän her bir baýramçylygyň we daşary ýurtlarda tanyşdyrylýan türkmen sungatynyň möhüm bölegine öwrüldi.

Soňra baýramçylyk dabaralary Ahal welaýatynda dowam etdi. “Halypaçylyk mekdebi – halkyň ruhy mirasy” ady bilen geçirilen çäre bagşylaryň özboluşly baýramçylygyna öwrüldi. Ol milli aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegine we öwrenilmegine uly goşant boldy hem-de täze zehinleri ýüze çykardy. Döredijilik bäsleşiginiň baş maksady tejribe alyşmakdan, bu sungatyň aýratynlyklaryny ýüze çykarmakdan, giň köpçüligi gadymy saz gurallary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Foruma belli halypa-sazandalar we ýaş şägirtler hem-de dessançy bagşylar we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň bagşylary gatnaşdylar.

Şeýle hem paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň keçe basmak ýaly gadymy senediň ýörelgelerini wagyz edýän sergi ýaz aýlarynda guralan ugurdaş bäsleşikleriň jemini jemledi. Onda keçeleriň hiline, gözelligine we ony taýýarlamagyň aýratynlyklaryna baha berildi.

Şu ýyl Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi jemgyýetimiziň ruhy taýdan ösmeginde, milli mirasymyzy aýawly saklamakda we dünýä ýaýmakda, tejribe alyşmakda hem-de halkara döredijilik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde uly orun eýeledi. Köpsanly giň möçberli çäreleriň barşynda häzirkizaman sungatyň zehinli wekilleriniň çykyşlary olaryň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan beýik özgertmelere goşýan goşandyny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Awgust aýynyň başynda Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras baradaky müdirliginiň hünärmenleriniň guramagynda Lebap welaýatynyň merkezinde geçirilen çärä milli folklor festiwalynyň ýeňijileri, türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň köpöwüşgünliligini we aýratynlygyny beýan eden sungat ussatlary gatnaşdy.

Aşgabatda düzümine Merkezi Aziýa sebitiniň bäş döwleti we Koreýa Respublikasy girýän Aziýa komitetiniň “Erteki aýdyjylyk sungaty” ady bilen geçirilen IХ maslahaty hem halkymyzyň ruhy baýlygyna dünýä derejesinde uly gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady. Bu çäre Aziýa ýurtlarynyň baý milli mirasyny wagyz etmäge, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Bilelikdäki ylmy-barlaglar, gadymy rowaýatlaryň we ertekileriň ýygnalmagy, olaryň sanly derejede arhiwleşdirlmegi milli mirasyň saklanylmagyna hem-de ýaýradylmagyna ýardam edýär. Şunda ol hünärmenler hem-de giň okyjylar köpçüligi üçin elýeterli bolýar. Halkymyzyň erteki aýtmak sungatynyň nusgalary şu Komitetiň bezegli neşir edýän kitaplarynda birnäçe gezek çap edildi.

Aşgabatda ilkinji gezek geçirilen bu çärä gatnaşanlar halkymyzyň ruhy mirasyny öwrenmek, saklamak we baýlaşdyrmak boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem myhmanlar türkmen dessançy bagşylaryny diňlemäge, ýazyjylar bilen duşuşmaga mümkinçilik aldy. Gysgaça aýdylanda, suhangöýlük sungaty täze mazmuna eýe bolýar.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäreleri dowam edýär. Oňa dürli kärdäki we ýaşdaky adamlar işjeň gatnaşýar. Munuň özi nesilden-nesle geçirijilik mekdebiniň möhüm ähmiýetini aňladýar. Oňa laýyklykda, milli medeniýet özboluşlylygyny we köpöwüşgünliligini ýitirmän gelýär.

Awgust aýynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Dünýä dolan dessanym” we “Tüýdükçiň owazy – göwünleň ýazy” atly çeper bäsleşiklere badalga berilýär. Döredijilik bäsleşigi dessançylyk sungatyna bagyşlanyp, şöhratly halypalar bilen olaryň şägirtleriniň ýörelgelerini baglanyşdyrýar. Noýabr aýynyň ilkinji günlerinde Daşoguz welaýatynda dessançylyk boýunça jemleýji gala-konsert geçiriler.

Beýleki festiwal bolsa türkmen halkynyň milli saz guraly bolan tüýdük çalmak sungatynyň wagyz edilmegine gönükdiriler. Onuň jemleýji çäresini sentýabr aýynyň ortalarynda Mary welaýatynda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde bu sungat has giňden ýaýrandyr.

Sentýabr aýynyň soňky ongünlüginde halk döredijiligini gürrüň berijileriň döredijilik bäsleşigini geçirmek bellenildi. Oňa gatnayşylar, şol sanda ýaş zehinler, nakyl, matal, ýaňyltmaç, tapmaça aýtmak boýunça öz ussatlyklaryny görkezer.

Türkmen halkynyň ruhy medeniýeti milli nusgawy edebiýatda we halkymyzyň dünýägaraýşynda, maddy-medeni ýörelgesinde beýanyny tapýar. Noýabr aýynda uly göwrümli eserleri ýerine ýetirijileriň ussatlygyna baha bermek üçin oňaýly mümkinçilik dörär. Şonda Ahal welaýatynda “Geliň, rowaýat diňläliň!” atly döredijilik gözden geçirilişi bolar. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan suhangöýler gatnaşyp, rowaýatlary, şol sanda sungat mowzugyndan rowaýatlary gürrüň berer.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda medeni-ynsanperwer ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy giň gerime eýe bolar. 2016-njy ýylda Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi munuň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Şähere bu derejäniň berilmeginiň çäklerinde dürli çäreler geçirilýär. Olaryň hatarynda “Türkmenistan –baý ruhy-medeni gymmatlyklaryň ülkesi” atly halkara ylmy-amaly maslahat bar.

Dünýäniň ylmy-barlag merkezleri Türkmenistan bilen ylmy esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga uly isleg bildirýär. Bu ýerde Gündogar medeniýetiniň taryhyny düýpli öwrenmek we türkmen halkynyň ägirt uly medeni mirasyna göz ýetirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Daşary ýurtly alymlar Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralýan halkara ylmy maslahatlara hem-de beýleki çärelere işjeň gatnaşýar.

Şunuň bilen baglylykda, noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek “Görogly” eposynyň dünýä medeniýetindäki ony” atly halkara maslahatyny görkezmek bolar. Onuň baş maksady bu eposy öwrenmekden, giňden wagyz etmekden we onuň umumadamzat medeni hazynasyndaky ornuny kesgitlemekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ugurda ägirt uly üstünlikler gazanýar. 2015-nji ýylda UNESKO-nyň kometitiniň “Görogly” eposyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Nusgawy sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdi halkymyzyň dessançylyk sungatynyň giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Bagşylar asyrlaryň dowamynda Görogly hakyndaky rowaýatlary nesilden-nesle geçirip, aýdym sungatynyň usullary bilen baýlaşdyrypdyr. Munuň öz ýurdumyzyň dessançylyk sungaty mekdebiniň ýokary ýerine ýetirijiligini aňladýar. Görogly hakyndaky rowaýatlar türkmen topragynda giň meşhurlyga eýe bolupdyr hem-de Merkezi Aziýa, Kawkaz, Sibir, Ýakyn Gündogar we Ýewropa halklarynyň arasynda giňden ýaýrapdyr. Eposyň köp asyrlaryň dowamynda meşhurlyga eýe bolmagy bolsa, eseriň çeperçilik we medeni taýdan örän uly ähmiýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýän delil bolup durýar. “Görogly” eposy ýurdumyzda geçirilen halkara ylmy maslahatlarynda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda guralýan medeni çärelerde-de giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ýurdumyzyň şanly senä - Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna beslenen, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek nyşanyna eýe bolan 2016-njy ýyl türkmen jemgyýetniň ägirt uly ruhy we döredijilik kuwwatyny, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşyna has jebisleşendigini, ösüşiň belentliklerine tarap bolan ynamly gadamyny aýdyň görkezýär.