Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuş syýasatynyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmegiň ýollary kesgitlenildi. Ozaly bilen durmuş pudagyny berkitmeklige we raýatlaryň bähbitleriniň anyk we netijeli goraglylygynyň hukuk guralyny döretmeklige uly üns berildi. Döwlet baştutanynyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň „Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda“ Kodeksi işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi, ol uly nesliň wekilleriniň, 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşanlaryň we uruş maýyplarynyň, uruşda wepat bolanlaryň maşgalalarynyň we yzynda galan aýallarynyň, maýyplaryň, şeýle hem eneleriň we çagalaryň durmuş taýdan goraglylygy babatda çäreleri giňden ýaýbaňlandyrmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň „Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda“ Kanuny her bir raýata pensiýa maýasyny ýygnamaga mümkinçilik berýär, pensiýanyň çägi onuň umumy möçberine bagly bolar.
„Ilaty iş bilen üpjün etmek hakyndaky“ Kanun adamlaryň iş bilen üpjünçiligi babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Döwlet täze iş ýerleriniň döredilmegini, telekeçiligi höweslendirýär, bilim ulgamyny zähmet bazarynyň talaplaryna we Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşiniň geljegine laýyklykda işgärleri taýýarlamaga gönükdirýär. Ilaty iş bilen üpjün etmekde döwlet we döwlete dahylsyz iş bilen üpjün ediş gulluklary, iş bilen üpjün edijiler, kärdeşler arkalaşyklary, bilim edaralary iş alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilen adamyň zähmete, sagdyn we howpsuz iş şertlerine hukuklarynyň kepillendirilmeginden ugur alýan Zähmet ködeksi Halkara zähmet guramasynyň konwensiýalarynyň kadalaryna laýyk işlenilip taýýarlanyldy, ol Türkmenistanyň Mejlisinde tassyklanyldy. „Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda“, „Bilim hakynda“, „Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda“, „Bedenterbiýe we sport hakynda“, „Ylmy-tehnologik parklar hakynda“ we beýeki Kanunlar ykdysady ösüşe we durmuş pudagy berkitmäge ýardam edýär.
Ýurdumyzda durmuş meselelerini çözmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda toplumlaýyn döwlet maksatnamalary işlenilip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär. Mysal üçin, ilaty iş bilen üpjn etmek syýasatyny durmuşa geçirmekde 2015-2020-nji ýyllara Türkmenistanda ilaty iş bilen üpjün etmek pudagyny kämilleşdirmek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça Maksatnamasynyň we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň ähmiýeti uly boldy. „Türkmenistanda 2011-2015-nji ýyllara kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň döwlet maksatnamasy“ täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam edýär. Onuň netijesinde, 2008-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli döwürde döwlete degişli bolmadyk kärhanalarda döredilen iş orunlarynyň sany 29,5 esse artdy.
Ilatyň iş bilen üpjünçiligi we mynasyp iş haky her bir raýatyň we maşgalanyň girdeji çeşmesidir, ýeterlik durmuş şertlerini üpjün edýär. Ilaty iş bilen üpjün etmek meselesi olaryň ukyp-başarnyklarynyň we bilimleriniň durmuşda ulanylmak meselesi bolup durýar. Ilatyň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, bu ugurda hyzmatlaryň hili we elýeterliligi döwletiň yzygiderli ösüşiniň wajyp ugrydyr. 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmek halkara bilim ölçeglerine laýyk gelýän milli ösüş nusgasynyň hil taýdan täze tapgyryny alamatlandyrýar.2015-nji ýylda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sany 2011-nji ýyldakydan22,5 göterim, mekdepleriň sany bäş göterim artdy. Bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek we multimediýa klasterini döretmek boýunça alnyp barylýan işlerem häzirki zaman maglumatlar jemgyýetiniň ýörelgelerine laýyk gelýär. ÝUNISEF bilen bilelikde işlenilip taýýarlanylan çagalaryň ir ösüşi we mekdebe taýýarlygy boýunça milli maksatnamasy-da üstünlikli durmuşa geçirildi.
Ýaş nesliň wekilleriniň halkara ders olimpiýadalarynda şowly çykyş etmegi we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisine ýörüte baýraklaryň berilmegi hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplydygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti „bilim hyzmatlarynyň Ýewropa ölçeglerine laýyk ýokary hili gazananlygy üçin“ „Ýewropa hili“ baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem, tehniki taýdan has gowy enjamlaşdyrylanlygy, mugallymalarynyň hünär ussatlygynyň ýokarylygy, halkara bilim maksatnamalarynyň ornaşdyrylýanlygy we ylmy barlaglaryň geçirilýänligi üçin akademiki bilim berýän lukmançylyk edaralary barada maglumatlarynyň Bütindünýä bazasynyň „Awisenna“ direktoriýasyna girizildi. 2015-nji ýylda BMG-nyň Baş Sekretary Pan Gi Mun ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetine ýörite sertifikaty gowşurdy, bu bolsa şu ýokary mekdebiň BMG-nyň „Ylmy jemgyýetçilik bilen özara hereket“ Başlangyjyna goşulandygyna şaýatlyk edýär.
Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we global hojalyk ýörediş gatnaşyklaryna netijeli integrasiýa ýoluny saýlap alan Türkmenistan üçin ýurdumyzda ylmy ösdürmegiň, ony kämilleşdirmegiň we hil babatda has belende çykarmagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Ylymlar akademiýasynyň işini dikeldip, bu pudagy özgertmegiň aýdyň we anyk maksatnamasyny öňe sürüp, türkmen ylmynyň baş maksatlaryny, esasy ugurlaryny kesgitläp, milletiň baştutany onuň innowasiýa derejesine çykmagyny gazandy. 2014-nji ýylda döredilen Tehnolgiýalar merkezi, şeýle hem „Türkmenistanda 2017-2021-nji ýyllara ylmy barlaglaryň we innowasion tehnolgiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň döwlet maksatnamasy“ ýurduň ylmy-tehniki kuwwatlylygyny mundan beýlägem berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolmalydyr.
Ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek döwlet ösüşiiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenilip taýýarlanylan“Saglyk“ Döwlet maksatnamasy bu pudagyň ösüşine kuwwatly itergi berdi. 1995-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli döwürde bu pudakda iri möçberli gurluşyga we bar bolan saglygy goraýyş edaralarynyň durkuny täzelemäge, şol sanda dünýä belli kompaniýalryň döwrebap lukmançylyk enjamlaryny satyn almaga 1 milliard 167 million amerikan dollary we 38 million manat maýa goýberildi. 2009-njy ýyldan 2015-nji ýyl aralygynda Türkmenistanda saglygy goraýşyň iri binalarynyň 43-si guruldy, enjamlaşdyryldy we ulanylmaga berildi. Saglygy goraýyş babatda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri Bütindüýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyň barşynda Bütindüýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Margeret Çan we Bütindüýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti býurosynyň direktory Žužanna Ýakob ýurt baştutanynyň alyp barýan syýasatynyň özeni bolan adam, onuň saglygy hakdaky aladanyň adamlaryň ömrüniň uzalmagyna, çaga ölmüniň, keselleriniň azalmagyna we başga-da ençeme oňyn netijelere getirýändigini bellediler.
Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sagdyn durmuş ýörelgesi hereketi-de bu pudagyň ileri tutulýan ugurdygyny görkezýär. 2011-2020-nji ýyllara niýetlenilen bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň Milli maksatnamasy köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sporta gatnaşmak hereketinniň ösdürilmeginiň maksada gönükdirilen häsiýete eýe bolmagyna getirdi. 2009-njy ýyldan 2015-nji ýyllar aralygynda sport mekdepleriniň we binalarynyň 157-si guruldy, ýörüte bedenterbiýe-sport guramalary, şol sanda çagalar we ýetginjekler sport mekdepleri döredildi, her ýyl aprel aýynyň 5-den maý aýynyň 5-i aralygynda „Saglyk“ bir aýlygy geçirilip, türkmenistanlylaryň müňlerçesi sport we jemgyýetçilik- medeni çärelerine gatnaşýarlar.
Durmuş syýasatyny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň raýatalaryna döwrebap, amatly ýaşaýyş jaýlaryny edinmäge ýardam etmeklige aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzy gurmagyň 15-nji nobatdakysynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Oba ilatynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak durmuş syýasatynyň möhüm ugrydyr. 2007-nji ýylda ýurdumyzda ilkinji gezek 2020-nji ýyla çenli oba, şäherçe, etraplaryň çägindäki şäherlerde we etrap merkezlerinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi. 2007-nji ýyldan 2014-nji ýyllar aralygynda durmuş ähmiýetli binalaryň 832-si guruldy, 4,5 million inedördül metr ýaşaýyş jaýşalary ulanylmaga berildi, suw geçirijileriň sekiz müň kilometri, 12,2 müň kilometr gaz geçirijiler, şeýle hem tok geçirijiler we telefon aragatnaşygy liniýalary çekildi, gara ýollaryň müňlerçe kilometri guruldy. Bu maksatlar üçin ABŞ-nyň 6,5 milliard dollaryndan gowrak serişde goýberildi.