Ï Türkmenistanyň wekilleri Aziýa we Afrika ýurtlarynyň ýaşlarynyň birinji festiwalyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri Aziýa we Afrika ýurtlarynyň ýaşlarynyň birinji festiwalyna gatnaşdylar

view-icon 859
Festiwal Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy bilen geçirildi, oňa Aziýa we Afrika ýurtlarynyň kyrkdan gowragyndan ýaşlar gatnaşdylar. On adamdan ybarat Türkmenistanyň delegasiýasyna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary wekilçilik etdiler. Delegasiýanyň ýolbaşçysy, Ýaşlar guramasynyň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Eziz GURDOW şeýle gürrüň berdi.

- Festiwalyň dabaraly açylyşy 28-nji iýulda Pekiniň Halk öýünde boldy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin festiwala gatnaşyjylara gutlag iberdi, onda adamzat siwilizasiýasynyň ojagy bolan Aziýada we Afrikada dünýä ilatynyň dörtden üç böleginiň ýaşaýanlygyny nygtaldy. Festiwala gatnaşyjylara ýüzlenip, hytaý lideri ýaş nesliň wekilleriniň arasyndaky özara düşünişmek halkara hyzmatdaşlygyny baýlaşdyrar, iki yklymyň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmäni we aragatnaşyklary giňeltmäge, Zeminde parahatçylygy we durnuklylygy saklap galmaga ýardam eder-diýip, ynam bildirdi.


Festiwalyň geçirilen günleri ýaşlar özara söhbetdeş boldylar, Hytaý Halk Respublikasynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary we sport ýaryşlary boldy. Biziň ýurdumyzyň wekilleri resmi däl ýagdaýda Ýaşlaryň bütinhytaý federasiýasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem beýleki ýurtlaryň delegasiýalarynyň wekilleri bilen pikir alyşdylar. Olaryň ählisi biziň ýurdumyz, döwlet baştutanynyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan uly möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler bilen içgin gyzyklandylar.Türkmen ýaşlarynyň topary sport bäsleşiginde şowly çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular. Baýramçylyk agşam naharynda wekillerimiziň biriniň doglan güni bilen gutlanylmagy garaşylmaýan ýakymly pursat boldy. Türkmen delegasiýasynyň döredijilik topary türkmen telewideniýesiniň ýaşlar ýaýlymy üçin interwýular aldy, sýužetler taýýarlady.

Umuman, festiwal Aziýa we Afrika ýurtlarynyň ýaşlary üçin möhüm meseleleriň giň tapgyry boýunça deň derejeli we içgin pikir alyşmaga ýardam etdi.


Halkara hyzmatdaşlygy Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň ýaşlar döwlet syýasatynyň möhüm bölegidir. Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarusdan, Moldowadan we Gazagystandan kärdeşleri bilen gatnaşyklary ýola goýdy. Her hili ýygnanşyklar we duşuşyklar, delegasiýalryň alşylmagy ýurdumyz barada oňyn pikir döremegine we halkara derejesinde onuň abraýynyň artmagyna, ýaşlaryň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ösdürmäge ýardam eder, döwletleriň we dünýäniň geljegi olara baglydyr. Mundan başga-da, özboluşly halkara tejribesi bilen tanyşlyk işimiziň çäklerini giňeldýär, türkmen ýaşlary bilen işleşmekde täze ugurlary we usullary tapmaga ýardam edýär.


Biziň ýurdumyz tutuş dünýä üçin açykdyr, biz, ýaşlar garaşsyz dünýäde ösüş ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan saldamly ösüşlerini görkezmek, özboluşly taryhy-medeni mirasymyz, örän baý medeniýetimiz, türkmen halkynyň üýtgeşik däp-dessurlary bilen tanyşdyrmak isleýäris, bu bolsa, içgin özara düşünişmäge we birek-birege hormat-sarpa ýardam eder.

Ýaşlar diplomatiýasynyň ähmiýeti Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagynda, onuň halkara syýasatynda barha artýan ähmiýetinde aýdyň görünýär. Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyna işjeň çekilmegi ösüşiň integrasiýa nusgasyny kemala getirmegiň we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegiň saldamly guralydyr.