>„Ýyldyz“ myhmanhanasynyň maslahatlaR zalynda milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri üçin „Elektron tölegleriniň esaslary“ atly okuw-maslahaty geçirildi. Ol
Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Amerikanyň transmilli VISA kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda geçirilýän türgenleşik-okuwlarynyň tapgyrlarynyň biridir.
Mälim bolşy ýaly, „Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyna“ we „Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllara ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna“ laýyklykda ýurdumyzda elektron tölegleri ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bank kartlaryny ulanmak arkaly amala aşyrylýan amallaryň görnüşlerini köpeltmek, elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek we onuň goraglylygyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň raýatlary halkara VISA kartlaryny işjeň ulanýarlar. Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş döwlet banky bu halkara guramanyň doly derejeli agzasydyr. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň banklarynyň ýene ikisi oňa goşular.
Halkara elektron tölegleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanyp ýetişen adamlar olaryň oňaýlydygyna we ygtybarlydygyna göz ýetirdiler. Emma heniz köp kişi bu bank hyzmaty bilen tanyş däl. Hut şonuň üçinem, Türkmenistanyň Merkezi banky VISA kompaniýasy bilen bilelikde diňe bir bu ugurda işleýän hünärmenler däl, eýsem döwrebap töleg guralyny ulanmagyň artykmaçlyklary barada okyjylara has düşnükli gürrüň bermäge ukyply galamgärler üçin hem okuw-maslahatlaryň we türgenleşik -okuwlarynyň tapgyryny geçirmek kararyna geldi,--diýip, okuw-maslahatyň moderatory- Visa School Visa School-yň direktory Majid Hujair çykyşynda belledi.
-- VISA kompaniýasy bu ugurda dünýä ýurtlarynyň 200-sinden gowragynda kart eýelerine, söwda-hyzmat ediş kärhanalaryna, maliýe we hökümet edaralaryna elektron tölegleriniň çalt, howpsuz we ygtybarly ulgamynyň elýeterligini üpjün edýän öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. Tölegler sekuntda 65000-den gowrak tranzaksiýalary işlemäge ukyply VisaNet global inwestesion amallar ulgamy arkaly amala aşyrylýar,--diýip, ol nygtady.
Okuw-maslahata gatnaşanlar üçin elektron tölegler ulgamyna, olaryň artykmaçlygyna, olary ulanmakdaky töwekgelçiliklere we ulanmagyň netijeli strategiýasyna, şunda VISA tölegler ulgamynyň ähmiýetine gysgaça syn berildi. Hususan-da, kompaniýanyň bank däldigi, onuň töleg kartlaryny çykarmaýanlygy, ony ulanyjylardan hak almaýanlygy ýada göterim bellemeýänligi, şeýle hem kart eýelerine karzyna pul bermeýänligi bellenildi. Öz gezeginde, kompaniýanyň innowasion çözgütleri maliýe edaralaryna öz müşderilerine maliýe gurallarynyň uly mümkinçiliklerini, şol sanda debet, deslapdan tölenen we kredit kart serişdelerini teklip edýär.
Öz pul serişdelerine elýeterligini üpjün edýän çakgan enjamlaryň ulanylmagy, onlaýn söwdalar, halkara pul geçiriş ulgamy we beýleki maliýe hyzmatlary adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirýär, şeýle hem ýurduň ykdysagyýetini ösdürmäge ýardam edýär.
Majid Hujairiň belleýşi ýaly, Internetiň we mobil tehnologiýalaryň ösmegi elektron töleglere täze talaplar bildirýär. Indi müşderiler satyn alan zatlaryny onlaýn, ykjam telefonda, sosial ulgamda tölemek isleýärler. Harytlary we hyzmatlary teklip edýänler töleg kompaniýalaryndan häzirki zaman biznesiniň çalt özgerýän şertlerinde öňdäki orunlary eýelemäge mümkinçilik berjek innowasiýalara garaşýarlar. Ilkinji uniwersal kredit kartlaryndan başlap, şu günlere çenli soňky 50 ýylyň dowamynda VISA tutuş dünýäde adamlaryň durmuşyny gowulyga tarap özgerdýär. Plastik kartlaryň ulanylmagy pul geçirmegiň we almagyň ýollaryny aňsatlaşdyrýar. VISA-nyň giňden ýaýran global ulgamynda 14100 maliýe edaralary we 2,4 milliard kart bar, bu VISA-nyň müşderilerine pul serişdelerini ýurduň içine, şeýle hem daşary ýurtlara aňsat we howpsyz geçirmäge mümkinçilik berýär. VISA kartlaryna goýlan kinniwanja çipler gönüden-göni tölegi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa tranzaksiýalary amal etmegiň howpsuzlygynda we öte çaltlygynda täze eýýamy açýar.
Okuw-maslahatda nagt däl hasaplaşygyň ulanylyşynyň çäginiň giňemegi IJÖ-miň goşmaça bahasynyň möçberiniň artmagyna getirer, ýurduň ykdysady ösüşine, bank ulgamynyň kuwwatlanmagyna uly täsir eder. Mundan başga-da, ol ýurdumyzyň raýatlaryna we myhmanlaryna söwda nokatlarynda we dürli hyzmatlar edýän edaralarda tölegleri päsgelçiliksiz amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Munuň özi, aýratynam 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda has möhümdir. Milli bank ulgamynda eýýämden iri halkara ýaryşyna taýýarlykda, şol sanda VISA kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda-da depginli işler alnyp barylýar.
Okuw-maslahata gatnaşanlaryň ählisine galamgärler üçin ýörüte okuw tapgyrynyň geçirilendigi baradaky sertifikat berildi.