Ï Ýurdumyzda azyk bolçulygy ugrunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda azyk bolçulygy ugrunda

view-icon 2978
2012 — 2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny we pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze un kombinatlaryny, maldarçylyk toplumlaryny, ýyladyşhanalary, çörek-bulka, unaş, et we süýt önümlerini, ösümlik ýagynyň dürli görnüşlerini, peýnirleri we şöhlatlary öndürýän önümçilik desgalarynyň gurluşygyna üns berilýär.

Maldarçylyk pudagynda döwlet we hususyýetçilik gatnaşyklary has-da üstünlikli ösdürilýär. 2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň “Abadan” daýhan birleşiginiň çäginde “Sahabatly” hojalyk jemgyýetiniň gurlup, ulanmaga berlen iri maldarçylyk toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 müň tonna süýde we süýt önümlerine, 30 tonna et önümlerine barabardyr. Bu desgany gurmak üçin 9 gektar ýer bölünip berildi. Maldarçylyk toplumy üçin ot-iýmleri ýetişdirmäge 400 gektar ýer berildi. Bu ýerde 308,5 gektara ýorunja, mekgejöwen we arpa ekildi. Galan meýdana bolsa geçi idetmek üçin iýmlik ekinler ekildi.

Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň çäginde mallar we guşlar üçin baýlaşdyrylan iýmlik garyndylary bolan iým önümçiligi boýunça döwrebap kärhana, gara mallary baka goýýan maldarçylyk fermasy guruldy.

Baharly etrabynda ýyllyk kuwwaty 20 müň tonna süýde we 100 tonna ete barabar bolan maldarçylyk toplumy guruldy. Ol ýokary hilli sygyr etiniň önümçiligi boýunça ýöriteleşdirilendir. Şeýle hem şu etrapda ýylda 100 tonna et önümçiligine niýetlenen mal semrediş hojalygy döredildi.

Iýmlik ekinleri ekmekden, iýmlik goşundylary öndürmekden we almakdan başlap, eti we ýarym fabrikatlary satmak üçin taýýar görnüşe getirmäge çenli bolan ähli işlerde bökdençligiň bolmazlygyny üpjün etmek täze gurulýan kärhanalaryň häsiýetli aýratynlygydyr. Ýurdumyzyň obasenagat kompaniýalarynda hereket edýän netijeli önümçilik ulgamy, bir tarapdan, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga, beýleki bir tarapdan bolsa kärhananyň düşewüntliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň ýaly maldarçylyk toplumlarynyň ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem ulanmaga berlendigini bellemeli. Olaryň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary tehnologik hil derejesinde zähmetiň netijeliliginiň döreýändigini we çarwadar maldarlaryň däpleriniň ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Bu ugurda telekeçilige möhüm orun degişlidir. Olar önümçiligi we düşewüntliligi artdyrmak üçin täzeçillik tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan wezipeleri abraý bilen amal edýärler.

Mälim boşy ýaly, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň depginlerini ýokarlandyrmagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň artdyrylmagyna we azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen anyk wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryny kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, oba hojalyk ekinlerini ösdürmegiň ýerli toprak-howa şertlerini nazarlaýan we ylmy taýdan esaslandyrylan ugurlaryny nazara almak bilen, her gektardan alynýan hasyly ýokarlandyrmagyň, tohumçylygy ösdürmegiň zerurdygyny aýratyn belledi. Bu barada aýtmak bilen, Ahal welaýatynyň daýhan birleşiklerinde ortaça her gektardan 16 sentner, hususy hojalyklarda bolsa 63 sentnere çenli däne alynýandygyny mysal hökmünde getirdi. Beýleki welaýatlarda hem ýagdaý şunuň ýaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygyna we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere ýüzlenip, ýerleri daýhanlara hususy eýeçilige ýa-da uzakmöhletleýin kärendä bermek boýunça zerur bolan kanunçylyk namalaryny taýýarlamagy tabşyrdy we bu işe gyssagly girişilmelidigini belledi. Şunda, oba hojalyk ulgamynda tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlary kesgitlendi. Munuň özi bazar gatnaşyklaryna, diňe bir ýerden hususy peýdalanyjylary däl-de, ýer eýeleriniň täze gatlagynyň kemala gelmegini nazarlaýan hojalygy ýöretmegiň täze görnüşlerine geçilmegini alamatlandyrýar.

Ýeriň hakyky eýesini tapmak, onuň topraga ykbalyny baglamagyny üpjün etmek milli Liderimiziň amala aşyrýan we ilkinji nobatda, ilatyň we her adamyň abadançylygyny üpjün etmegiň netijeli usulynyň döredilmegine gönükdirilen oba hojalyk syýasatynyň düýp özenini düzýär. Ýer eýeleri, kärendeçiler, fermer hojalyklary we daýhan birleşikleri, öz işini ýola goýan telekeçiler bazarlary dürli görnüşli önümleri bilen üpjün edip, oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmalydyrlar, obany bolçulygyň, baýlygyň we rowaçlygyň çeşmesine öwürmelidirler. Maksatnamalaýyn döwlet goldawy netijesinde bu ugurda ägirt uly işler bitirildi. Geçen galla oragy möwsüminde

1 million 600 müň tonna bugdaý öndürilmegi munuň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bugdaýdan ýygnalan hasyl ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Artykmaç däne bolsa daşarky bazarlara eksport ediler.

Türkmen halky gadymy ekerançylyk medeniýetini döreden milletiň biri bolup durýar. Köp sanly arheologik barlaglaryň maglumatlary muny tassyk edýär. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda topragy işläp bejermegi öwrenipdir we köpasyrlyk tejribesi boýunça bol hasyl almak üçin nähili tagalla etmelidigini bilipdir. Mundan başga-da, çörek gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň mukaddes gymmatlygy, abadançylygyň ölçegi, bolçulygyň, milletiň üpjünçiliginiň nyşany hasaplanypdyr. Hut şonuň üçinem döwlet senenamasynda ählihalk dabarasy bolan we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda giňden bellenilýän Galla baýramy pugta orun eýeledi.

Ak bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilip, Watan harmanynyň beýgelmegi türkmen topragynyň sahawatyny, saçaklarymyzyň berekedini, halkymyzyň abadançylygyny we ýurdumyzyň rowaçlygyny äşgär edýär. Mälim bolşy ýaly, indi birnäçe ýyl bäri Türkmenistan azyklyk bugdaýyň artykmaç mukdaryny eksport etmek mümkinçiligine eýe boldy. Munuň özi döwlet ösüşi nukdaýnazaryndan has-da ähmiýetlidir.

Şeýle hem geçen ýyl ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2015-nji ýyla çenli döwür üçin Azyk we oba hojalyk guramasynyň maksatnamasynda kesgitlenen müňýyllygyň ösüş Maksatlarynyň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýeten derejesi üçin bu Guramanyň ýörite baýragyna mynasyp bolandygyny bellemeli. Munuň özi Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwaty we ýokary sepgitleri eýeleýän hem-de sazlaşykly ösýän döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Obasenagat toplumynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, şu ýyl degişli ministrlikler, birleşmeler, ylmy-barlag institutlary we beýleki düzümleýin pudaklar üýtgedildi. Olaryň binýadynda Oba we suw hojalyk ministrligi, Daşky gurşawy we ýer serişdelerini goramak baradaky döwlet komiteti, Oba we suw hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag instituty döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze dolandyryş düzümleriniň öňünde obasenagat toplumynyň düzüminiň üýtgedilmegini ugur edinýän döwletimiziň oba hojalyk syýasatyny durmuşa geçirmek, obalarda täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, dürli hojalyk edaralary üçin bäsdeşligi döretmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny, seçgiçiligi ösdürmek, täzeçil usullary, ylmy-tehniki gazananlary, işi guramagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, durmuş meselelerini üstünlikli çözmek boýunça birnäçe anyk wezipeleri goýdy.

Häzirki döwürde oba hojalyk önümçiligini köpugurly esasda ösdürmek, ýurdumyzda däneçilik, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, maldarçylyk we guşçulyk ýaly ugurlar boýunça degişli gatlaklary döretmek, şeýle hem önüm öndürijileriň, gaýtadan işleýänleriň we hyzmat düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Ekinler görnüşleri boýunça sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyk ýerleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Mary we Balkan welaýatlarynda gant şugundyry ösdürilip ýetişdirilýär. Gök-bakja we ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek üçin berilýän ýerleriň meýdany has artdyryldy.

Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň, şol sanda azyk harytlarynyň ornuny tutýan önümçiligiň möçberlerini artdyrmak, onuň hilini we daşky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri ýerine ýetirmek üçin oba hojalyk önümçiligini ykdysady taýdan höweslendirmekde önümleriň döwlet tarapyndan satyn alnyş nyrhyny ýokarlandyrmak, kepillendirilen bahalar, ýeňillikli salgyt we karz serişdeleri ýaly ykdysady gurallary ulanylýar.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň 2013—2015-nji ýyllarda gol çeken kararlaryna laýyklykda, daýhan birleşikleri we hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, bu ugur boýunça işleýän ylmy-barlag institutlary, mülkdarlar, kärendeçiler ýeňillikli şertlerde karz serişdelerini alyp bilýärler. Bu serişdeler maldarçylygy we guşçulygy, önümçilik we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, bu ugurda hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly taslamalary maliýeleşdirmek, şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryny, degişli serişdeleri we enjamlary satyn almak üçin, ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyllyk möhlete karz serişdeleri berilýär. Şeýle hem ýyllyk 1 göterim bilen suwdan netijeli peýdalanmak üçin niýetlenen enjamlary satyn almaga karz serişdeleri gönükdirilýär.

Azyk senagaty döwlet birleşigine, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine welaýatlarda maldarçylyk, guşçulyk toplumlaryny gurmak, iýmlik ekinleri ekmek üçin ýer bölekleri bölünip berilýär. Şu maksat bilen, “Daýhanbank” Döwlet täjirçilik bankyna 10 ýyla çenli möhlet bilen karz serişdelerini bermäge ygtyýar berildi. Karz serişdeleri ýyllyk 2 göterimi bolan 2 ýyl ýeňillikli döwür bilen berilýär.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Durnuklaşdyryş gaznasyndan Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna 300 million manat berildi. Bu serişdeler Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna karz serişdelerini gönükdirmek üçin “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik bankyna berildi. Ol maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk, azyk we senagat harytlaryny öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin ýyllyk 1 göterimden ýokary bolmadyk şertinde berilýär.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek meseleleriniň çözgüdi oba ilatynyň oňaýly durmuş şertleriniň we döredijilikli zähmet mümkinçilikleriniň döredilmegine gönükdirilen durmuş ulgamyna degişli meýilnamalar bilen baglanyşyklydyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» we beýleki kabul edilýän, durmuşa geçirilýän maksatnamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berlen pursadyndan, ýagny 2007-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli döwürde welaýatlarda durmuş maksatly desgalaryň 830-dan gowragy guruldy, ýaşaýyş jaýlarynyň 4,5 million inedördül metri bina edildi, şeýle hem 10 müňlerçe kilometre barabar ulag ýollary, suw geçirijiler, gaz geçirijiler we elektrik geçirijiler hem-de telefon ulgamy çekildi. Bularyň hemmesine ABŞ-nyň 6,5 milliard dollaryndan gowrak serişde gönükdirildi.

2015-nji ýylda bu Maksatnamanyň täze rejelenen görnüşi kabul edildi. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulag düzüminiň, saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, ozal bolşy ýaly, onuň möhüm ugurlary boldy. Umuman, 2020-nji ýyla çenli ABŞ-nyň 7,5 milliard dollaryndan gowrak maýa goýum serişdesini özleşdirmek, şu döwürde ýene-de 500-den gowrak desgany gurmak meýilleşdirildi. Şunda, döwrebap nusgalyk obalaryň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Munuň özi sebitleriň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň baý hem-de köpugurly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär.

Şu ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda Bagtyýar zaman, Lebap welaýatynda Berkarar zaman we Mary welaýatyndaky Döwletli zaman obalarynyň açylyş dabaralary guraldy. Munuň özi ýurdumyzyň oba ýerlerinde amatlylyk we durmuş hyzmatlary babatda sazlaşykly ösýän şäher görkezijileri bilen deň derejedäki şertleriň, mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ugra ägirt uly serişdeleri goýbermek bilen, döwletimiz obanyň ýaşlar üçin özüne çekiji bolmagy, tarp ýerleriň özleşdirilmegi, girdejili önümçilik desgalarynyň emele gelmegi, olaryň hünärli işgärler bilen üpjün edilmegi, ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalarynyň ösdürilmegi babatda maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Munuň özi obada hil taýdan täze durmuş derejeleriniň emele gelmegini şertlendirýär.

Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini, ilkinji nobatda bolsa okgunly depginler bilen ösýän döwlete dahylsyz bölegiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin işiň täze usullarynyň giňden ornaşdyrylýandygyny aýtmak bolar. Bu bolsa oba zähmetkeşleriniň asylly zähmetiniň netijesinde agzybir we jebis halkymyzyň saçaklarynyň bolçulygynyň, abadançylygynyň, rowaçlygynyň, durnuklylygynyň kepilini, gün-günden kuwwatlanýan Watanymyzyň bitewüligini, gadymy we hemişe juwan türkmen topragynyň sahawatynyň egsilmezligini has aýdyň äşgär edýär.