Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gagauz halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size we tutuş türkmen halkyna Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom çäkli düzümine üns berýändigiňiz we Gagauziýanyň çagalarynyň şu ýylyň tomus paslynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç almaklary babatda döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildirýärin.
Gagauziýanyň çagalarynyň görkezilen myhmansöýerlikden, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda geçirilen ýokary derejedäki dynç alyşdan ýatdan çykmajak täsirler alandygyny bellemek isleýärin. Dynç alyş pursatlarynda biziň çagalarymyz aýdym-sazlar we tanslar bilen çykyş etdiler, goşgular okadylar, şol bir wagtyň özünde beýleki ýurduň çagalaryny gagauz medeniýeti bilen tanyşdyrdylar we beýleki halklaryň medeniýetleri bilen tanyşmak mümkinçiliklerine eýe boldular.
Giň möçberli medeni we dynç alyş maksatnamasy, Siziň adyňyzdan gowşurylan gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem ol ýerdäki dostlukly ýagdaý gagauz çagalarynyň ýokary derejede dynç almaklaryny we türkmen hem-de gagauz halklarynyň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyny şertlendirdi.
Biz Siziň sebitimize berýän ünsüňize we goldawyňyza ýokary baha berýäris. Dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ýaly asylly ýörelgeler doganlyk türkmen we gagauz halklarynyň arasynda parahatçylygyň we birek-birege düşünişmegiň bähbidine dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýär.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, meniň Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy we Size jan saglyk, işiňizde üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk hakyndaky arzuwlarymy kabul ediň.
Çuňňur hormat we tüýs ýürekden hoşallyk bilen,
Irina Wlah,
Moldowa Respublikasynyň
çäkli düzüminiň baştutany.