Ï Türkmenistanyn Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyn Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

view-icon 878
Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün şanly baýramçylyga — eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz dikuçarda uçuşyň, awtoulagda saparyň barşynda alnyp barylýan işlere, şäheriň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çärelere ünsi çekdi.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Aşgabadyň täsin binagärlik keşbiniň kemala getirilmegini, şäher düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny nazara almak bilen, türkmen paýtagtyny ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň başyny başlap, ýerlerde amala aşyrylýan işleriň barşy bilen yzygiderli tanyşmak bilen, bu maksatnamanyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Watanymyzyň paýtagtyny dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmegiň bu ugurda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasy maksady bolup durýandygyny nygtaýar. Şunda milli Liderimiz innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de bu ugurda dünýäniň iň gowy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň esasy ugurlardygyny belleýär.

Döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, döredijilikli zähmeti, göwnejaý dynç almagy babatda has oňaýly şertleri üpjün etmek üçin taslamalar işlenip düzülende hem-de durmuşa geçirilende ähli zatlaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, bu talabyň paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerine deň derejede degişlidigini nygtaýar.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, ajaýyp ak mermerli binalary, giň şaýollary, ýaşyl seýilgähleri hem-de seýilbaglary, köp sanly täsin suw çüwdürimleri bolan häzirki Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän hem-de Türkmenistanyň dünýäde abraýynyň has-da artmagyny şertlendiren oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we “Açyk gapylar” syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny bellemelidiris.

Häzirki wagtda türkmen paýtagty Aziýa sebitiniň hakyky “merjenine” öwrüldi. Munuň özi aşgabatlylaryň we ähli türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjy bolup durýar. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti durmuş-medeni maksatly täsin desgalar, edara binalary we beýleki maksatly desgalar bilen ýetirilýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde peýda bolan täze ýaşaýyş jaý toplumlary hem haýran galdyrýar. Olarda şäherli maşgalalaryň müňlerçesi — dürli ulgamlaryň we pudaklaryň işgärleri täze jaý toýlaryny tutdular.

Aşgabadyň günorta böleginde hem täze ak mermerli binalar peýda boldy, şol ýerde paýtagtymyzyň döwrebap işewür we medeni merkezi kemala gelýär. Bu ýerde ýerleşýän belent binalaryň, şol sanda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň binalarynyň her biri özboluşly binagärlik hem-de inžener-tehniki çözgütleri bilen tapawutlanýar. Bu desgalaryň ägirtligi hem-de olaryň gurluşygynda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň ägirt uly döredijilik kuwwatyna şaýatlyk edýär.

Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlarynyň çäklerinde täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak işi dowam edýär, olarda zerur durmuş düzüminiň ählisi döredilýär. Bu taslamalary amala aşyrmakda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm ornuň degişlidigi bellärliklidir. Häzirki wagtda olar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar.

Oguzhan köçesiniň günorta böleginde, belent ýaşaýyş jaýlaryny, edara binalaryny hem-de durmuş-medeni maksatly desgalary öz içine alýan täze toplumyň peýda bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol desgalar geçen ýylyň güýzünde açyldy. Umumy meýdany 970 müň inedördül metre barabar bolan bu toplum paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň çäklerinde guruldy hem-de özüne 30-dan gowrak desgany birleşdirdi.

Bu ýerde Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň arasynda uzynlygy 2,5 kilometrden gowrak bolan awtoulag ýolunyň täze bölegi ulanmaga berildi. Ol energiýany tygşytlaýan tehnologiýalary ulanmak arkaly awtoulag hereketini kadalaşdyrýan we yşyklandyryş ulgamlary, elektron tablolar bilen üpjün edildi. Ýoluň ugrunda döwrebap bezegli awtobus duralgalary gurnaldy.

Durky täzelenen Oguzhan köçesiniň bir tarapynda edara binalary, beýleki tarapynda bolsa ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň buýurmalary boýunça gurlan belent ýaşaýyş jaýlary ýerleşýär. Paýtagtymyzyň beýleki ýaşaýyş jaý toplumlary ýaly, bu toplum hem özüne bilim we mekdep ýaşyna çenli ulgamlaryň desgalaryny — 600 orunlyk orta mekdepleriň ikisini hem-de her biri körpeleriň 160-syna niýetlenen çagalar baglarynyň ikisini, iň döwrebap lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edilen Saglyk öýüni birleşdirýär. Bu ýerde paýtagtymyzyň “Owadan” hyzmatlar öýüniň täze binasy hem guruldy.

Mundan başga-da, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa gatnawlary baş müdirliginiň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň we beýlekileriň işgärleri döwrebap edara binalarynda jaý toýlaryny tutdular.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy boýunça “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkezi guruldy. Onda azyk hem-de senagat harytlarynyň köp görnüşlerini hödürleýän ýöriteleşdirilen dükanlar, amatly kafeteri, oýun awtomatly we attraksionly çagalar meýdançasy hem-de dürli formatlarda filmler görkezilýän 45 orunlyk kinoteatr ýerleşýär.

Şäheri ösdürmegiň 14-nji nobatdakysynda hem has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş-medeni maksatly desgalaryň hem-de düzümleýin binalaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy. Parahat — 7 ýaşaýyş toplumy paýtagtymyzyň ägirt uly gurluşyk meýdançasy bolup durýar. Bu ýerde köp gatly ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, mekdepleriň we çagalar baglarynyň birnäçesi, Saglyk öýi hem-de beýleki durmuş maksatly desgalar ýerleşer. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň beýleki etraplarynda ýaşaýyş jaý toplumyny ösdürmek boýunça giň möçberli meýilnamalar amala aşyrylýar.

Aşgabady ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda häzirki zaman ölçeglerine hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän iri ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar. Taslamada 72 hem-de 48 öýli 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 18-sini gurmak göz öňünde tutulýar. Belent binalardan başga-da, üç we dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 16-sy, iki gatly kottejleriň 208-si, dükanlaryň 11-si gurlar. Paýtagtymyzyň günorta böleginde, “Aşgabat” köpugurly stadiona ýanaşyk çäkde az gatly binalary gurmak üçin ýer bölünip berildi.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň taslamasynyň çäklerinde beýleki durmuş maksatly desgalar, şol sanda 160 orunlyk çagalar bagy we 600 okuwça niýetlenen umumybilim berýän orta mekdep gurlar. Bu ýerde awtoulag ýollarynyň 13,6 kilometrden gowragynyň gurluşygyny dowam etmek göz öňünde tutuldy.

Şunuň bilen birlikde, şäheriň ulag-aragatnaşyk, inžener-tehniki we ugurdaş düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde eýýäm döwrebap ýollar, pyýadalar üçin niýetlenen ýanýodalar, ýerasty we ýerüsti geçelgeler, ýolagçy ulagy üçin niýetlenen duralgalar, köprüler hem-de ýol aýrytlary ulanylmaga berildi we häzirki wagtda hem şeýle desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam edýär.

Häzirki döwürde Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ruhubelentlik bilen taýýarlyk görülýändigini bellemelidiris. Bu halkara ähmiýetli ýaryşlar paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda geçiriler. Sport desgalarynyň bu ägirt uly toplumynda sebit we halkara derejesindäki iri ýaryşlary hem-de bäsleşikleri geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen birlikde, bu täsin şäherjik türkmen türgenleri hem-de ýokary hünärli türgenleri ýetişdirmek we sportuň dürli görnüşleri boýunça ýygyndy toparlary taýýarlamak üçin köpugurly türgenleşik merkezi bolmalydyr.

Olimpiýa şäherjigini gurmak we abadanlaşdyrmak boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Onuň desgalarynyň käbiri eýýäm guruldy we ulanylmaga berildi. Olaryň arasynda geçen ýyl açylan ajaýyp “Sport” hem-de “Olimpiýa” myhmanhana toplumlary bar. Ýeri gelende aýtsak, bu köpugurly sport toplumy eýýäm iri sport ýaryşlarynyň – halkara synag ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu ýylyň maý aýynda bu ýerde sambo boýunça Aziýanyň çempionaty, iýun aýynda bolsa türkmen göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionaty geçirildi.

Ekologiýa meselesi hem Aşgabady ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmen paýtagtynda täze desgalaryň gurluşygy we bar bolan binalaryň durkuny täzelemek işleri bilen birlikde, ýaşyl hem-de seýilgäh zolaklary döretmek we abadanlaşdyrmak boýunça hem işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň we onuň baş şäheriniň ekologiýa abadançylygy meselelerine aýratyn üns berip, ilatyň arasynda has amatly durmuş we estetiki gurşawy kemala getirmekde möhüm orun eýeleýän bag ekmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtaýar. Paýtagtymyzyň gözelligi bilen aýratyn sazlaşyk döredýän ýaşyl öwüsýän hem-de oňaýly seýilgähleri we seýilbaglary şäherlileriň höwes bilen dynç alýan ýerlerine öwrüldi.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän hem-de Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda okgunly ösýän Aşgabatda täze möhüm desgalaryň birnäçesi peýda boldy. Olaryň hatarynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli iri desgalaryň birnäçesi, şol sanda Morfologiýa merkezi, Halkara newrologiýa merkezi, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi hem-de Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkezi bar. Olaryň ählisi halkara güwänamalaryna mynasyp boldy. Olar Türkmenistanda binagärlik babatda ilata hyzmat ediş ulgamynda ösüşiň ýokary derejesini tassyklaýar.

Şunuň bilen baglylykda, şu toý ýylynda ýurdumyzyň sebitlerinde hem möhüm desgalaryň açylyş dabaralarynyň bolandygyny bellemelidiris. Munuň özi tutuş türkmen topragyny, hatda onuň iň alysdaky künjeklerini gurşap alan özgertmeleriň deňsiz-taýsyz geriminiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ulanylmaga berlen täze desgalaryň uly sanawynda Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi, Daşoguz welaýatyndaky Bagtyýar zaman obasy, Lebap welaýatyndaky ykdysady ulgama degişli desgalaryň birnäçesi hem-de Berkarar zaman obasy, Mary welaýatyndaky döwrebap Döwletli zaman şäherçesi, Mary şäherindäki “Bagtyýarlyk” seýilgähi hem-de ýaşaýyş jaýlary we desgalar bar. Şunuň bilen birlikde, durmuş maksatly täze desgalaryň birnäçesiniň — deňiz ýakasyndaky syýahatçylyk zolagynda guruljak “Awaza” şypahanasynyň, Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň, Daşoguzdaky we Türkmenabatdaky iri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Golaýda bolsa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana düzüminiň üsti “Ak ýelken” kottejler toplumy hem-de “Tolkun” kottejler toplumy hem-de ýaht-klub bilen ýetirildi. Şonda deňizýaka Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy olaryň buýrujysy bolup çykyş etdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň depginini has-da artdyrmakda görelde bolýan, gün-günden gözelleşýän Aşgabat şäheri Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň häzirki ajaýyp gününi we nurana geljegini aýdyňlyk bilen görkezýär. Ýurdumyzyň baş şäheri özboluşly bezegi we oňaýlylygy, binagärlik çözgüdi hem-de täsin desgalary bilen haýran galdyrýar. Paýtagtymyz okgunly ösýär we çäklerini giňeldýär. Ýakyn wagtda türkmen paýtagtynyň desgalarynyň üsti şanly baýramçylyk mynasybetli ulanylmaga beriljek täze ajaýyp binalar bilen ýetiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň ýagdaýy hem-de taýýarlyk derejesi bilen tanyşlygyň barşynda gurluşyk işleriniň hiline berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek belledi. Döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň, has amatly şäher gurşawyny döretmegiň Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy görkezijidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňdebaryjy binagärlik, inžener-tehniki we bezeg pikirlerini iş ýüzünde giňden ulanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Munuň özi gurulýan binalara we desgalara özboluşly öwüşgin çaýar.

Soňky ýyllarda paýtagtymyzda halkara derejesinde dürli köpçülikleýin çäreleriň we forumlaryň geçirilmegi netijesinde, Diýarymyza gelýän myhmanlaryň sanynyň artandygyny hem-de Aziada—2017-niň geçiriljekdigini nazarda tutup, ýurdumyzda hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi babatda zerur işler alnyp barylýar.

Şonuň üçin-de, gurulýan dürli maksatly binalarda täzeçil usullaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, amatly ýaşaýyş we döredijilikli zähmet üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi döwrüň baş talaby bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, şanly sene mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäreleriniň täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhuny hem-de şunuň bilen birlikde, milli medeniýetiň baýlygyny özünde jemlemelidigini, türkmen halkynyň bitewüliginiň we agzybirliginiň, ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerine hem-de wesýetlerine ygrarlylygynyň beýanyna öwrülmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz Garaşsyzlyk baýramynyň medeni maksatnamasy bilen tanşyp, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, baýramçylyk çäreleriniň, şol sanda dürli maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň türkmen toýuna mahsus ruhda guralmagy üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz toý dabaralarynyň medeni maksatnamasynyň üstünde oýlanyşykly hem-de talabalaýyk işlemegiň wajypdygyna Mejlisiň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekip, onda ýurdumyzyň ýeten derejesiniň we ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikleriň öz beýanyny tapmagy boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegiň ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiz baýramçylyk dabaralarynyň türkmenistanlylaryň hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynyň ýadynda müdimilik galmagy üçin eýýäm häzirden bu çäreleri guramak hem-de geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işlemegiň wajypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çäreleriniň ata Watanymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir ajaýyp sahypany ýazmalydygyny nygtady hem-de ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.